Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Balkanabatly ýurist Pygambergeldi Allaberdiýew “wezipeli şahsyň mertebesini kemsitmekde” aýyplandy. Oňa pul jerimesi salyndy

Balkanabatly ýurist Pygambergeldi Allaberdiýew “wezipeli şahsyň mertebesini kemsitmekde” aýyplandy. Oňa pul jerimesi salyndy

Türkmenistanda häkimiýetler tarapyndan syýasy sebäpler esasynda ýanalandygy aýdylýan balkanabatly ýurist Pygambergeldi Allaberdiýewiň “wezipeli şahsyň mertebesini kemsitmekde” aýyplanyp, pul jerimesini tölemeli edilendigi barada, 20-nji fewralda “Türkmen Helsinki Fondy” habar berdi.

Adam hukuklary boýunça toparyň biri-birinden aýry iki çeşmä salgylanyp berýän maglumatyna görä, geçen dekabrda Balkanabadyň sement zawodynda ýurist bolup işleýän Allaberdiýew, işdeşleriniň arasynda bir emeldara onuň özüni alyp barşy boýunça bellik edipdir.

31-nji ýanwarda ýerli sud ony “Döwlet we beýleki guramalaryň we olaryň işgärleriniň kanuny işlerine päsgelçilik döretmekde” günäli tapypdyr, we 200 manat möçberinde jerime tölemeli edipdir. Suduň karary entek Allaberdiýewiň özüne gowşurylmandyr.

Türkmenistanyň Nebit-gaz ministrliginiň “Nebitdagnebit” müdirliginde ýurist bolup işlän Allaberdiýew 2020-nji ýylyň sentýabrynda daşary ýurtlardaky protest hereketlerine goşulmakda güman edilenden soň, türkmen howpsuzlyk gulluklary tarapyndan tussag edildi we munuň yz ýany, “bozgakçylyk” aýyplamalary esasynda alty ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edildi. Ol 2022-nji ýylyň dekabrynda günä geçiş esasynda azatlyga çykdy.

Hukuk goraýjylar Allaberdiýewiň mundan soň hem türkmen häkimiýetleri tarapyndan ýanamalara sezewar edilendigini, onuň 18-nji ýanwarda Eýrana gitmekçi bolanda, goýberilmändigini aýdýarlar.

Türkmenistan daşary ýurtlardaky hukuk goraýjylaryň çap eden habarlaryna hiç bir reaksiýa bildirmeýär. Azatlygyň türkmen resmileri bilen gürleşmek, düşündiriş almak synanyşyklary netije bermedi.

Azatlyk Radiosy

Iň soňky habarlar

"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...
Türkmenler üçin kapas.
Türkmenler üçin kapas.
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi