Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Azatlyk Radiosy :Türkmen aktiwisti Dürsoltan Taganowa öz howpsuzlygyndan aladalanýar

Azatlyk Radiosy :Türkmen aktiwisti Dürsoltan Taganowa öz howpsuzlygyndan aladalanýar

BMG-niň howandarlygyndaky halkara gorag statusyna eýe bolan türkmen graždan aktiwisti Dürsoltan Taganowa soňky günlerde öz howpsuzlygyndan aladalanýandygyny Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Türkiýede ýaşaýan Dürsoltan Taganowanyň sözlerine görä, soňky günlerde şübheli ýagdaýlaryň birnäçesi bolupdyr. Aktiwist 12-nji sentýabrdan bäri özüne birnäçe gezek näbelli adamyň jaň edip, özüni polisiýa işgäri diýip tanadandygyny we polisiýa soraga çagyrylýandygyny habar berip, iş ýeriniň adresini talap edendigini aýtdy. Emma näbelli adam jaň edende her gezek bir-birine gapma garşy talaplar esasynda onuň soraga çagyrylýandygyny aýdypdyr.

"12-nji sentýabrda gije sagat 11-lere bir türkmenden jaň geldi. Özüni polisiýa işgäri diýip tanadan biri ýaşaýan şäherimiň polisiýa merkezine barmalydygymy duýdurdy. Bu meni geň galdyrdy, sebäbi mundan öň meniň üstümden Türkiýedäki türkmen ilçihanasy tarapyndan şikaýat edilip, polisiýa düşündriş bermek üçin çagyranlarynda öýüme kagyz görnüşinde çakylyk goýup gidýärdiler, emma bu gezek ýazmaça çagyryş haty bolmansoň, men muny jaň eden adama aýtdym. Ol 'üstüňizden şikaýat bar, biri şikaýat edipdir' diýdi. Şol bir adam ikinji gezek jaň etdi, emma bu gezek 'prokuroryň buýrugy bar, siz başga biriniň üstünden şikaýat edipsiňiz' diýýär we şonuň üçin polisiýa barmalydygymy aýdýar. Men hiç kimiň üstünden arza etmändim. Men onuň telefon nomerini ýazyp aldym we nirä barmalydygymy soradym, ol polisiýa bölüminiň bir işgäriniň adyny aýtdy" diýip, Dürsoltan Taganowa aýdýar.

Taganowanyň sözlerine görä, jaň eden adam onuň iş adresini bermegini talap edip, işleýän ýerine barjakdygyny aýdypdyr, emma aktiwist adresini bermekden ýüz öwrüpdir. Dürsoltan öz aklawçysynyň jaň eden adamyň agzan polisiýa bölümine ýüzlenip, agzalan işgäri sorandygyny gürrüň berdi. Netijede şeýle işgäriň bardygy, emma onuň ýagdaýdan habarsyzdygy we Dürsoltan Taganowa bilen bagly hiç hili şikaýatyň hasaba alynmandygy belli bolupdyr.

Türkiýede ýaşaýan Dürsoltan Taganowa tanymal graždan aktiwisti we adam hukuklaryny goraýjysy iki gezek 2020-nji we 2021-nji ýyllarda saklanypdy we deportasiýa edilmek çäginde bolupdy. Ol 2020-nji ýylda deportasiýa merkezine geçirilende, adam hukuklary boýunça 11 sany halkara topary türk häkimiýetlerini aktiwisti deportasiýa etmekden saklanmaga çagyrandan soň boşadylypdy.

2021-nji ýylda Taganowa özüniň türk migrasiýa gullugyna çagyrylanda, ol ýerde syýasy işlerini bes etmese, ýurtda galmakda kynçylyklaryň bolup biljekdigini duýdurandyklaryny žurnalistlere aýdypdy.

Birnäçe ýylyň dowamynda graždan aktiwistine ençeme gezek basyş görkezildi.

2021-nji ýylda Dürsoltan Taganowa BMG-niň howandarlygyndaky halkara gorag statusyna we Türkiýede kanun esasda ýaşamak mümkinçiligine eýe boldy.

Dürsoltan Taganowa soňky günlerde edilen jaňlar bilen bagly gümürtik ýagdaý türkmen raýatlarynyň birnäçesiniň Türkiýede dereksiz ýitirm bolmagynyň yzýanyna gabat geldi. Öz pikirini açyk beýan eden ýa-da türkmen hökümetini tankyt eden türkmenistanlylaryň birnäçesi Türkiýede ýitirim bolansoň, Türkmenistanda tussaglykda saklanýandygy mälim boldy.

Dürsoltan Taganowa Türkiýede zähmet çekýän türkmen raýatlarynyň hukuklarynyň bozulmagyna, türkmen migrantlarynyň kynçylyklaryna halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek we ýardam berilmegini gazanmak ugrunda aktiw iş alyp barýar.

2023-nji ýylyň mart aýynda Taganowa Türkiýede täze hasaba alnan türkmen jemgyýetçilik guramasyna ýolbaşçy belendi. Gurama Türkiýede we Türkmenistanda türkmen raýatlarynyň hukuklarynyň berjaý edilişine syn etmek, awtoritar türkmen režimi tarapyndan yzarlanan we hukuklary bozulan adamlary goramak maksadyny öz öňünde goýýar. Täze türkmen guramasy Türkiýede hökümete degişli bolmadyk birnäçe abraýly gurama tarapyndan goldanýar.

Türkiýede soňky ýylda ýitirim bolanlaryň arasynda diňe bir türkmen raýatlary bolman, eýse Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň hem birnäçe aktiwisti bar.

Şu ýylyň başynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşinde diňlenen Günorta Kaliforniýa uniwersitetiniň adam hukuklary boýunça topary we Wenada ýerleşýän "Ýewraziýa üçin azatlyk" guramasy tarapyndan taýýarlanan hasabatda Türkiýe türkmen syýasy aktiwistleri we adam hukuklaryny goraýjylar üçin "gitdigiçe howply ýer" diýip atlandyryldy.

Hasabatda türkmenleriň "Aşgabat bilen Ankaranyň gözegçiligi we gitdigiçe artýan ýol çäklendirmeleri, kemsidilmeler we beýleki zorluk-sütemler" bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy bellendi.

Türkiýäniň Migrasiýa Gullugynyň resmi sanlaryna görä, ýurtda Türkmenistanyň 220 müň çemesi raýaty kanuny esasda ýaşaýar. Garaşsyz çeşmelere görä, Türkiýede bikanun galýan türkmen migrantlarynyň sany birnäçe esse köp.

Iň soňky habarlar

"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...
Türkmenler üçin kapas.
Türkmenler üçin kapas.
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi