Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmenistan: türme hassahanasynda tussaglar kyn ýagdaýda saklanýarlar!

 Türkmenistan: türme hassahanasynda tussaglar kyn ýagdaýda saklanýarlar!

Diňe 2019 - njy ýylda tussaghana hassahanasynda 700-e golaý adam aradan çykdy. Aradan çykmagynyň sebäpleri iýmit ýetmezçiligi we medisina kömeginiň pes derejede bolmagydyr.

MP-Б/158B belgili türme hassahanasy Mary welaýatynda ýerleşýär. Bu ýerä ýurduň ähli ýerinden agyr hassalyga uçran tussaglar getirilýär. Hassahananyň düzüminde tuberklýoz keselli hassalar üçin tubdispanser hem bar . Ondan başga hassahananyň çäginde hirurgiýa, terapiýa,ýokanç we deri keselleri üçin niýetlenen bölümler hem bar. Bölümler özara biri-birinden aýra bolany bilen, her bölümiň içinde jenaýatlarynyň we jezalarynyň tapawutlylygyna seretmezden äählisi bir ýerde saklanylýar.

Birnäçe ýyldan bäri yurtda dowam edip gelýän ekonomiki krizisiň netijesi türme hasshanasyndaky agyr hassalara hem öz täsirini ýetirýär. Ol hassalaryň ýakynlary hassahanada azyk iýmitleriniň birnäçe esse kemelendigini, gerekli bolan dermanlar bilen üpjün edilmeýändigini, medisina işgärleriniň ýeterlik derejede işini alyp barmaýandygyny şeýle hem parahorlugyň güýjändigini habar berýärler. Hassahananyň naharhanasynda hassalar üçin berilýän nahary iýer ýaly däl.

Ozal hassalara ertirlik naharynda mesge,ýumurtga,süýt berilýärdi. Ýeterlik derejede iýmitlenip bolýardy. Emma häzirler gramlaýyn berilýär. Oda her her gün däl. Aslynda tuberklýoz keseli bolan adam her gün hökmany suratda mesge we ýumurtga iýmelidir. Süýt gaty az getirilýär. Onyda suw bilen garyşdyrýarlar - diýip hassalardan biri gürrüň berdi. Öňler sygyr etini getirýän bolsalar, indi buýwol etini getirýärler. Ter bolmadyk gök önümleri we edil mal bakmak üçin niýetlenen ýaly hili pes ýeralmadyr käşiri getirýärler. Ýygy ýygydan çaý ýetmezçiligine duçar bolýarys. Kämahal çaýa derek ýarawlyk möhleti geçen kakadylan miweden mürepbe gaýnadyp berýärler. Elbetde kakadylan miwäniň içindäki gurçuklar hem miwe bilen bile gaýnaýar. Ýada gaýnadylan ýandagyň suwuny berýärler. Günlük berilýän çöregiň mukdaryny kemeltmek bilen, hilini hem pese düşürdiler.

Gürrüňdeşimiziň aýtmagyna görä hossarlaryndan goldaw gelmeýän hassalar ýarymaç ýagdaýda ýatýarlar. Hassahana başlyklaryna para bermegi başaran hassalar palatanyň içinde özlerine nahar taýarlap biýärler. Däri - derman meselesi kyn ýagdaýda bolup durýar. Gereli mukdaryndan azdygyna we hiliniň gaty pesdigine seretmezden , ogurlyk we korrupsiýanyň ösmegi netijesinde hassalara ýetmeýär diýen ýaly. Dermanlaryň esasy bölegini hassalaryň hossarlary öz pullaryna satyn alyp getirýärler. Hassahanada medisina işgärleriniň hünär ukybynyň pes derejede bolmagy we korrupsiýa ýokary derejede bolmagy ýarawsyz hassalar üçin uly problema bolup durýar. Kanun boýunça hassalara mugt bermeli dermanlar berilmeýärdä pula satylýar.

