Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmenistandan gaçybatalga gözleýänleriň dykgatyna.

Türkmenistandan gaçybatalga gözleýänleriň dykgatyna.

Türkmenistandan gaçybatalga gözleýänleriň dykgatyna.

THF-nyň Türkmenistanda we daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyzyň hukuklaryna hormat bilen gözegçilik edýändigini ýatladýarys. Maglumatlarymyz, netijelerimiz we tekliplerimiz köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilýär we halkara guramalarynyň, şol sanda adam hukuklary guramalarynyň hasabatlarynda we maglumatlarynda ulanylýar, bu has köp türkmenistanlylara we halkara jemgyýetçiligine Türkmenistandaky hakyky ýagdaýy öwrenmäge kömek edýär.

THF adam hukuklarynyň bozulmagynyndan ejir çekenlere maslahat ýa-da halkara kazyýet işlerine gatnaşmak arkaly hukuk kömegi berýär. Raýat jemgyýetini giňeltmek maksady bilen, pidalara adam hukuklary ugrunda bilim berýär, Türkmenistanyň raýatlarynyň arasynda adam hukuklary maksatlarynyň ýaýramagy bilen baglanyşykly wideo söhbetdeşlikleri, seminarlary we beýleki jemgyýetçilik çärelerini gurnaýar.

Soňky ýyllarda türkmen raýatlary köpçülükleyin daşary ýurda gidip başladylar. Olaryň arasynda gaçybatalga soraýanlar hem bar. THF, olara giden ýurdunuň degişli gurluşlaryndan kömek soramagy maslahat berýär. Bu ýurtlarda ýagdaýy gowy bilýän, ýerli kanunlary we düzgünleri bilýän tejribeli hünärmenler hem-de size hemmetaraplaýyn kömek berip biljek jemgyýetçilik guramalary köp. Meseläňizi üstünlikli çözmek üçin, olaryň tekliplerini wagtynda ýerine ýetirmäge synanyşyň we interneti şahsy maksatlar üçin ulanýan sowatsyz türkmen populistleriniň ýolu bilen gitmäň. Internet hüjümlerini ulanmagy goşmak bilen, hiç zatdan habarsyz diňleýjilerden bal gazanmaga synanyşýarlar.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

Параллельная конференция гражданского общества ОБСЕ 2023 г. в Северной Македонии, г. Скопье
Параллельная конференция гражданского общества ОБСЕ 2023 г. в Северной Македонии, г. Скопье
Azatlyk Radiosy   „Belli hukuk goraýjy Täjigül Begmedowa Türkiýeden deport edildi“
Azatlyk Radiosy „Belli hukuk goraýjy Täjigül Begmedowa Türkiýeden deport edildi“
YNSAN HAKLARYNY GORAÝJY TÄJIGÜL BEGMEDOWA TÜRKIÝEDEN DEPORT EDILDI. OŇA 5 ÝYL TÜRKIÝÄ GIRIŞI GADAGAN.
YNSAN HAKLARYNY GORAÝJY TÄJIGÜL BEGMEDOWA TÜRKIÝEDEN DEPORT EDILDI. OŇA 5 ÝYL TÜRKIÝÄ GIRIŞI...
Türkmenistanyň gümrükhanasy nämä "rugsat" berýär?/На что дает "добро" туркменская таможня.
Türkmenistanyň gümrükhanasy nämä "rugsat" berýär?/На что дает "добро" туркменская таможня.
 Azatlyk Radiosy  “Meni sem edip bilmezler”: Türkmen žurnalisti Ýewropa goýberilmezliginden soň
Azatlyk Radiosy “Meni sem edip bilmezler”: Türkmen žurnalisti Ýewropa goýberilmezliginden soň