Ýewropa ParlamentleriňBeýany.
Mejbury zähmet önümlerini gadagan edeliň.
2021-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Ursula fon der Leýen Ýewropa Parlamentine geldi we bazarymyzda mejbury zähmet önümleriniň gadagan edilýändigini yglan etdi. Ýewropa Komissiýasynyň bu wadany ýerine ýeti rmegiň wagty geldi. Döwrebap gulçulyk önümleriniň Ýewropa bazaryna girmegini gadagan etmegiň wagty geldi. Gul edilen uýgurlar, türkmenler ýa-da dünýäniň islendik ýerinden mejbury işçiler tarapyndan öndürilen köýnek, aýakgap ýa-da awtoulaglar indi dükanlarymyzda satylmaly däldir. Şonuň üçin hemmämiz Ýewropa Komissiýasynyň prezidentiniň beren wadasyny makulladyk. Şol sebäpli bu iň möhüm wadanyň has çalt durmuşa geçiriljekdigine göz ýetireris.
Söwda düzgünleşdirmesiniň, Geňeşiň Durnukly Korporatiw Dolandyryş kanunçylyk teklibiniň üstüni ýetirip, bu gadaganlygy durmuşa geçirmegiň iň oňat we aňsat usulydygyna ynanýarys. Bu mümkin! Amerikanyň Birleşen Ştatlary muny etdi!Ýewropa Bileleşigi muny etmeli! Bize diňe Ýewropa Komissiýasynyň syýasy islegi gerek. Gijä goýmak ýa-da ýumşatmak üçin edilen islendik synanyşyk kabul edilmez. Şol sebäpden, ýerine ýetiriji witse-prezident we söwda komissary Waldis Dombrowskini bu işe başlamaga çagyrýarys. Biziň habarymyz düşnüklidir: gulçulyk önümleriniň importyny gadagan etmek isleýäris we ony hut şu wagt isleýäris.
Bu beýannama 300 Ýewropaly parlamentar tarapyndan gol çekildi.
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondy.