Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmenistan: Türmelerde pnewmoniýa sebäpli 237 adam öldi.

Türkmenistan: Türmelerde pnewmoniýa sebäpli 237 adam öldi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda koronawirus bilen kesellänleriň ýokdugyny öňe sürmegi dowam edýärler. ACCA žurnalistleri Türkmenistandaky türmelerdäki COVID-19 ýagdaýy bilen baglanyşykly derňew geçirdiler. ACCA redaktorlary bu maglumatlary ýygnamaga kömek eden Türkmenistanyň ähli raýatlaryna çuňňur minnetdarlyk bildirýärler.

Türkmenistanyň tutuş penitensiar ulgamy juda erbet ýagdaýda. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň jezalary ýerine ýetirmek bölüminde lukman ýok. Ähli koloniýalarda tussaglar zerur bolan durmuş zerurlykly zatlary özleri özüni üpjün edýär. Ammarlarda bar bolan azyk, derman, eşik, aýakgap, ýorgan-ýassygyň daşyna geçirilýän daşlyklary, düşek, koloniýanyň işgärleri tarapyndan tussaglara satylýar.

Her koloniýada inçekesel bilen kesellänler üçin ýöriteleşdirilen otaglar (inçekesel kazarmalary) bar, ýöne olaryň hemmesini koloniýalaryň administrasiýasy gurply tussaglar üçin tölegli otaglara öwürdi. Inçekesel bilen kesellänler sagdyn adamlar bilen bir otagda bolmaga mejbur bolýarlar. Koloniýalardaky lukmançylyk bölümleri hem tölegli jaýlara öwrüldi. Koloniýalaryň ýolbaşçylary özlerine ynanylan binalardan mümkin boldugyça ýokary girdeji almaga synanyşýarlar. Gözegçilik prokurorlary düýbünden korrumpirlenen we belli bir möçberdäki para üçin administratiw düzgün bozmalara we koloniýalaryň ýolbaşçylary tarapyndan edilen jenaýatlara göz ýumýarlar. Tussaglaryň garyndaşlary tarapyndan berlen ýokary hilli we gymmat bahaly dermanlar, bu serişdeleri ulanmagy gadagandygy bahanasy bilen türme işgärleri tarapyndan konfiskasiýa edilýär we şol dermanlar koloniýalaryň içinde tussaglaryň özlerine satylýar.

Häzirki wagtda ähli koloniýalarda, kadadan çykma bolmazdan, adam köp we käbir tussaglar daşarda asfaltda ýatmaly bolýarlar.

Ölenleriň jesetleri esasan gije zibil ulaglarynda çykarylýar. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylygyna ýakyn ACCA çeşmesi koronawirus ýokançlygynyň esasy çeşmesiniň ýurduň penitensiar ulgamynyň iki edarasynda birbada kesgitlenendigini aýtdy. COVID-19 ýaýramagynyň ilkinji köpçülikleýin sebäpkäri Marydaky MR-B / 15 ýörite hassahanasydyr. Operasiýa bölüminde işleýän bu ýörite hassahananyň işgärlerinden biri, fewral aýynyň başynda Mary velayat şäheriniň Ýolöten şäherinde geçirilen toýa gatnaşdy. Görnüşi ýaly, toýa birnäçe myhman gatnaşdy - Mary welaýatda işleýän hytaý kompaniýalarynyň biriniň işgärleri hem bardy. Olaryň biri agyr üsgürýärdi, soň bolsa oňa pnewmoniýanyň geň görnüşi diagnozy goýuldy (COVID-19). Ofiseriň özi kesel rugsady berilmänsoň, iş ýerinde syrkawlyk döwrüni geçirmeli boldy. Häzirki wagtda ýörite keselhanada birnäçe kesel ýokaşan lukmanlar hem işleýär.

Yokanç hassalygyň ýaýramagynyň ikinji sebäpkäri Aşgabadyň golaýynda ýerleşýän Ýaşlyk tussaghanasydyr. Ýokanç keseliň kimden ýaýrap başlanyny anyklap bolmady.

Türkmenistanyň ýapyk edaralarynda ýagdaý, şol sanda pnewmoniýadan ölenleriň sany barada maglumatlar bar. ACCA žurnalistleri bu maglumatlary soňky 2 aýda ýygnamagy başardylar. Elbetde, bu pnewmoniýadan ölenleriň maglumatydoly däl, hakykatda ölüm sany has ýokary. Şu ýylyň 16-njy maýynda geçirilen iň soňky günä geçiş wagtynda 1,402 tussag boşadyldy, olaryň 50% -den gowragy ýokanç kesel bilen kesellän adamlar. ACCA-nyň Türkmenistan hökümetine ýakyn bir çeşmesiniň aýtmagyna görä hökümetiň günä geçiş aktyny ýatyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşandygy, emma prezidentiň dünýä derejesinde abraýy Türkmenistan raýatlarynyň saglygy we howpsuzlygyndan has ýokarydygy aýdylýar.

Daşoguz welaýaty:

1) Daşoguz şäherindäki DZ-K/8 Aýallar koloniýasy: 1000 adam üçin niýetlenen, takmynan 2000 adamy öz içine alýar, 1 inedördül metre dykyzlyga1 tussag. Pnewmoniýadan ölenleriň sany - 8.

2) Daşoguz şäheriniň daşyndaky DZ-D/7 derňew izolýatory; 250 adam üçin niýetlenen, 700 adamy öz içine alýar, dykyzlygy - adam başyna 0,71 kw/m. COVID-19-dan ölenler barada maglumat ýok.

Lebap welaýaty:

3. LB-K/10 Türkmenabatdaky berk režim koloniýasy; 450 adam üçin niýetlenen, 1120 adamy öz içine alýar, dykyzlygy adam başyna 0,8 kw/m. Pnewmoniýadan ölenleriň sany - 11.

4.

LB-K/11 Seýdi şäherindäki berk režim koloniýasy; 700 adam üçin niýetlenen, 2700 adamy öz içine alýar, dykyzlygy - adam başyna 0,51kw/m. Pnewmoniýadan ölenleriň sany - 19.

5. LB-K/12 Seýdi şäherindäki umumy režim koloniýasy; 850 adam üçin niýetlenen, 3700 adamy öz içine alýar, dykyzlygy - adam başyna 0,45 kw/m. Pnewmoniýadan ölenleriň sany - 24.

6. Karadamak şäherçesiniň LB-P/21 LTP 200 adama niýetlenen, 310 adamy öz içine alýar, dykyzlygy - adam başyna 1,29 kw/m. Pnewmoniýadan ölenler barada maglumat ýok.

Mary welaýaty:

7) MR-B/15 Merkezi türme ýörite hassahanasy, Mary şäheri (Mary-GRES); 550 adam üçin niýetlenen: ýönekeý hassalar üçin 200 we tikenek simli diwar bilen gurşalan 4 binanyň 350 adamlyk inçekesel bölümi. Onda 1150 näsag bar, dykyzlygy adam başyna 0,95 kw/m. Pnewmoniýadan ölenleriň sany - 39.

Ýörite hassahanada bejeriş bölümi ýokanç keseller bölümine üýtgedildi. Pnewmoniýa bilen kesellän näsaglar inçekesel bölüminiň birinji binasyna iberilýär, bu ýerde inçekeseliň açyk görnüşi bolan agyr hassalar bejerilýär. Ilkinji korpusa - ölüm jezasyna höküm edilenleriň korpusy diýip hem atlandyrýarlar. Keselhana indi iki aý bäri bejeriş keselleri bolan näsaglary kabul etmeýär. Aşgazan ýarasy, pankreatit, aşgazan-içege ulgamy, nekroz we bagryň sirrozy bolan näsaglar koloniýalarda bejerilmelidir. Ýörite hassahanada bary-ýogy iki ÖÝKENE EMELI HOWA GEÇIRIJI (АППАРАТ ДЛЯ ИСКУССТВЕННОЙ ВЕНТИЛЯЦИИ ЛЁГКИХ) enjamy bar we olar diňe hirurgiýa bölüminde çylşyrymly operasiýa edilen agyr hassalar üçin ulanylýar. Bejergi üçin derman ýok, hassalaryň garyndaşlary dermanlary ofiserleriň üsti bilen geçirip bilýärler, ýöne baryp görmek berk ýagdaýda gadagan edilýär.

