Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Döwlete degişli bolmadyk 10 sany gurama P. Allaberdiýewiň boşadylmagyny talap edýär.

Döwlete degişli  bolmadyk 10 sany gurama P. Allaberdiýewiň boşadylmagyny talap edýär.

Ynsan hukuklaryny goraýjy 10 sany gurama, Türkmenistanyň häkimiýetlerine galp aýyplamalar esasynda Balkanabat şäheriniň kazyýeti tarapyndan 2020-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda 6 ýyl azatlykdan mahrum edilen P. Allaberdiýewi derrew boşatmaga çagyryş etdi. P. Allaberdiýew Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 279-njy maddasy (garagollyk) we Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 108-nji maddasy (başga biriniň saglygyna ortaça zyýan ýetirmek) esasynda 6 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Aslynda welin, başgaça pikire eýe bolmagy we daşary ýurt oppozisiýasy güýçleri bilen arabaglanyşygy bolanlygy üçin Türkmenistanyň häkimýetleri howpdan goranmak üçin ony ýygnadylar - diýip Human Rights Watch öz metbugat beýanatynda aýdýar.

Adam hukuklaryny goraýjylaryň pikiriçe, Allaberdiýewiň tussag edilmegi Türkmenistanda barha artýan sosial dartgynlygyň we daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlarynyň görlüp-eşidilmedik protestleri yzygiderli geçirmegi esasynda bolup geçdi.

Türkmen Helsinki Adam Hukuklary Gaznasynyň müdiri Täjigül Begmedowa: "Allaberdiýewi daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistleri bilen baglanyşygy bar bolmagy mümkin diýip güman edýän, Türkmenistanyň häkimýetleri, ýalan aýyplamalar bilen yzarlamalar bilen, esasy hukuklara we adam azatlyklaryna doly hormatsyzlygyny görkezýär" -diýdi. "Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlary türkmen häkimiýetlerine hökmany suratda halkara borçnamalaryny ýatlatmaly we dowam etdirilýän basyşlaryň çynlakaý netijelere getirjekdigini aýdyň görkezmeli."

Türkmen häkimiýetleri özge pikirli raýatlara ýol bermeýärler we dönüklikde güman edilýänleri gözegçilik astynda saklaýarlar. Adalatsyz kazyýet işlerinden soň, galp aýyplamalar bilen azatlykdan mahrum edýärler. Gynamalar we uzak wagtlaýyn türme tussaglygyna sezewar edýärler. Adam hukuklaryny goraýjylaryň pikiriçe, häzirki wagtda hem onlarça adamyň dereksiz ýitendigini belleýärler.

"Human Rights Watch" guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa müdiriniň orunbasary Reýçel Denber:

"Allaberdiýewe garşy gozgalan kazyýet işi we aýyplamalar we onuň töweregindäki ýagdaýlar bu işiň syýasy sebäplidigini görkezýär" -diýdi. "Häkimiýetler ony derrew boşatmaly we azatlykdan mahrum etmek hökümini ýatyrmaly" - diýip belleýär.

Ynsan hukuklaryny goraýjylar, şeýle hem, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlaryny, ilkinji nobatda ABŞ döwletini, Ýewropa Bileleşigini we Ýewropa döwletleriniň howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk bileleşigine agza ýurtlary, Allaberdiýewi boşatmak we adalatsyz aýyplamalaryny ýatyrmak üçin Türkmenistana duýduryş we basyş görkezmäge we türkmen häkimiýetlerinden yzarlamalary we gorkuzmalary bes etmegi talap etdiler. Erkin pikirini aýdyp bilmegi üçin ýurdyň içinde we daşynda bolýan basyşlary togtatmaly.

Human Rights Watch, memorial Adam hukuklary merkezi, Norwegiýanyň Helsinki komiteti, Crude Accountabiliti, Bolgariýa Helsinki komiteti, Demokratiýa we adam hukuklaryny ösdürmek merkezi, Freedom Files, Adam hukuklary boýunça Türkmenistan Helsinki gaznasy, Adam hukuklary boýunça Türkmen insatiwasy, Türkmenistanyň Demokratik raýat bileleşigi .

http://www.gundogar.org/

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy:  Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi