Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

HRW. Dünýä hasabaty. Turkmenistan 2022.

HRW. Dünýä hasabaty. Turkmenistan 2022.

2022-nji ýylda Türkmenistanda döwlet baştutanynyň çalyşmagy ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýyny gowulaşdyrmady. Türkmenistan dünýäde iň ýapyk we repressiw ýurtlaryň biri bolmagynda galdy.

Hökümet hiç hili syýasy plýuralizme, garaşsyz metbugata ýa-da hökümete dahylsyz guramalara ýol bermeýär. Häkimiýetler garşydaşlary hasap edilýänleri we hökümet tankytçylaryny türmä basýarlar. Zorluk bilen ýitirim edilenleriň onlarçasynyň ykbaly we nirededigi entek hem belli bolman galýar. Hökümet barha ýaramazlaşýän azyk howpsuzlygy krizisini ýeterlik derejede çözüp bilmedi. Hereket azatlygy düýpli çäklendirmelere sezewar edilýär.

Saýlawlar we Şahsyýet kulty

12-nji martda kakasy Gurbanguly prezidentlik wezipesinden çekilenden soň, Serdar Berdimuhamedow prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Beýleki sekiz dalaşgär Berdimuhamedowyň syýasatyna goşuldy. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) "syýasy plýuralizmiň" ýoklugy sebäpli ses berişlige gözegçilik etmedi.

Häkimiýetler prezident we onuň maşgalasy bilen baglanyşykly geçirilýän döwlet çärelerine gatnaşmaga adamlary yzygiderli mejbur edýärler. Düýbi Wenada ýerleşýän Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy topary (AHTI) iýun aýynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýubileýi mynasybetli 47 gradus yssy açyk howada geçirilen çäre ýygnanyşygyndan soň ýüzlerçe adamyň lukmançylyk kömegini alandygyny we onlarça adamyň hassahana ýerleşdirilendigini habar berdi.

Covid-19

Hökümet ýurtda Covid-19 keselini inkär etmegini dowam etdirýärkä, 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň saglygy saklaýyş ulgamynyň bir çeşmesi ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän Azatlyk radiosynyň türkmen gullugyna koronawirusa meňzeş alamatlar bilen 25,000 töweregi adamyň ölendigini aýtdy. Häkimiýetler Covid-19 bahanasy bilen azyndan maý aýyna çenli syýahat üçin serhetleriň ählisine golaýyny ýapdy we birnäçe aýlap içerki syýahaty azyndan iki sebite çäklendirdi.

Aprel aýynda Azatlyk radiosy saglyk öýlerinde näsaglary ýeterlik derejede bejermek üçin dermanlaryň we Covid-19 synag enjamlarynyň ýokdugyny habar berdi.

Garyplyk we azyk howpsuzlygy

Talabalaýyk we ygtybarly maglumatlaryň ýoklugy sebäpli, Türkmenistanda garyplyk derejesi, azyk howpsuzlygy we girdejiler baradaky statistika ygtybarsyz ýa-da elýeterli däl.

Şeýle-de bolsa, köpçülige niýetlenen hasabatlara görä, beterleşýän ykdysady çökgünligi we agyrlaşýan garyplygy häkimiýetleriň inkär etmegi we bu babatda olaryň hereketsizligi azyk howpsuzlygyny has hem kynlaşdyrýandygyny görkezýär. Elýeterli subsidirlenen azyk önümleriniň kemelmegi dowam etdi, bahalar bolsa galmagyny dowam etdirdi.

Döwlet dükanlarynda çörek ýetmezçiligi dowam etdi. Garaşsyz habar beriş serişdeleri alyjylaryň subsidirlenen çöregi almak üçin birnäçe sagat nobata durandyklaryny dokumentleşdirdiler.

