Fransiýa "Azatlyk" we "Erkin Ýewropa" radiostansiýalarynyň işgäri Ogulsapar Myradowanyň türkmen türmesinde ölen ýagdaýlary barada aç-açan derňew geçirmegi talap edýär we bu iş barada Ýewropa Bileleşiginiň we Ýewropadaky Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk Guramasynyň guramalarynda ara alyp maslahatlaşmaga başlaýar. Bu barada Fransiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Žan-Baptiste Mattei şu gün metbugat ýygnagynda habar berdi.
Mattei: "Biz Türkmenistany adam hukuklaryny, ilkinji nobatda söz azatlygy we metbugat azatlygy bilen baglanyşykly borçlaryny ýerine ýetirmäge çagyrýarys" -diýdi. Ol alty ýyl azatlykdan mahrum edilmegine sebäp bolan kazyýet işinde Myradowanyň "raýat hukuklarynyň çynlakaý bozulandygyny" aýdýar.
Aleksandr Artemýew.
ITAR-TASS