Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

“Gaçybatalga gözleýänleri meýletin gaýdyp gitmek baradaky beýana gol çekmäge mejbur edýärler”

“Gaçybatalga gözleýänleri meýletin gaýdyp gitmek baradaky beýana gol çekmäge mejbur edýärler”

19-njy sentýabrda Stambulda türk adam hukuklaryny goraýjylar we aklawçylar bosgunlary zor bilen deportasiýa etmek meselesini aýdyňlatdylar. Bilelikdäki ýygnak Türkiýäniň “Mazlumder” jemgyýetçilik guramasynynda geçirildi, netijede türk we arap dillerinde bilelikdäki beýannama kabul edildi, oňa türk we siriýa raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdy. Köp sanly metbugat hem gatnaşdy.

Rewolýusiýa Sosialistik partiýanyň agzasy Ýyldyz Önen (Yıldız Önen), içerki kanunlary kadalaşdyrýan Ženewa konwensiýasyna we Türkiýäniň daşary ýurtlulary we halkara gorag kanunyny bozýan ýurtda mejbury deportasiýanyň dowam edýändigini belläp geçdi. “Iýul aýyn yň hasabatyna görä müňlerçe siriýaly, owganly, liwanly, yraklylar, özbekler we türkmenler... gaçybatalga gözleýänleriň köpüsi ... zerur proseduralar bolmazdan deportasiýa edildi.” Gaçybatalga gözleýänleriň indi özlerini has howply ýagdaýda duýýandyklary nygtaldy.

Önen: “Türkiýä adalat we hukuk esasynda yzygiderli we uzak möhletli migrasiýa syýasat gerek ...” diýip teklip etdi.

Soňra aklawçy Gülden Sönmez (Gülden Sönmez) deportasiýa merkezlerindäki bosgunlaryň jynsparaz hüjümlere we kanunlaryň yzygiderli bozulmagyna sezewar edilýändigi barada çykyş etdi. “Bu ýagd aý gysga wagtda çözülmese, çynlakaý kyncylyklara duçar bolarys - diýip belledi. - 30 ýyl bäri kanuny işler bilen meşgullanýaryn we beýle kyn ýagdaýa hiç wagt duş gelmedim. Jynsparazlyk ösýär we munuň hukuk ulgamyna gaty çynlakaý täsiri bar. Jezasyzlyk jynsparazlygyň kislorodydyr ... Derňew işleri bolmalysy ýaly geçirilmeýär. Köp hadysanyň ýüze çykandygyna garamazdan ... prokurorlaryň derňew işi açmak üçin haýsy görkezmelere garaşýandyklaryny bilemok ...”

Soňra aklawçy mejbury deportasiýa we deportasiýa merkezlerindäki meseleler barada durup geçdi:“... Ol ýerde saklanýan müşderilerimiz bilen hem habarlaşyp bilmeýäris. Nirä äkidilendigini, nirededigini bilmek üçin birnäçe hepde gerek bolup durýar ... Tuzla şäheriniň deportasiýa merkezine barýarys, şol ýerde öwrenýäris, müşderimiz Konýa şäherine iberildi, ol ýere baranymyzda, Wan şäherine iberilendigini bilýäris. Köplenç müşderilerimiziň aklawçylara garaşman deportasiýa edilýändigini bilýäris.”

Aklawçylar “Meýletin” razylyk esasynda deportasiýa edilmegi kemsidiji görnüş diýip atlandyrdylar. “Olary meýletin gaýdyp gitmek barada beýana gol çekmäge mejbur edýärler. Hatda haýsydyr bir jenaýata dahylly bolmadyk adamlar hem jenaýat bilen baglanyşykly adamlar ýaly deportasiýa edilýär ... Şeýle hem bosgunlar tussag merkezlerinde öz janyna kast etmek wakalary hakynda eşidýäris, ýöne muny tassyklap bilmeýäris. Adam hukuklary boýunça Mejlis komissiýasy bu wakalary öwrenmeli we derňemeli, bu aýyplamalar çynlakaý häsiýeti daşaýar ... ”

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...
Türkmenler üçin kapas.
Türkmenler üçin kapas.
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi