Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

TÜRKMENISTAN: ÝYGNAK WE BIRLEŞIK AZATLYGY NIREDE?

TÜRKMENISTAN: ÝYGNAK WE BIRLEŞIK AZATLYGY NIREDE?

Hanym Dunýa Miýatowiçiň " biz 21-nji asyrda OSCEHHG sebitinde özüni halkara demokratiýanyň kluby diýip atlandyrmak bilen adamlary türmä basmagy dowam etdirip bolmaz" -diýen sözleri bilen doly ylalaşýaryn.

Şeýle hem, Ýewropanyň howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk gullugynyň Aşgabatdaky ofisiniň kyn şertlerde işleýändigine düşünýäris. Şeýle-de bolsa, geosyýasy ýagdaý türkmen halkynyň erkinligi üçin tagalla etmek sebäp däl diýip pikir edýäris.

Adamlar yzarlanmakdan gorkup, özbaşdak ýygnanyşyp bilmeseler, toparlar döredip bilmeseler, ol ýurtda azatlyk bar diýip bolmaz. 20 ýyllyk gorky astynda saklanan we repressiýa sezewar edilmeler netijesinde özbaşdak başyny galdyryp bilmeýän jemgyýetimiz bar diýip bileris. Ol jemgyýet kömege we goldawa mätäç. Häzirki wagtda esasy kynçylyk nämeden ybarat bolup durýar? Resmi häkimiýetler aktiwistleriň we halkara guramalaryň kömeginden düýbünden ýüz öwürmegi ýa-da muny kabul etmäge razy bolandyklaryny bildirsede, ýöne iş ýüzünde “Potemkin obasyny” ýadyňa salýar.

Dört ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň prezidentiniň jemgyýetçilik guramalaryna berk basyşlaryny gowşatmak baradaky wadalary arzuw bolup galýar. Bu wadalar deklarasiýa derejesinde galdy. Mundan başga-da, täze hökümet, öňki ýaly, aktiwistleri halkyň duşmany diýip atlandyrýar.

Berdymuhammedow häkimiýet başyna geleli bäri hiç bir hökümete degişli bolmadyk gurama resmi bellige alynmady. Iş ýüzünde kanuny status almak we jemgyýetçilik guramalaryny hasaba almak üçin mümkinçilikler hiç hili ýagdaýda ýok. Döwlete degişli bolmadyk guramalar hasaba alynan ýagdaýynda, häkimiýetleriň jemgyýete we durmuşynyň käbir ugurlaryna gözegçiligini ýitirmek gorkusynyň bardygyny görkezýär.

Söz azatlygyna we erkin birleşmek azatlygyna girizilen çäklendirmeleriň netijesinde ýurtda adam hukuklary üçin göreşýän ýekejede topar ýok. Görşümiz ýaly döwletde özbaşdak ýygnanyşmak kanuny ýok. Muňa garamazdan wagtal- wagtal öz nägileligini bildirýän raýatlar peýda bolýarlar, netijede döwlet resmileri tarapyndan basyşlara sezewar bolýarlar. Ýaşaýan jaýynyň ýerinde başga bina gurulmaly bahanasy bilen jaýy ýykylýar. Hukuk goraýjy işgärleriniň berk gözegçiliginde bolmak bilen, dürli kynçylyklara duçar bolýarlar.

Jaýlaryň üçeginde ornaşdyrylan sputnik antenleri binanyň bezegini peseldýär bahanasy bilen olary aýyrmak, baradaky talaplar aslynda garaşsyz maglumatlary halka ýetirmezligiň ýene bir synanyşygydyr.

Başga bir hakykat. Günbatar özbaşdak jemgyýetçilik guramalarynyň, şol sanda Türkmenistanda döremegine we ösmegine kömek etmäge synanyşýar. Emma halkara donorlary diňe hasaba alnan jemgyýetçilik guramalaryna goldaw bermek düzgüni bar. Türkmenistanda hasaba alnan jemgyýetçilik guramalarynyň hemmesi hökümete degişlidir. Beýlekiler ýok. Netijede halkara kanuny awtoritar režimini güýçlendirmek üçin ulanylýar.

Türkmen kanun çykaryjylarynyň gatnaşmagynda halkara bilermenler toparyny döretmegi, ýygnaklar baradaky kanuny halkara ülňülerine laýyklykda kabul etmegi teklip edýäris.

THF başlygynyň OSCEHHG-ODIHR-iň ýyllyk ýygnagynda eden çykyşy.

Iň soňky habarlar

Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana...
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar