Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Stambuldaky reýdleriň ilkinji netijeleri...

Stambuldaky reýdleriň ilkinji netijeleri...

Türkiýe döwletinde ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryny ýazgyda duran adresleri boýunça barlag geçiriljekligi baradaky howpuň barlygyny biz 17 -nji oktýabrda duýdurypdyk. Netijede ýüzlerçe ýaşaýyş jaýlarynda daşary ýurtly raýatlar ýazgyda duran adresinde ýaşaýandygyny ýada ýaşamaýandygyny anyklaýyş barlagy geçirildi.

Şeýlelikde käbir maglumatlara görä Stambul şäheriniň Zeýtunburnu etrabynda ýaşaýyş jaýlarynda barlag geçirilip, öý eýelerine daşary ýurtlylara jaýyny ulanmaga berenligi sebäpli jerime hem salynypdyr. Gijäň ýarysynda legal ýagdaýyny kepillendirýän resminamalary bolmadyk daşary ýurtlylary deportasiýa merkezine alyp gitdiler. Bu hakda ýerli ýaşaýjylar sosial ulgamlarda gürrüň berýärler.

Şeýle hem barlaglaryň netijesinde onlarça Türkmenistanly raýatlary watanyna ugratdylar. "Türkmenistana ugradylan raýatlar watanyna dolanyp barandan soň, resmi işgärler tarapyndan gödek ýüzlenmeler we daşary ýurtda hereket edýän raýat aktiwistleri bilen gatnaşykda bolan ýada bolmandygyny anyklamak üçin soraga çekildiler" - diýip biziň çeşmämiz habar berýär.

Watana dolanan raýatlar hossarlary bilen görüşenden soň, Türkmenistanda ýaşaýyş şertleriň has agyrdygyna göz ýetirdiler. Meselem daşary ýurtdaky ýaly para bermezden we ýokary wezipede işleýän tanyş tapmazdan aňsatlyk bilen işe girmek mümkinçiligi ýok. Internetden peýdalanmak mümkinçiligi ýok diýen ýaly - diýip 5 ýyllap Ankara şäheriniň restoranlarynyň birinde işlän watandaşymyz gürrüň berdi .

Beýleki welaýatlaryň ýaşaýjylaryna erkin hereket etmek gadagançylygy bar. Mysal üçin Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada gitmek üçin ýörite rugsatnama almaly.

Hatda adamlar ýönekeý azyk önümlerini satyn almakda hem döwlet tarapyndan ýola goýlan kynçylyklara sezewar bolýarlar. Ýagny özüňe gerek bolan gündelik azyk önümini döwlet dükanyndan almak üçin ýany bilen hökmany suratda ,satyjynyň görkezen ýarawlylyk möhleti gutaran harydyny mejbury ýagdaýda satyn alaýmaly. Satyjylar möhleti geçen iýmiti iýmegiň howpludygyna seretmezden, raýatlara bolan talaby gowşatmaýarlar .

Adyny aýtmazlygy haýyş eden Mary welaýatynyň ýaşaýjysy, häzirki wagtda Stambul şäheriniň Aziýa böleginde ýaşaýan watandaşymyz şeýle diýdi:

- Meniň garyndaşym iş gözlegi bilen ýönekeý raýat. Onuň pasportynyň möhleti gutardy. Türkiýede ýerleşen Türkmenistanyň konsullygy biziň birnäçe gezek ýüz tutmagymyza garamazdan, pasportynyň möhletini uzaltmadylar. Netijede Türkiýe döwletiniň kanunyndaky talaplara laýyklykda möhleti gutaran biometrik paspordy bilen özüni legal ýagdaýa resmileşdirip bilmedi. Resminama barlagy mahalynda ony tutdylar we Türkmenistana deport etdiler.

Häzirki wagtda ol Türkmenistanda başyna gelen ýagdaýlaryň netijesinde,ruhy çökgünlige uçrapdyr. Görüp otursa ýakynlary we goňşy - golamlary hor ýagdaýda ýaşaýan eken. Türkiýe döwletinde mahaly ýakynlary bilen telefon arkaly gürleşende, ony alada goýmazlyk maksady bilen " gowy, kemçiligimiz ýok " - diýip jogap berýädiler. Hakykatda işsizlik we garyplykdan zordan güzeranyny dolandyrýan ekenler.

Daşary ýurda çykmak niýeti bilen tanyş tapyp , hyzmaty üçin pul töläp biometrik paspordyny täzeledi. Aşgabadyň halkara howa menzilinde sebäbini düşündimezden uçara mündirilmedi.

" Maňa goýulan daşary ýurda çykmazlyk kanunynyň möhleti haçana çenli? - diýip soranda" ömürlik" - diýen jogaby aldy. Entäk migrasiýa gullugyna hiç hili ýüzlenme ýada sorag görnüşlerinde hat ugratmady.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana...
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar