Adam Hukuklary boýunça Ewropaň Kazyýeti Türkmenistana ekstradisiýa edilmegi Konwensiýanyň bozulmagy diýip atlandyrýar.
Memorialyň aklawçysy indi Türkmenistanda doglan Aşyrbaý Bekiýew Russiýada gaçybatalga berler diýp umid edýar.
6-njy iýulda Adam Hukuklary boýunça Ewropaň Kazyýeti 1973-nji ýylda Türkmenistanda doglan Sankt-Peterburgyň ýaşaýjysy Aşyrbaý Bekiýew işi boýunça karar çykardy. Adam Hukuklary boýunça Ewropaň Kazyýeti günäkärlenýän Aşyrbaý Bekiýewi ekstremist makalalar bilen Türkmenistana ekstradisiýa etmek, oňa erbet garalmak howpuny döreder, ýagny Adamy goramak konwensiýasynyň 3-nji maddasyny (gynamalary gadagan etmek) bozar diýip karar çykardy. Kazyýetde biziň watandaşymyzyň wekili hökmünde “Memorialyň” aklawçysy Olga Tseitlina iş alyp bardy.
Ýurdynda watandaşymyz dini ekstremizmde we ekstremist hereketlerde günäkärlenýär. 2016-njy ýylyň 23-nji maýynda halkara gözlenýän sanawyna girizilendigi sebäpli Russiýada tussag edildi. Türkmenistan onuň ekstradisiýa edilmegini isledi. 26-njy dekabrda Russiýa Federasiýasynyň Baş prokuraturasy ekstradisiýa edilmegine ygtyýar berdi. Aşyrbaý Bekiýewaklawçynyň goldawy bilen bu karara şikaýat etdi, ýöne 2017-nji ýylyň 17-nji maýynda Ýokary Kazyýet şikaýaty ret etdi. Şol bir wagtyň özünde, kazylaryň biri watandaşymyz ekstradisiýa edilseÝurdynda zulum edilmek töwekgelçiligi bar diýip başgaça pikir aýtdy. Ýone, bu kazy azlykda bolansoň, ekstradisiýa buýrugy güýje girdi.
Aşyrbaý Bekiýewyň aklawçysybu adama bosgun statusyny ýa-da Russiýada wagtlaýyn gaçybatalga berilmegini isledi, ýöne netije bolmady.
Günäkärlenýäniň gynamalar üçin ekstradisiýa edilmeginiň öňüni almak üçin aklawçy 39-njy düzgüne ýüz tutdy, Adam Hukuklary boýunça Ewropaň Kazyýeti öňüni alyş çäreleri gördi we 2021-nji ýylyň 6-njy iýulynda şikaýat barada karar çykardy.
Mundan ozal Adam Hukuklary boýunça Ewropaň Kazyýeti Türkmenistanda kazyýet jogapkärçiligine çekilýän adamlaryň tussaglykda saklanmak howpy abanýandygyny aýtdy. Halkara hasabatlar ýagdaýyň gowulaşmandygyny görkezýär.
Adam Hukuklary boýunça Ewropaň Kazyýeti, rus häkimiýetleriniň özlerinde watandaşymyzyň Türkmenistana barsa erbet garalmagyň hakyky töwekgelçiligini görkezýän esasly şikaýatynyň bardygyny, ýöne ony düýpli öwrenmändigini we talaplaryna ýeterlik baha berip bilmeýändigini aýtdy.
Kazyýet, watandaşymyz Türkmenistana ekstradisiýa edilse, konwensiýanyň 3-nji maddasy bozular diýen karara geldi.
Aklawçy Olga Tseitlina: " Adam Hukuklary boýunça Ewropaň Kazyýetiň kararyndan soň arza berijä Russiýada gaçybatalga berler,ol alnyp gaçylmaz ýa-da ýurtdan çykarylmaz diýip umyt edýärin" -diýdi. Adam Hukuklary boýunça Ewropaň Kazyýeti, häkimiýetleriň şikaýatçynyň gynamalar baradaky aýyplamalaryny seljermegi olaryň jogapkärçiligi bolsada ony seljermeýändigini ýene-de bir gezek nygtady."
Migrasiýa we hukuk ulgamynyň başlygy Swetlana Gannuşkina bosgunlaryň gelip çykan ýurtlary barada migrasiýa edaralarynyň we Adalat ministrliginiň Türkmenistandaky hakyky ýagdaý we halkara guramalaryň adam hukuklary barada habarlary bilen tanyş däldiklerine geň galdy – diýp Moskwada ýerleşýan “Memorial” guramasy maglumat ýaýratdy.
Ynsan hukuklary barada Türkmen Helsinki Fondy.