Aprel aýynda Azatlyk radiosy kesgitlenen möçberden has köp çörek satyn alýanlara Aşgabat polisiýasynyň 15 gün türme tussaglygy bilen haýbat atýandygyny habar berdi. Fewral aýynda polisiýa şol sebäpli müşderileri wagtlaýyn tussag etdi we gaýtadan düzgün bozmalary üçin jerime salynmak howpuny abandyrdy.

Azatlyk radiosy ýanwar aýynda subsidirlenen azyk önümleriniň az mukdarda berilýändigi barada Söwda ministrligine arz edendikleri üçin ýaşaýjylary, esasanam pensionerleri Aşgabat polisiýasy tarapyndan jogapkärçilige çekmek barada haýbat atylandygyny habar berdi.

Raýat jemgyýeti

Türkmen hökümeti garaşsyz raýat işjeňligine ýol bermeýär, aktiwistleri, şol sanda daşary ýurtdakylary yzygiderli yzarlaýar we gorkuzýar, garyndaşlaryndan ar alýar we açyk pikirleri berk jezalandyrýar. Hasaba alynmadyk Hökümete dahylsyz guramalar gadagan edilýär we adam hukuklaryny goraýjy hiç bir halkara guramasy ýurda baryp bilmeýär.

Aprel aýynda Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy (AHTI) polisiýa we howpsuzlyk işgärleriniň AHTI-nyň habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş bolan adamlara "çynlakaý problemalar" bilen haýbat atandyklaryny we olary habarçy bilen aragatnaşyk saklamazlyga mejbur edendiklerini habar berdi.

Bosgunlykdaky adam hukuklaryny goraýjy Türkmenistan Helsinki gaznasy (THG) 16-njy awgustda Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň konsullygynyň howlusynda konsullygyň işgärleri diýlip çak edilýän alty adamyň bäş sany türkmen aktiwistini ýenjendigini we olaryň biriniň kellesine şikes ýetirilendigini habar berdi. Konsullygyň işgärleri tarapyndan edaranyň jaýyna kabul edilen aktiwistleriň daşary ýurtly köp sanly türkmen migrantynyň ýüzbe-ýüz bolýan agyr ýagdaýy barada prezident Berdimuhamedowa açyk hat ibermäge synanyşandyklary nygtalýar.

Fewral aýynda Aşgabadyň polisiýa merkezinde 62 ýaşly bir aýal huşuny ýitirdi we hassahana ýerleşdirildi. Muňa onuň bosgunlykda ýaşaýan ogly Rozgeldi Çöliýewiň Türkmenistana gaýdyp gelmegini we hökümete garşy tankydyny bes etmegini talap edip, polisiýa işgärleriniň aýalyň üstüne gygyryp, gorkuzmagy sebäp boldy.

Maý aýynda Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşliklere gatnaşany üçin 2016-njy ýylda galp aýyplama bilen alty ýyl azatlykdan mahrum edilen Agajuma Baýramowyň boşadylandygyny habar berdi. AHTI-nyň habaryna görä, Baýramow boşadylandan bäri, häkimiýetler onuň ýurt içinde syýahat etmegine birnäçe gezek päsgel beripdirler. Maşgalasyna we garyndaşlaryna bolsa onuň bilen aragatnaşyk saklamazlygy tabşyrypdyrlar. Iýun aýynda Baýramow ogullaryny görmek üçin Aşgabat şäherine barypdyr, ýöne polisiýa ony saklap, yzyna Mary welaýatyndaky obasyna alyp gidipdir. Noýabr aýynda oňa Mary welaýatynda ýaşaýan garyndaşlaryny görmäge rugsat berildi.

Pragada ýerleşýän “Türkmen raýatlarynyň hukuklary we azatlyklary” topary awgust aýynda howpsuzlyk gulluklarynyň ýurduň daşynda ýaşaýan sosial media redaktoryna howp salýandygyny habar berdi.

Habar beriş we maglumat azatlygy

Häkimiýetler maglumatlaryň elýeterliligini berk gözegçilikde saklaýar. Döwlet ähli çap we elektron habar beriş serişdelerine eýeçilik edýär ýa-da olara gözegçilik edýär. Sosial ulgamlar we messenjerler petiklenýär. Garaşsyz daşary ýurt we türkmen habar beriş serişdeleri üçin ýurt ýapyklygyna galdy.

Türkmeninstanyň kanuny Wirtual Hususy Ulgamlary (VPN-i) gadagan etmeýän hem bolsa, "tassyklanmadyk" şifrlemek programma üpjünçiligini gadagan edýär, şeýle hem internetde "tehniki programmalary üpjün edýän bikanun hyzmatlary" bilkastlaýyn hödürlemek jenaýat hasaplanýar we ýedi ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Garaşsyz habar beriş serişdeleri häkimiýetler tarapyndan internet çäklendirmeleriň we Wirtual Hususy Ulgamlara (VPN) bökdençlikleriň yzygiderli dowam etdirilýändiklerini habar berdiler. Azatlyk radiosy 2021-nji ýylyň ahyrynda we 2022-nji ýylyň ilkinji bäş aýynyň dowamynda internetiň doly ýa-da bölekleýin bökdençliklerini we VPN-iň doly petiklenendigini beýan etdi. Azatlygyň Iýul aýynda beren maglumatyna görä, häkimiýetler tutuş ýurt boýunça VPN gurnama hyzmatlaryny hödürlrýän maglumat tehnologiýasy boýunça hünärmenlere tussag howpuny abandyrdylar.

Azatlyk radiosynyň fewral aýynda beren maglumatyna laýyklykda, polisiýa VPN ulanmakda güman edilýän raýatlary sorag edip, olaryň jenaýat jogapkärçiligine çekiljekdigini aýdypdyr. Habar berlişine görä, ýanwar aýynda Aşgabat şäheriniň häkimiýetleri paýtagtdaky tehniki uniwersitetleriň birinde okaýan okuwçylaryň jübi telefonlaryny barlap, sosial mediýa we "gadagan" web sahypalaryna giren ýagdaýlarynda okuwdan çykarylmak howpy bilen olara haýbat atypdyrlar.

ABŞ-da ýerleşýän internet infrastrukturasy bilen üpjün ediji “Cloudfare Radar” aprel aýynyň ortalarynda Türkmenistanda iki güne golaý “internetiň doly petiklenendigini” habar berdi.

“Turkmen.news” neşiri fewral aýynda häkimiýetleriň wirtual/aýratyn serwer hyzmatlary hödürleýän prowaýderleriň has netijeli ulgam ýollaryny (traffigini) ýeňilleşdirýän ähli degişli ulgamlary petikläp başlandygyny habar berdi. Sentýabr aýynda degişli ulgamlaryň petiklenmeginiň dowam edýandigi, IMO messenjerine we dizaýnerleriň arasynda meşhur bolan Behance platformasyna girmeklige päsgelçilikleriň döredilendigi habar berildi.

Hereket azatlygy

Türkmenistanyň hökümeti raýatlarynyň hereket azatlygy hukugyny esassyz inkär etmegini dowam etdirdi. Daşary ýurda we ýurt içinde syýahat gaty çäklendirilen we gözegçilik astynda saklanýar.

Aprel aýynda Azatlyk radiosy Aşgabatda polisiýanyň içerki migrant işçilerine köpçülikleýin reýd geçirendigini, olary tussag edendigini we ýenjendigini, bir adamyň bolsa eňeginiň döwülendigini habar berdi. Ýanwar aýynda häkimiýetler sebit dolandyryş we migrasiýa edaralarynyň “ýörite rugsadynyň” ýoklugy sebäpli Lebap sebitinden gelen 250 töweregi içerki migrant işçini Aşgabatdan we Ahal welaýatyndan çykaryp kowdy.

Hökümet daşary ýurtlarda ýaşaýan köp sanly türkmen raýatynyň möhleti geçen pasportlaryny uzaltmakdan ýüz öwürdi we adam hukuklarynyň ençemesiniň bozulmak töwekgelçiligine sezewar etdi.

Sentýabr aýynda Türkmen hökümetiniň haýyşy boýunça Türkiýe Türkmenistanyň raýatlary üçin wizasyz düzgünini ýatyrdy we köp sanly türkmen migrant işçisini deportasiýa howpuna saldy.

Syýasy tussaglar, zorluk bilen ýitirim edilmeler, gynamalar

Türkmen hökümeti häkimiýetleriň göwnünden turmadyk adamlary adalatsyz we ýapyk kazyýet işiniň karary esasynda uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edýär. Syýasy sebäplere görä tussag edilenleriň takyk sany aýan edilmeýär. Ýurduň türmelerinde onlarça adam ýitirim boldy, käbirlerleriniň ykbaly 20 ýyl bäri belli bolman galýar. Häkimiýetler bendileriň maşgalalaryna tussaglykdaky ýakynlary bilen aragatnaşyk saklamagy gadagan etdiler, olaryň ykbaly ýa-da nirededigi barada maglumat bermekden ýüz öwürdiler. Gynamalar türkmen türmelerinde giňden ýaýran hasaplanýar.

Türkmenistanda zorluk bilen ýitirim bolmagyň öňüni almak boýunça “Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýasynyň habaryna görä, takmynan 162 adam türkmen türmelerinde ýitirim boldy. Olaryň azyndan 27-si ýeke adamlyk türme kamerasynda öldi. Otuz töweregi bendiniň jeza möhleti gutardy ýa-da 2022-nji ýylda gutarmalydy, ýöne olaryň ykbaly we nirededigi entek hem belli bolman galýar.

10-njy dekabrda Türkmenistan häkimiýeti daşary ýurtdaky aktiwistler bilen gatnaşykda bolany sebäpli galplaşdyrylan aýyplamalar esasynda 2020 ýylyň sentýabrynda alty ýyl azatlykdan mahrum edilen Pygambergeldi Allaberdiýewi boşatdy. Maý aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Esassyz Tussag edilmeler boýunça iş topary Allaberdiýewiň tussag edilmeginiň esassyzdygyny anyklady we ony dessine azat etmäge çagyryş etdi.

Köp sanly adam galplaşdyrylan, syýasy äheňli aýyplamalar bilen türme tussaglygynyň möhletini dowam etdirdi. Olaryň arasynda Türkmen.news habar gullugynyň habarçysy 26 ýaşly Nurgeldy Halykow hem galp aýyplamalar bilen 2020-nji ýylda dört ýyl azatlykdan mahrum edildi. Habar gullugy her gezek Halykowyň işine ünsi çekende, häkimiýetleriň ony ýeke adamlyk kamerada saklamak bilen jezalandyrýandyklary aýdylýar.

Şeýle hem, olaryň arasynda Buluç azlyklarynyň hukuklaryny goraýjy Mansur Mengelow 2012-nji ýylda adalatsyz kazyýet işinde 22 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi; 2021-nji ýylda lukman Hursanai Ismatullaýewa galp aýyplamalar bilen azatlykdan mahrum edildi; aktiwist Myrat Düşemow 2021-nji ýylda Covid-19 barada maglumatyň elýeterliligini aç-açan talap edendigi üçin dört ýyl azatlykdan mahrum edildi; YouTube blogçysy Myrat Öwezow 2020-nji ýylda tankydy pikirlerini internetde aç-açan beýan edendigi üçin galp aýyplamalar bilen bäş ýyl azatlykdan mahrum edildi; we Serýoža Babanyýazow, pornografiýada galp aýyplanyp, Balkanabatdaky korrupsiýany tankytlaýan listowkalary ýerleşdirendigi üçin jezalandyrylyp, 2021-nji ýylda iki ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Syýasy dissident Gülgeldi Annanyýazow 2019-njy ýylyň mart aýynda syýasy sebäplere görä 11 ýyl türme tussaglygyndan soň, bäş ýyl mejbury içerki sürgünde galdyryldy.

Esasy halkara şahslar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Amina J. Mohammed iýun aýynda Türkmenistana eden saparynda ýurduň ýokary derejeli resmileri, şol sanda Berdimuhamedow bilen duşuşyp, "adam hukuklarynyň eldegrilmesizligi, jyns deňligi we aýal-gyzlaryň ygtyýarlyklary" barada pikir alyşdy.

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Terhi Hakala 2021-nji ýylyň dekabrynda we 2022-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistana sapar edip, Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Ol hukuk bozulmalar barada aç-açan söz açmady. Mejbury Ýitirim edilmeleriň pidalarynyň halkara güni bilen baglylykda Ýewropa Bileleşigi mejbury ýitirim bolan adamlaryň ykbaly baradaky aladasyna ünsi çekdi we häkimiýetleri bu meseläni boýun almaga we ýok etmäge çagyrdy.

Aprel aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara din azatlygy komissiýasy din erkinligini “yzygiderli we gödek” bozýanlygy sebäpli Türkmenistana “aýratyn alada döredýän ýurt” hökmünde täzeden garalmagy, şeýle hem jogapkär döwlet edaralaryna we işgärlerine garşy gönükdirilen sanksiýalary ulanmaklygy teklip etdi. Iýul aýynda ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň 2022-nji ýyl boýunça adam söwdasy baradaky hasabatynda “hökümet syýasatyna ýa-da mejbury zähmet düzgünine” salgylanylyp, Türkmenistan ýene-de iň pes 3-nji derejeli kategoriýa girizildi.

Sentýabr aýynda Warşawanyň adam ölçegleri konferensiýasynyň dowamynda ABŞ-nyň ÝHHG-daky missiýasy prezident saýlawy barada tankydy bellikler etdi we onuň netijesinde "häkimiýetiň dinastiýa usulyna geçendigini” aýtdy.

2021-nji ýylyň noýabr aýynda ABŞ-nyň Kongresiniň agzalary şol wagtky prezident Berdimuhamedowa hat ýazyp, Halykow, Ismatullaýewa we Annanyýazow ýaly birnäçe "syýasy tussagyň" boşadylmagyna çagyryş etdiler.

Ygtybarly maglumatlaryň ýoklugy sebäpli Bütindünýä banky dowamly iki ýyllap Türkmenistany öz ýyllyk hasabatyna goşmady.

Fewral aýynda Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzalary Türkmenistan bilen gurama agza bolmak baradaky gepleşiklere başlamagy tassyklady.

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy: Nurgeldi Halykow azatlyga çykdy
Azatlyk Radiosy: Nurgeldi Halykow azatlyga çykdy
Azatlyk Radiosy: “THF: Täçmyrat Bekiýew Sankt-Peterburgdaky deportasiýa merkezinden boşadyldy“
Azatlyk Radiosy: “THF: Täçmyrat Bekiýew Sankt-Peterburgdaky deportasiýa merkezinden boşadyldy“
Azatlyk Radiosy:Türkmenistanda tussag edilen aktiwiste geçmişdäki 'etmişler' esasynda iş kesilipdir
Azatlyk Radiosy:Türkmenistanda tussag edilen aktiwiste geçmişdäki 'etmişler' esasynda iş kesilipdir
Täçmyrat Bekiýew Sankt-Peterburgdaky deportasiýa merkezinden boşadyldy.
Täçmyrat Bekiýew Sankt-Peterburgdaky deportasiýa merkezinden boşadyldy.
Stambuldaky ýaşaýyş jaýynyň weýran bolmagy netijesinde birnäçe adam ýaralandy, bir türkmen öldi.
Stambuldaky ýaşaýyş jaýynyň weýran bolmagy netijesinde birnäçe adam ýaralandy, bir türkmen öldi.