Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmenistanyñ öňki Baş prokurory Gurbanbibi Atajanowa türmede aradan çykdy

Türkmenistanyñ öňki Baş prokurory Gurbanbibi Atajanowa türmede aradan çykdy

Türkmënistandan çeşmämizden alynan maglumata görä, Daşoguzdaky aýallar koloniýasynda (1947-nji ýylda doglan) Gurbanbibi Atajanowa aradan çykdy. Habaryň jikme-jiklikleri anyklanylýar.

G.Atajanowa 1997-nji ýylyň aprel aýynda ýurdyñ Baş prokurory wezipesine bellenilipdi. 2006-njy ýylyň 24-nji aprelinde Ministrler Kabinetiniñ mejlis zalynda tussag edildipdi.

Atajanowa birnäçe korrupsiýa jenaýatlarynda aýyplanyp höküm çykaryldy; 2006-njy ýylyň maý aýynda ol «masgaraçylykly hereket edenligi we prokuratura işgäriniň ýokary adyny abraýdan düşürenligi sebäpli» ähli atlaryndan we döwlet sylaglaryndan mahrum edildi.

Wikipediýanyň maglumatlaryna görä, “birnäçe tussaghanada saklanmagyndan soň, Atajanowa gyzy bilen bilelikde 2006-njy ýylyň dekabr aýynda aşa zalym düzgünleri bilen tanalýan Daşoguz aýallar koloniýasyna geçirildi. Ykbalynyň garakçy ýowuzlygy ýa-da duşmanlarynyň masgaralaýjy degişmesi netijesinde, Atajanowa hut şol koloniýa düşdi. Ol koloniýany tussag edilmezinden üç aý öň prokuror hökmünde barlap, şondaky şertleri «dynç alyş öýüne meňzeýär» diýip atlandyran ekeni.”

Öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyñ ýolbaşçylygynda işläp baran döwründe, berk aýyplamalary we bigünä raýatlary yzarlamakdaky zalymlygy bilen tanalan G. Atajanowa, türkmen prokuraturasyny gözegçilik guramasyndan jezalandyrma guralyna öwürdi. Onuñ ýörgünleşdiren repressiýalary N. Ýožow we L. Beriýa döwründäki hereketler bilen deňeşdirilýär.

Soñra bu tejribe ýurduň beýleki güýç edaralary tarapyndan hem dowam etdirildi.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.