THF ozal Ankaradan Edirne we Kyrklareli deportasiýa merkezlerine geçirilen türkmen blogçylaryny tussag etmegiň şertlerini anyklady. Şeýle hem, 22-nji maýda Abdullah Orusowyň Kirklareli deportasiýa merkeziniň başlygynyň ýanyna çagyrylandygy we ýene-de Türkmenistana deportasiýa edilmegi üçin meýletin razyçylyga gol çekmek üçin talap edilendigi mälim boldy. "Olar munuň Ankaranyň talabydygyny aýtdylar, men oňa gol çekmedim"- diýip, A.Orusow telefonda habar berdi.
Eýýäm iki hepde bäri Abdylla döşüniň çep tarapyndaky agyrydan zeýrenýär. Lukman tarapyndan barlandy we özüne ýazylyp berlen dermanlar berildi. Tutulmagyň we iýmitiň şertleri barada başga hiç hili arz-şikaýaty ýok.
Alişer Sahatow Edirne deportasiýa merkezine geçirilenden soň dümewiň erbet keselinden ejir çekdi, birnäçe günläp gyzzyrdy, derman içdi we häzirki wagtda kanagatlanarly ýagdaýda. Onuň sözlerine görä, tussag edilmegiň we iýmitlenmegiň şertleri adaty we işgärleriň garaýşy Ankaradaky deportasiýa merkezine garanyňda has gowy. "Men ruhdan düşemok..." -diýip, ol telefonda habar berdi.
Edirne deportasiýa merkezine gelenlere günortanlyk nahardan öň we soň (jemi 6 sagat) arassa howada gezelenç etmäge rugsat berilýär. Galan wagtlary gulply gapylaryň içinde bolýarlar.
Sahatowyň we Orusowyň tussag edilenden soň derrew şikaýat eden aklawçysynyň haýal etmän deportasiýa edilmegini togtadandygyny we kazyýet işine başlandygyny ýatladýarys. Aklawçynyň pikiriçe, tomus dynç alyşlary göz öňünde tutup, bu amal birnäçe aý dowam eder.
Tussag edilenden soň, blogçylaryň aklawçysy tussaglara kazyýet işine erkinlikde garaşmagyna mümkinçilik berýän öňüni alyş çäresini üýtgetmek barada haýyş bilen ýüz tutdy. Şeýle-de bolsa, Kirklareli we Edirne şäherleriniň kazyýetleri aklawçynyň haýyşyny ret etdi.
Habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, 5-nji maýda aktiwistlere bosgun statusynyň inkär edilendigi barada resmi habar berildi.
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.