Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

AI: Öňki tussag gyssagly lukmançylyk kömegine mätäç.

AI: Öňki tussag gyssagly lukmançylyk kömegine mätäç.

Adam hukuklary boýunça halkara guramasy Amnesty International (AI) "gyssagly" bellik bilen “Türkmen Atlary” döwlet birleşiginiň öňki baş müdiri, meşhur atşynas, Geldi Kärizowyň saglygynyň Türkmenistanda alyp bolmaýan gyssagly ýöriteleşdirilen lukmançylyk bejergisine mätäçdigini habar berýär. Ynsan hukuklaryny goraýjylar, bolmasa durmuşynyň howp astyndadygyny nygtaýarlar.

62 ýaşly Kärizowyň maşgalasyny gara sanawa girizen türkmen häkimiýetleri, howpsuzlyk gulluklary tarapyndan hemişe gözegçilik astynda saklanýar we bejergi üçin daşary ýurda gitmäge rugsat bermeýär.

Mälim bolşy ýaly, Geldi Kärizow 2002-nji ýylda wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda we geleňsizlikde aýyplanyp, günäkärlenipdi. Türmede gynamalara sezewar edilendigi, netijede birnäçe agyr ýürek keselinden we gipertoniýadan ejir çekendigi mälimdir. Çärjew şäherindäki LBK-12 umumy rejimli koloniýasynda bu möhleti ýerine ýetirmek üçin 6 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Käbir maglumatlara görä, 2006-njy ýylda G.Kärizow Owadan-Depe ýapyk türmesine geçirildi we alty aý töweregi ol ýerde wagt geçirdi we sonra LBK-12-e gaýtaryldy. Şaýatlaryň sözlerine görä, Owadan-Depede bolanyndan soň, tussag Kärizowyň agramy bary-ýogy 50 kg bolup, “Buhenwaldyň ýesiri ýalydy” (Faşistleriň iň uly konslagerlerinden biriniň tussaglary).

2007-nji ýylyň oktýabr aýynda Geldi Kärizow prezidentiň günäsini geçmek baradaky kararyna laýyklykda boşadyldy.

Amnesty International guramasy, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowa, Milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýewe we Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowa G.Karizowyň syýasy äheňli yzarlamalaryny bes etmegini, oňa we onuň maşgala agzalaryna Türkmenistanyň daşyna syýahat etmek üçin rugsat berilmegini talap edip hat iberilmegini çagryş edýärler.

Ynsan hukuklaryny goraýjylar 2012-nji ýylyň fewral aýynda hem şuňa meňzeş çagyryş etdiler, emma türkmen häkimiýetlerinden henizem täsir ýok.

http://www.amnesty.org/en/library/asset/EUR61/001/2014/en/ef407e9b-e02d-47a1-a341-7921b3f9c01d/eur610012014en.pdf

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy:  Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...