Şu gün, awgust aýynyň 19-nda, türkmen blogçylary A. Orusow we A. Sahadowyň ýitirim bolanyna 26 gün geçenden soň, aklawçy Kader Sevimli öňden talap eden resmi resminamalaryny olaryň saklanan Edirne şäherindäki deportasiýa merkezinden aldy. Resminamalara görä, blogçylar 24-nji iýulda deportasiýa merkezinden goýberilipdir.
Administratiw gözegçiligiň bes edilmegi baradaky resminamalar hem bar. Emma, blogçynyň aýalynda A. Sahadowyň resminamasy şübhe döredýär.
Güllala Hasanowanyň sözlerine görä, bu resminamadaky gol blogçynyň hakyky goluna (mysal üçin, pasportyndaky gol bilen) laýyk gelmeýär.
Güllala bu laýyk gelmezlige aklawçylaryň ünsüni çekdi.
Edirne deportasiýa merkezinden berlen resminamadaky gol bilen Abdulla Orusowyň pasportunyň göçürmesindäki goluň arasynda-da tapawutlaryň bolmagy sorag döredýär.
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.