Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Täçmyrat Bekiýew Sankt-Peterburgdaky deportasiýa merkezinden boşadyldy.

Täçmyrat Bekiýew Sankt-Peterburgdaky deportasiýa merkezinden boşadyldy.

4-nji iýunda gaçybatalga gözleýän Türkmenistanly Täçmyrat Bekiýew Sankt-Peterburgdaky deportasiýa merkezinden kazyýet karary bilen boşadyldy. Bu barada Bekiýewiň tanyşlary habar berdiler.

Ýatladýarys, ol 2015-nji ýyldan bäri dini sebäplere görä Türkmenistanda gözlenýärdi. 2023-nji ýylyň 16-njy martynda Bekiýew Sankt-Peterburgda tussag edildi. Ilkibaşda migrasiýa kanunlaryny bozmakda aýyplandy, ýöne iki hepde soň türkmen häkimiýetleri ony "ekstremist" diýip yglan edip, oňa garşy gaýybana has çynlakaý aýyplama bildirdi. Ondan soň Russiýa Federasiýasynyň Baş prokuraturasy ekstradisiýa barlagyna başlady. Tutulan adamyň özi Russiýa Federasiýasynda gaçybatalga sorady.

Çeşmelere görä, bir ýyldan soň barlag tamamlanmandyr we hiç hili karar berilmändir. 2024-nji ýylyň maý aýynda Bekiýewiň tussaglykdan öňki tussaghanadan Sankt-Peterburgyň Krasnoýe Selo şäherindäki ЦВСИГ-1 (deportasiýa merkezine) geçirilendigi barada maglumat gelip gowuşdy.

2024-nji ýylyň 4-nji iýunynda kazyýet Russiýada gaçybatalga bermek baradaky arzasyna garamak işiniň doly tamamlanmandygy sebäpli Türkmenistana deportasiýa edilip bilinmejekdigini göz öňünde tutup, şeýle hem şahsyýet resminamalarynyň entek dikeldilmändigi üçin ony boşatmak kararyna geldi.

Şol jenaýat iş boýunça Türkmenistanda gözlenýän Täçmyradyň dogany- Aşyrbaý Bekiýew 2023-nji ýylyň awgust aýynda migrasiýa kanunlaryny (möhleti geçen pasport) bozandygy sebäpli Sankt-Peterburgdan Türkmenistana deportasiýa edildi we oktýabr aýynda 23 ýyl azatlykdan mahrum edildi, adam hukuklaryny goraýjylar aýyplamalary galp hasaplaýarlar. Aşyrbaý Bekiýew ozal Russiýada gaçybatalga sorapdy, ýöne ähli arzalary ret edildi. 2017-nji ýylda Aşyrbaý Bekiýew şol bir iş bilen baglanyşykly tussag edilenden soň, AHÝK-nyň karary bilen Sankt-Peterburgdaky deslapky tussaghanadan boşadyldy.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy

Iň soňky habarlar

Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana...
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar