Suratda Ýakutjan Babadjanowa
Türkiýedäki migrant Hamida Babadjanowa adam hukuklaryny goraýjylara: “Ejemiň Türkmenistandan gitmegine rugsat berlendigi barada hat geldi” –diýip beğenip aýtdy.
Ondan öň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndan bolan 73 ýaşly Ýakutjan Babadjanowa zyýarat üçin Türkmenistandan gitmäge iki gezek rugsat berilmedi: ilkinji gezek 2023-nji ýylyň 3-nji aprelinde , ikinji gezek 2023-nji ýylyň 23-nji aprelinde .
Şol wagt Babajanowalar maslahat soramak üçin bize ýüz tutdular, şondan soň Ýakutjanyň din azatlygy we hereket azatlygy baradaky konstitusion hukuklarynyň bozulmagy barada Migrasiýa gullugyna, Ombudsmen we beýleki häkimiýetlere şikaýat iberildi. Öz gezegimizde biz Ýakutjan Babadjanowanyň meselesini halkara guramalarynyň dykgatyna ýetirdik.
Aprel aýda THF habar berdi: Hamidaň garyndaşlary ret etmegiň sebäbini ilkinji gezek anyklamaga synanyşanlarynda, häkimiýet işgärleri “bu mesele bilen indi ýüz tutmaň”- diýip olara haýbat atdylar. Ikinji gezekde olara: “Bu mesele barada ýene bir gezek gelseňiz, sizi ýok ederis” - diýdiler. “Emma biz olaryň diýeni bilen bolmadyk. Men interwiu berdim we rejimi ençeme gezek tankytlaýanym üçin häkimiýetleriň ejemiň üsti bilen menden ar aljak bolýandyklaryny interwiuda aýtdym” – diýp Hamida bize gurruň berdi.
“Häzir meniň garyndaşlarym eger bu rugsat hatyny habar beriş serişdelerine bersek ejemizi ýene-de çykarmazlar diýp aladalanýarlar. Men bolsa hemme edýan hereketimiz açyk bolmaly, hiç zady gizlemeli däl diýp hasap edýarin.
Men watandaşlaryma aýtmak isleýärin. Hukuklaryňyzy bozandygy üçin bu we ýa beýleki wezipeli adama garşy şikaýat etjekdigiňizi haýbat atmakdan gorkmaň. Munuň ýaly işgärler köpçülige aýan bolmakdan, adatça para ýa-da tanyşlyk arkaly alýan wezipelerini ýitirmekden gaty gorkýarlar!”- diýip Hamida öz pikirini paýlaşdy we ejesiniň Türkmenistandan çykyp, kiçi Haj zyýarytyny etmek üçin uçar petegini satyn almak isleýändigini aýtdy.
Türkmenistanda, zerur resminamalary bar bolsa-da, daşary ýurda syýahat etmek isleýän raýatlara uçuşlarynda köplenç rugsat berilmeýär. Ýurduň häkimiýetleri raýatlary ýurtdan çykmagy gadagan edilen adamlaryň sanawyna yzygiderli we esassyz goşýarlar. Bu sanawlarda köplenç rejimi tankytlaýanlar we olaryň garyndaşlary bar.
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.