Lukmanlar birnäçe gün işleýärler we gijeleri iş ýerinde geçirýärler, hünärmenler ýeterlik däl we bu işe öňki narkomanlary çekýärler. Olar aňsatlyk bilen damara sanjym edip bilýärler. Ýörite hassahanada ulanylýan enjamlar diňe bir tehniki taýdan däl, eýsem moral taýdanam köneldi, örtülen birnäçe täze enjam bar, bu duýdansyz barlag gelen ýagdaýda görkezmek üçin. Soňky 2 ýylda derman we azyk üpjünçiligi ep-esli ýaramazlaşdy. Ýöne gowy tarapy hem bar, her aý ýörite hassahanada kesellere 100 gram agramly sabyn we bir tübik türk diş pastasy berilýär. Şeýle hem lukmanlar Russiýada satyn alnan wirusa garşy dermanlaryň ýakyn wagtda gelmelidigine ynandyrýarlar.

8) MR-K/16 Baýramaly berk režim koloniýasy; 1000 adam üçin niýetlenen, 3600 adamy öz içine alýar, dykyzlygy adam başyna 0,55 kw/m. Pnewmoniýadan ölenlerň sany - 29.

9) MR-K/17 Mary şäheriniň koloniýa şäherçesi; 200 adam üçin niýetlenen, 820 adamy öz içine alýar, dykyzlygy - adam başyna 0,48 kw/m. Pnewmoniýadan ölenleriň sany - 14.

10) Baýramalyda ýetginjekler üçin MR-K/18 koloniýasy; 800 adam üçin niýetlenen, 2400 adamy öz içine alýar, dykyzlygy bir çaga üçin 0,66 kw/m. Pnewmoniýadan ölenler - 13, çagalaryň köpüsi 16 ýaşa ýetmedik.

11) Maryda MR-D/14 DERŇEW IZOLÝATORY; 250 adam üçin niýetlenen, 710 adamy öz içine alýar, dykyzlygy - adam başyna 0,70 kw/m. Pnewmoniýadan ölüm barada maglumat ýok.

Ahal welayat:

12) Owadan-Depe türme toplumy 1) Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň DERŇEW IZOLÝATORY, 2) AH-T/2 türmesi we AH-K/3 türmesi berk DÜZGÜN или REŽIM (?). Bütin toplum 1250 adam üçin niýetlenendir, 4000 adamy öz içine alýar, dykyzlygy adam başyna 0,62 kw/m. Pnewmoniýadan ölenleriň sany - 12.

13) AG-D/1 DERŇEW IZOLÝATORY Ýaşlyk şäherçesi; 300 adam üçin niýetlenen, 680 adamy öz içine alýar, dykyzlygy - adam başyna 0,88 kw/m. Pnewmoniýadan ölenleriň sany barada maglumat ýok.

14) AH-K/6 Tejen şäheriniň ýörite režim koloniýasy; 800 adam üçin niýetlenen, 2650 adamy öz içine alýar, dykyzlygy - adam başyna 0,60 kw/m. Pnewmoniýadan ölenleriň sany - 19.

15) AH-P/4 LTP Tejen şäheri; 200 adam üçin niýetlenen, 430 adamy öz içine alýar, dykyzlygy - adam başyna 0,93 kw/m. Pnewmoniýadan ölenleriň sany barada maglumat ýok.

Balkan welaýaty:

15) BL-P/22 LTP Bekdaş şäheri; 200 adam üçin niýetlenen, 260 adamy öz içine alýar, dykyzlygy - adam başyna 1,53 kw/m. Pnewmoniýadan ölenleriň sany - 4.

16) Türkmenbaşy şäherindäki BL-D/5 DERŇEW IZOLÝATORY; 200 adam üçin niýetlenen, 470 adamy öz içine alýar, dykyzlygy - adam başyna 0,85 kw/m. Pnewmoniýadan ölenleriň sany - 15.

17) Balkanabat şäherindäki BL-D/9 DERŇEW IZOLÝATORY; 200 adam üçin niýetlenen, 610 adamy öz içine alýar, dykyzlygy - adam başyna 0,65 kw/m. Pnewmoniýadan ölenleriň sany - 22.

18) BL-K/4 Türkmenistanda Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň öňki işgärleri üçin ýöriteleşdirilen koloniýa; 650 adam üçin niýetlenen, 1550 adamy öz içine alýar, dykyzlygy adam başyna 0,83 kw/m. Pnewmoniýadan ölenleriň sany - 8.

19) BL-H harby düzgün-nyzam batalýony; 800 adam üçin niýetlenen, 1400 adamy öz içine alýar, dykyzlygy adam başyna 1,14 kw/m. Pnewmoniýadan ölenleriň sany barada maglumat ýok.

acca.media

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Türkmenler üçin kapas.
Türkmenler üçin kapas.
Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat
Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat
 Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary
Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary