2025-nji ýylyň 29-njy iýulynda Alişer Sahatowyň ýanýoldaşy Güllala Hasanowa iki türkmen blogçysynyň – Alişer Sahadowyň we Abdulla Orusowyň – ýitirim bolmagy bilen baglylykda Sinop şäheriniň prokuraturasyna resmi arza berdi.
Blogçylaryň aklawçysy Türkiýäniň Prezidentiniň Administrasiýasyna iki türkmen raýatynyň – Alişer Sahatowyň we Abdulla Orusowyň – ýitirim bolmagy bilen bagly resmi ýüzlenme bilen ýüz tutdy.
Daşary ýurt neşiri turkmen.news-iň 2025-nji ýylyň 28-nji iýulynda irden beren maglumatyna görä, iki türkmen blogçysy şol gün Türkmenistanyň çägine ekstradisiýa edilipdir. Neşir: "Bu maglumaty häzirki wagtda takyklaşdyrmak mümkin däl" diýip belläp geçýär.
Şol bir wagtda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýaşaýan türkmen aktiwisti Talyp Abbasowyň beren maglumatyna görä, iki türkmen blogçysy henizem Türkiýäniň çäginde ýerleşýär.
Türkmen Helsinki adam hukuklary gaznasy