Türkmenistan hökümetiniň bir milliona golaý amerikan dollaryny çykdaýjy edip, medisina enjamlaryny satyn alandygyny we şol enjamlaryň entäk gutusynyň açylmandygyny bilýäris. Häzirki döwür tehnologiýalaryny ulanmakda ýeterlik derejede iş tejribesiniň ýokdugyny bilýändikleri üçin bozulmagyndan gorkup açmaýarlar. Hassalara sanjym üçin bir sany şpris birnäçe gezek ulanylýar. Ete urulýan snjymlaryň netijesinde , sanjym edilen ýeri gögerip çişip durýar. Hirurgiýa bölüminde ýer ýetmezçiligi zerarly hassalar palatanyň içinde edil boçkaň içine silýodka balygy örülen ýaly ýagdaýda ýerleşýärler. Diňe hirurgiýa bölüminde binaň içinde tuwalet bar. Beýleki bölümleriň hassalary öz işleri üçin daşarda ýerleşen tuwaleda barmaly. Ol tuwalet hem ýerde gazylan çukurdan ybarat bolup, unitaz goýulmadyk. Içerdäri tuwaletlerden diňe medisina işgärleri peýdalanyp bilýär.

Ýatakda ýarawsyz ýatan hassalar üçin aýratyn gözegçilik gerekdir. Hassalaryň aýtmaklaryna görä hassahanada ýörite ýatakdan turup bilmeýän hassalar üçin niýetlenen palata bar. Olary uzak wagtlap yuwundyrmaýarlar. Hajathana zerurçylygyny hem öz aşagyna etmäne mejbur bolýarlar we alaçsyz uzak wagtlap şeýle ýagdaýda galýarlar. Ýatakda ýatan hassalary birnäçe günde bir gezek ýuwundyrýarlar, oda nähili ýagdaýda? Daşara çykaryp suw şlangasy bilen ýuwup, guraýançalar günüň aşagynda galdyrýarlar. Hassalar tarapyndan edilen göwne ýakmajak hereketleri üçin medisina işgärleri rehimsizlik bilen urýarlar. Ol görgülilerde arz etmek mümkinçiligi asla ýok. Dilden galan hassalar naýynjar ses etmek bilen aglaýarlar. Beýle ýagdaýa düşen hassalarda sagalmana mümkinçilik asla ýok diýen ýaly. Dilden galan hassalaryň gürläp bilmeýändiginden peýdalanyp, medisina işgärleri ol hassalaryň ýakynlary tarapyndan getirilýän azyk önümlerini ellerinden alyp , pula beýleki hassalara satýarlar. Iň gynandyrýan ýeri , hassahananyň ýolbaşçylarynyň bu wakalardan habarlary bolsada , hiç hili çäre görmeýärler. Ýatakda ýatan hassalara hassahananyň naharhanasynda bişirilen nahardan getirip berýärler. Bir tarelka nahar bir adam üçin niýetlenen. Şol bir tarelkanyň içine ähli nahary garyşyk görnüşinde guýýarlar. Çaý ýada kompody plastmassa stakana guýup getirýärler. Köplenç ol stakanlar ýuwulmadyk bolýar. Şunuň ýaly usullar bilen ýatakda ýatan hassalar iýmitlendirilýär .

Tuberklýoz hassalygy bilen kesellän tussaglar üçin niýetelenen hassahana 4 sany binadan ybarat bolup , beýleki hassahanadan aýrydyr. Arasynda ýörite çekilen tikenli sim bar. Hassahananyň bir bölüminden başga bir bölümine geçmek üçin hökmany suratda ofisere para bermeli. Köp sanly hassalaryň aýtmaklaryna görä , hassahanada ýagdaý näçe kynam bolsa , yzyna türmä dolanmak islemýärler. Sebäbi türmäniň ýagdaýy mundan hem erbetdigini bilýärler. Şonuň üçin hassahanada galmak üçin elinden gaýgyrmaýarlar. Hatda ýyllardyr hassahanada tussaglygyny geçirýän hassalar bar .

Bize habar beren çeşmeleriň aýtmaklaryna görä 2019 -njy ýylda beýleki ýyllar bilen deňeşdirilende , tussaglar üçin niýetlenen hassahanada ölýän tussaglaryň sany köpelen. Ozal ýylda 300 töweregi adam ölýän bolsa , 700 -e golaý adam ölýär . Esasan hem aglaba bölegi tuberklýoz keseline duçar bolan adamlardyr.

Türkmenistanyň hökümeti her hili ýollar bilen BIRLEŞEM MILLETLER GURAMASYNYŇ gözegçilik toparyny ýurduň içine goýbermezlik üçin elinde baryny edýärler. Hatda Türkmenistanyň hökümedi GYZYL HAJ halkara komitetiniň ýurtdan mejbury ýagdaýda çykyp gitmegini gazanyp bildi.

АССА Media.

Iň soňky habarlar

 Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary
Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary
«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
Ölüm bilen gutaran wakadan  1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
Ölüm bilen gutaran wakadan 1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat berildi – THF
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat...