Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmen aktiwisti Stambulyň Taksim meýdanyna çykyp, türkmen hökümetine nägilelik bildirdi

Türkmen aktiwisti Stambulyň Taksim meýdanyna çykyp, türkmen hökümetine nägilelik bildirdi

Türkiýede türkmen aktiwistleriniň biri Türkmenistandaky ejesine we kakasyna edilýän basyşlara we kemsitmelere çydaman, Stambulyň Taksim meýdanyna çykyp, ýekebara protest aksiýasyny geçirdi. Köpçülikde Nurberdi Bazarow gygyryp we janygyp, türkmen hökümetine nägilelik bildirdi we türk häkimiýetlerinden özüni we maşgalasyny goramak üçin kömek sorady.

Bazarow 3-nji iýulda agşam sagat 6 töwereginde geçiren aksiýasyny özüniň “TikTok” sahypasyndan göni efirde köpçülige ýetirdi. Ol Internetde çykyş edip, kanuny hukuklaryny talap edýändigi üçin özüniň, ejesiniň, kakasynyň we dogan-garyndaşlarynyň türkmen häkimiýetleri tarapyndan kemsitmelere we basyşlara sezewar edilýändigini aýdýar.

“Meniň ejem we kakam 35 ýyl döwlete hyzmat etdi. Ýöne meniň ejeme jelep diýýärler. Hökümet hem [oňa] jelep diýýär. Näme üçin? Men hakymy talap edenim üçin meniň ejeme, kakama, doganyma, egindeşlerime jelep diýip gygyrýarlar” diýip, Bazarow çykyşynda belledi.

Ol türkmen hökümetiniň wekilleriniň özüni “watan dönügi”, “terrorist” atlandyrýandygyna hem ünsi çekip, häkimiýetlerden bu aýdylanlary subut etmegi hem talap etdi.

“Men sekiz ýyllap Türkiýe respublikasynda halal zähmet çekdim” diýip, ol aýtdy. Bu wideonyň ýazgysy "Türkmen Helsinki fondunyň" YouTube sahypasynda çap edildi.

Aradan ýarym sagat çemesi wagt geçensoň, Bazarowyň ýanyna türk polisiýa işgärleri gelýärler we ondan mobil telefonyny öçürmegi, ýerinden turup, özleri bilen gelmegi talap edýärler.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Migrant media bölüminiň habarçysy Ahmet Rahmanowyň sözlerine görä, türk polisiýa bölümine alnyp gidilen Bazarow aradan bir salym geçensoň boşadyldy.

Köpçülikde Nurmyrat Bazarow ady bilen tanalýan Nurberdi Bazarow, Türkiýede işçi migrant bolup ýaşaýan türkmen aktiwistidir. Türkmenistanyň hökümetini, häzirki we öňki prezidentler Serdar we Gurbanguly Berdimuhamedowlaryň maşgalasyny aýratyn ýiti tankytlaýan aktiwistiň çykyşlarynyň köpüsi TikTok-da bolýar. Ol 2016-njy ýyldan bäri Türkiýede ýaşaýar.

Migrant media bölüminiň habarçysy Ahmet Rahmanowyň sözlerine görä, Bazarow oňa we beýleki türkmen egindeşlerine “Türkmenistandaky hossarlaryna basyş edilýändigini we olaryň kemsidilýändigini, şol sebäpli protest aksiýasyny geçirmek isleýändigini” soňky iki aýyň dowamynda birnäçe gezek aýtdy.

“Çydap bilmeýändigini aýtdy. Ene-atasyna basyş edilýändigini, olaryň kemsidilýändigini aýtdy. Şonuň üçin özüni tutup bilmedi. Hökümet işgärleriniň öýüne barandygyny aýdypdy” diýip, Rahmanow belledi.

Ýatlatsak, 34 ýaşly aktiwist geçen ýylyň 29-njy oktýabrynda Stambulda tussag edilip, Tuzla sebitindäki deportasiýa mekezinde 10 gün tussaglykda saklanypdy. 8-nji noýabrda boşadylan Bazarow Azatlyga beren maglumatynda özüne basyşlaryň tussaglykdan has öň başlanandygyny gürrüň beripdi.

Türkiýe geçen ýyl Aşgabadyň haýyşy esasynda türkmenistanlylar üçin 30 gün wizasyz syýahat düzgünini ýatyrdy. Muňa garamazdan, Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we işsizligiň arasynda, Türkiýe türkmen raýatlarynyň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.

Türk häkimiýetleri 213 müňe golaý türkmenistanlynyň kanuny esasda Türkiýede ýaşaýandygyny mälim edýärler. Ýöne hukuk goraýjy toparlar we türkmenistanly synçylar Türkiýedäki türkmenleriň hakyky sanynyň bu görkezijiden ençeme esse köpdügini aýdýarlar.

Türkiýedäki türkmen aktiwistleri soňky üç ýyl bäri Türkmenistanyň awtoritar hökümetine garşy yzygiderli çykyş edýärler. Bu, Türkmenistandaky ýagdaýa halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär we türkmen häkimiýetlerinde nägilelik döredýär.

Munuň bilen bir wagtda, Türkiýede ýaşaýan türkmen aktiwistleri yzygiderli basyşlara sezewar edilýär. Geçen ýylyň güýzünde Stambulda onlarça aktiwist polisiýa çagyryldy, birnäçe adam deportasiýa merkezine ýerleşdirildi we soň tussag edilmegine esasyň ýoklugy sebäpli boşadyldy. Şeýle-de, geçen ýylyň oktýabrynda Stambulda näbelli bäş adam, üç sany türkmen aktiwistini ýençdi. Şonda Azatlyk aktiwistlere hüjüm eden adamlaryň Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri bolandygyny anyklady.

Mundan başga-da, aktiwistleriň Türkmenistandaky dogan-garyndaşlaryna basyş edilýändigi barada hem yzygiderli maglumatlar gelip gowuşýar.

Halkara guramalar tarapyndan adam hukuklaryny depelemekde, söz-metbugat azatlygyny berk çäklendirmekde ýyllarboýy tankytlanýan Türkmenistanyň häkimiýetleri bu ýagdaýlary boýun almaýar ýa-da olara reaksiýa bildirmeýär.

Azatlyk Radiosy

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy: Nurgeldi Halykow azatlyga çykdy
Azatlyk Radiosy: Nurgeldi Halykow azatlyga çykdy
Azatlyk Radiosy: “THF: Täçmyrat Bekiýew Sankt-Peterburgdaky deportasiýa merkezinden boşadyldy“
Azatlyk Radiosy: “THF: Täçmyrat Bekiýew Sankt-Peterburgdaky deportasiýa merkezinden boşadyldy“
Azatlyk Radiosy:Türkmenistanda tussag edilen aktiwiste geçmişdäki 'etmişler' esasynda iş kesilipdir
Azatlyk Radiosy:Türkmenistanda tussag edilen aktiwiste geçmişdäki 'etmişler' esasynda iş kesilipdir
Täçmyrat Bekiýew Sankt-Peterburgdaky deportasiýa merkezinden boşadyldy.
Täçmyrat Bekiýew Sankt-Peterburgdaky deportasiýa merkezinden boşadyldy.
Stambuldaky ýaşaýyş jaýynyň weýran bolmagy netijesinde birnäçe adam ýaralandy, bir türkmen öldi.
Stambuldaky ýaşaýyş jaýynyň weýran bolmagy netijesinde birnäçe adam ýaralandy, bir türkmen öldi.