Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmenistan: Täze ýolbaşçy adam hukuklarynyň bozulmagyny bes etmeli.

Türkmenistan: Täze ýolbaşçy adam hukuklarynyň bozulmagyny bes etmeli.

(Nýu-Ýork, 2006-njy ýylyň 21-nji dekabry) - Türkmenistanyň aradan çykan prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň mirasdüşeri üçin esasy wezipeleriň biri adam hukuklarynyň zyýanly ýazgylaryny düýpgöter üýtgetmek bolmaly diýip, Human Rights Watch yglan etdi. Halkara adam hukuklary guramasy häkimiýetleri syýasy tussaglary gysga wagtda boşatmaga çagyrdy.

66 ýaşly Nyýazow, Türkmenistanyň prezidenti bolup 21 ýyl işläninden soň ýiti ýürek ýetmezçiligi sebäpli aradan çykdy. Adam hukuklaryny goraýjy guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýolbaşçysy Holli Kartner: “Nyýazowyň döwründe Türkmenistan dünýäniň iň ýapyk we repressiw döwletleriniň birine öwrüldi” – “Indi hökümet türkmenbaşy rejimi bilen baglanyşykly zulumy ýok etmeli.Ilki bilen syýasy tussaglary boşatmaly, hereket azatlygyna bolan çäklendirmeleri aýyrmaly we erkin we adalatly saýlawlary geçirmeli” diýdi.

Ömürlük prezident Nyýazow hökümeti we jemgyýeti gorkuzdy. Hökümetini yzygiderli arassalamak bilen wezipeli adamlar uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi. Prezident döwletiň daşary ýurtlara ýerleşdirilen daşary ýurt walýuta gaznalaryna hut özi gözegçilik edýärdi. Resmi taýdan ähli türkmenleriň atasy diýilýän Nyýazow özüni pygamber diýip hem atlandyrdy. Onuň "Ruhnama" kitaby bilim maksatnamalarynda esasy orny eýeledi we bilimleri ähli döwlet işgärleri üçin hökmany talapdy. Nyýazowyň giňden ýaýran şahsyýet kulty Türkmenistanyň daşynda giňden tanalýardy.

H. Kartner: "Daşary ýurtlularyň köpüsi şahsyýet kultyny gülkünç hasapladylar, ýöne Türkmenbaşy rejiminde ýaşanlar üçin bu ýerde gülkünç zat ýokdy" -diýdi. Nyýazowyň döwründe başgaça pikirlere ýol berilmedi, metbugat azatlygy we syýasy azatlyklar düýbünden ýatyryldy, syýasy oppozisiýanyň wekilleri, hukuk goraýjy aktiwistler we garaşsyz žurnalistler tussag edildi ýa-da göçmäge mejbur edildi. Dissidentler jenaýatçy hasaplandy we uzak ýerlere kowlup, emläkleri elinden alyndy. Birnäçe adam hökmany psihiatrik bejergä iberildi. Tutulan ýerlerdäki tussaglara gynamalar giň ýaýrady.

Sentýabr aýynda adam hukuklaryny goraýjy we Azatlyk radiosynyň habarçysy Ogulsapar Myradowa syýasy sebäplere görä ýarag saklamak meselesinde günäkärlenenden soň, şübheli ýagdaýda tussaglykda öldi. 2002-nji ýylda Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy bilen baglanyşykly ýapyk sud diňlenişiginden soň onlarça adamyň doly izolýasiýada saklanýandygyna ynanylýar. Daşary ýurtly žurnalistlere we hukuk goraýjylara ýurda girmek ýapyk, ep-esli adamyň syýahat gadagançylygynyň gara sanawyna girendigi aýdylýar.

Ýurtda opera, balet, sirk, filarmoniýa jemgyýeti we türkmen däl medeni guramalar gadagan edildi. Ynanýanlar, esasanam sünni yslamdan we rus prawoslaw dininden başga dinçileriň tarapdarlary jenaýat jogapkärçiligine çekildi, polisiýa tarapyndan fiziki zorluk, deportasiýa we käwagt ybadat ýerleriniň weýran edilmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Nyýazowyň döwründe ýurt sosial-ykdysady ösüşde yza çekildi. Tebigy gazyň ep-esli ätiýaçlygyna garamazdan, ilatyň aglaba bölegi garyplykda galýar. Habar berlişine görä 2004-nji ýylda prezident takmynan 15000 saglygy goraýyş işgärini işden aýyrmagy we olaryň ýerine harby gulluga çagyrylan esgerleri işletmegi buýurdy. 1994-nji ýyldan başlap, hökmany bilim 9 ýyla çenli azaldyldy; saglygy goraýyş üçin hökümetiň çykdajylary gaty çäklendirildi.

“Hökümet häzirki repressiýalaryň iň erbet görnüşlerini ýok edip biler”– “Uzak möhletli geljekde sosial-ykdysady ugurdaky regressiýanyň düzedilmegine umyt baglaýarys”-diýip H.Kartner belledi.

Human Rights Watch hökümeti syýasy tussaglary boşatmaga çagyrýar, şol sanda:

• Daşky gurşawy goraýjy Andreý Zatoky, 2006-njy ýylyň 17-nji dekabrynda tussag edildi.

• Bolgariýada ýerleşýän Türkmen Helsinki gaznasynyň aktiwistleri Annagurban Amanglyjow we Sapardurdy Hajyýew 2006-njy ýylyň iýul aýynda tussag edildi.

• 1994-nji ýyldan bäri Nyýazowa kast etmek synanyşygyny guramak meselesinde 18 ýyl azatlykdan mahrum edilen Magtymguly Aýmyradow.

Ynsan hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasy 2002-nji ýylda prezidentiň janyna kast etmek synanyşygy bilen baglanyşykly 50-den gowrak adamyň, şeýle hem soňky ýyllarda arassalanmakda tussag edilen köp sanly adamyň işlerini derrew gözden geçirilmegini isledi.

Şeýle hem halkara adam hukuklary guramasy Türkmenistanda maglumat elýeterliligine bolan berk çäklendirmeleri derrew ýatyrmaga çagyrdy.

Iň soňky habarlar

Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana...
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar