Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Ynsan hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondynyñ «Türkmen-ýurt» kanalynyñ ýaýynyna beýannamasy.

Ynsan hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondynyñ «Türkmen-ýurt» kanalynyñ ýaýynyna beýannamasy.

Ynsan hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondynyñ «Türkmen-ýurt» kanalynyñ ýaýynyna beýannamasy.

2021-nji ýylyn 5-nji fewralynda «Türkmen-ýurt» kanaly ynsan hukuklary boyunça Türkmen Helsinki Fondynyñ ýolbaşçysy Täjigül Begmedowany kemsidiji hüjümler bilen wideo ýaýynlady.

«Türkmen-ýurt» kanaly mundan birnäçe ýyl öñ Geldi Kärizow we aýaly Ýuliýa Serebrýannik tarapyndan açyldy.

Gynansakda, bu sagdyn bolmadyk şahsy ambisiýalaryna esaslanan syýasy-emigrant jübütiň Türkmenistanda ynsan hukuklary we demokratiýa ugrunda göreşýänleriñ köpüsine hapa ýöñkemek bilen abraýdan düşürmek ugrunda edýän ilkinji synanyşyklary däl. Bularyñ hüjüminden ejir çeken adamlaryñ sany edil hamyr-maýasy ýaly artýar. Olaryň arasynda Halkara hukuk goraýjylardan (hut şolaryñ kömegi bilen bu maşgala syýasy yzarlanmalardan janyny gutaryp, Günbatara čykmak başartdy) tä syyasy yzarlanmalaryň pidalarynyñ hossarlaryna çenli we belli şahsyýetler Nurmuhammet Hanamow, Şyhmyradowyň maşgalasy, Dürsoltan Taganowa we beýlekiler bar. Hatda, bu jübüt ÝHHG-niñ (ОБСЕ-niň) 2019-ýylda Warşawada geçiren forumynda hem şol maksatlaryny amala aşyrmaga synanyšdylar.

Gybatlar, äsgermezçilikler, bilgeşleýin töhmetler, faktlary ýoýup, öz peýdasyna ulanmak arkaly türkmen aktiwistlerine hüjüm etmek «Türkmen-ýurt» kanalynyñ esasy maksadyna öwrüldi. Dilde õzlerini hukuk goraýjylar hökminde görkezjek bolýan bu adamlaryñ hereketi diñe bir ahlak kadalaryndan çykmak däl-de, ol Berdimuhamedowyñ diktator režimine garşy göreşýän türkmen demokratik hereketine agyr zarba bolup durýar.

Biziñ pikirimizçe, Türkmen reźiminiñ garşysyna göreşýän tankytčylaryñ arasyndaky düşünişmezlikler diñe özara sylaşykly gepleşikler arkaly çözülmelidir. «Türkmen-ýurt» kanalyny esaslandyryjylaryň “il aýbyny paş ediji” we “ýokary kazyýet” hökmünde čykyš edip, bildirýän närzalyklary ýerliksizdir.

Gynansagam, olara edilen konstruktiw teklipler, şol sanda biziñ guramamyzyň teklipleri ret edilýär. Bizi Kärizowlaryñ “hukuk goraýjy maslahatlaryna” eýerip, birnäçe türkmenleriň agyr ýagdaýlara düşmegi uly alada goýýar.

Ýogsa, 2015-ýylda G.Kärizowa Türkmenistandan çykmaga rugsat berilende, onuñ Türkmenleriñ arasynda abraýy bardy. Adamlaryň köpüsi olaryñ pikirlerine eýerýärdi, özara hyzmatdaşlyk teklipleri ýa-da kömek soraýardylar.

Emma, gynansagam Kärizowlar olaryñ tagallaryna mynasyp we olary jebisleşdirmäge ukypsyz bolup çykdylar. Hatda, olar syýasy yzarlanmalardan ejir çekenlerden gelen juda gymmatly we ummasyz maglumatlary ýerlikli ulanmagy başarmadylar.

Olar esasy ünsüni ownuk-ušak dawa-jenjellere we boş pikir ýöretmelere gönükdirendigi üčin köpçülilkden barha çetleşýärler. Görnüşi ýaly, ýakyn döwürde «Türkmen-ýurt» kanaly bilen hyzmatdašlyk islän adamlara ahyrynda hapa ýöñkeldi.

Biziñ pikirimizçe, Kärizow-Serebrýannik jübüti ähliumumy AHLAK DÜZGÜNLERINI berjaý etmegi öwrenmeseler, olar bilen hyzmatdaşlyk etmek mümkün däl.

Biz olaryñ absurd toslamalaryna jogap bermegi biziñ mertebämizden has pes hasaplaýarys. Türkmen ýaşlaryna bolsa, Interneti hapalaýan «Türkmen-ýurt» kanalynyň video samramalaryny hakykat diýip kabul etmezligi maslahat berýäris.

Ynsan hukuklary barada Türkmen Helsinki Fondy.

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Azatlyk Radiosy:  Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.