Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Firýuzanyň ýaşaýjylary öýlerinden kowulýarlar.

 Firýuzanyň ýaşaýjylary öýlerinden kowulýarlar.

Ýakynda Türkmenistanyň prezidentiniň Gökdepe we Rahat etraplarynyň serhedindäki Çüli obasynda ýerli dolandyryş ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygyndan soň bu sebitde ýaşaýjylaryň öýlerinden köpçülikleýin göçürilmegi hasaba alyndy.

Çüliden başga-da, mysal üçin Firýuza (Arçabil) obasy göçürilmek bilen beýleki obalara-da täsir etdi. Alnan jaýyň ýerine başga ýaşaýyş jaýlary adamlara berilmeýär. Häkimiýetler diňe şahsy emläkleriň we gurluşyk materiallarynyň alynmagyna rugsat bermek üçin ýaşaýyş meýdanynyň gysga wagtda boşadylmagyny talap edýär.

Umytsyzlyga uçran adamlar ýerli dolandyryş binasynyň we Firýuza obasyna barýan ýollaryň öňüni kestiler. Ýaşaýjylary köpçülikleýin göçürmek, prezident Saparmyrat Nyýazowyň rezidensiýalarynyň biriniň Firýuzada ýerleşmegi bilen baglanyşyklydyr. Häkimiýetler ilatyň nägileliklerine repressiýa bilen jogap berdiler: piketler dargadyldy, ýaralananlar boldy, ondan gowrak adam tussag edildi. Jaýlary göçürmek we ýykmak şondan soň çaltlyk bilen amala aşyrylyp başlandy.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Türkmenler üçin kapas.
Türkmenler üçin kapas.