Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Stambuldaky reýdler, sorag edişlikler we işsizlik. Türkmen migrantlarynyň durmuşy nähili üýtgedi?

Stambuldaky reýdler, sorag edişlikler we işsizlik. Türkmen migrantlarynyň durmuşy nähili üýtgedi?

Müňlerçe türkmen raýaty soňky birnäçe aýyň içinde Türkiýeden Türkmenistana gaýdyp geldi. Olaryň bir topary uly kynçylyklar bilen ençeme gezek konsullyga ýüz tutmak, uzak wagtlap uçarlara garaşmak arkaly, öýlerine dolanmagy başaran bolsa, beýleki bölegi agyr çykdajylary çekip, Türkmenistanyň daşary uçar gatnawlaryny bölekleýin dikeltmeginden soň üçünji bir ýurduň üsti bilen öýlerine bardylar. Türkmenistanyň raýatlarynyň ýene bir bölegi bolsa, ýurtlaryň arasynda wiza düzgüniniň girizilmegi netijesinde deportasiýa edildi. Adam hukuklary boýunça "Türkmen Helsinki Fondy" (THF), türkmen raýatl arynyň öz ýurduna baransoň ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary barada habar berýär.

THF-nyň habaryna görä, watanyna gaýdyp barmak niýeti bolmadyk, emma Türkiýede bikanun galýan migrantlary saklamak boýunça geçirilen reýdleriň netijesinde Türkmenistana deportasiýa edilen türkmen migrantlary öz ýurdunda häkimiýetleriň gödek daramagyna we barlaglara sezewar bolýarlar. Welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň erkin hereket etmegi çäklendirilýär, olardan paýtagta barmak üçin ýörite rugsatnama talap edilýär.

"Garyndaşlary bilen duşuşygynyň ilkinji şatlygyndan soň olar şok bolýarlar" -diýlip, guramanyň maglumatynda aýdylýar.

THF habar berişlerine görä, raýatlar Türkmenistana gaýdyp gelenlerinden soň, olardan daşary ýurtly aktiwistler bilen aragatnaşyk saklap-saklamandygyny anyklamak üçin sorag geçirilýär. Şeýle-de olar iş tapmakda kynçylyk çekýärler.

"Türkmenistanda daşary ýurtlardaky ýaly iş mümkinçiligi ýok, hemme zat garyndaşparazlyk we para meselesi bilen çözülýär, internet we aragatnaşyk ýok diýen ýaly" - diýip, THF Ankaradaky bir türk restoranynda bäş ýyllap işlän türkmenistanlyny sitirleýär.

Şeýle-de, gurama ýönekeý iýmiti satyn almakdaky kynçylyklaryň-da hemmelerde nägilelik döredýändigini, köp dükanlarda "ýükli haryt" düzgüniň ýöredilýändigini we adam azyk satyn alanda geçmeýän harytlar üçin hem tölemeli bolýandygyny belleýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary hem migrantlaryň Türkmenistana gaýdyp gelenlerinde ýüz-be-ýüz bolýan kynçylyklary we agyr işsizlik barada habar berýärler. Olar işsizligiň giň möçberi we Türkmenistandaky ykdysady ýagdaýyň ýaramazlaşmagy sebäpli öňki işçi migrantlaruň iş we has gowy durmuş gözlemek üçin ýene-de watanyny terk etmek barada pikir edýändigini gürrüň berýärler.

Bu aralykda "Türkmen Helsinki Fondunyň" habaryna görä, Türkiýede bikanun migrantlary kesgitlemek boýunça reýdler dowam etdirilýär.

"17-nji oktýabrda biz türk häkimiýetleriniň daşary ýurtlularyň hasaba aldyran adresini beýan etmegiň zerurlygy barada bildiriş edendigini habar beripdik. Reýdleriň netijesinde daşary ýurtlularyň kanun esasda ýaşap-ýaşamaýandygyny anyklamak üçin ýüzlerçe ýaşaýyş jaýy barlandy. Şeýlelik-de, käbir maglumatlara görä, Stambulyň Zeýtinburnu etrabynda 500 töweregi jaý barlandy, käbir eýelerine ýaşaýyş jaýyny hasaba alynmadyk daşary ýurtlulara kireýine berendigi üçin jerime salyndy, ýüzlerçe daşary ýurtly tussag edildi we gijäniň ýarynda deportasiýa merkezlerine iberildi " diýip, THF habar berdi.

"Türkmen Helsinki Fondy" Stambulyň Aziýa böleginde ýaşaýan asly Maryly adamyň reýdiň netijesinde tussag edilen we deportasiýa edilen garyndaşynyň ýagdaýy barada habar berýär. “Meniň garyndaşym adaty işçi migrant, ýöne onuň pasportynyň möhleti dolansoň biz bilelikde baranymyzda konsullygymyzda pasportyny uzaltmakdan elmydama ýüz öwürdiler. Şol sebäpli ol Türkiýede ýaşamak üçin ygtyýarnamasyny täzeläp bilmedi. Ol reýd wagtynda tutuldy we deportasiýa edildi” diýip, gürrüň beren türkmenistanly häzirki wagtda Türkmenistana deportasiýa edilen garyndaşynyň başdan geçirýän ýagdaýlary sebäpli ruhdan düşendigini aýdýar.

"Görnüşi ýaly, oba adamlary kyn şertlerde ýaşaýarlar. Olar Türkiýeden garyndaşlary jaň edende, olary alada goýmajak bolup, elmydama hemme zadyň gowydygyny aýdýarlar. Aslynda garyplyk we işsizlik sebäpli zordan gün görýärler. Ol tanyşlyk üsti bilen pul töläp, ýurtdan çykmak üçin pasportyny täzeledi. Aşgabadyň aeroportunda ony sebäbini düşündirmän uçara goýbermediler. Ol gadagançylygyň näçe wagtlyk güýjinde saklanýandygyny soranda, oňa 'ömürlik' diýlip, jogap berildi", diýip, THF Marynyň ýaşaýjysynyň sözlerini sitirleýär.

Türkmenistanlylaryň Türkiýeden köpçülikleýin gaýtmagy bu ýurt türkmen raýatlary üçin wiza düzgünini girizenden soň başlandy. Wiza režimi türkmen hökümetiniň haýyşy boýunça sentýabryň ortalarynda girizildi.

Türkmenleriň iň köp ýaşaýan ýeri hasaplanýan Türkiýe, esasanam 15 ýyllap saklanan wizasyz gatnaw sebäpli türkmenler üçin iň meşhur ýere öwrülipdi.

Azatlyk Radiosy.

Iň soňky habarlar

Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana...
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar