27-nji martda Türkmen Helsinki Fondy habar aldy: “Kömek ediň, ýagdaýdan çykalga tapyp bilemok. Birnäçe günden bäri howa menzillerinde ýatýaryn, hiç bir ýurt meni kabul etmeýär. Iki günlik Türkiýeden Ukraina geldim we şu ýerde Lwow howa menzilinde çykalga tapmany otyryn ... "
Türkmenistanyň howpsuzlyk sebäpli, adynyň doly tutulmazlygyny islyan, 21 yashly raýaty, O.Ç. (21 ýaşy), Türkiýede wagtlaýyn kimlik resminamalary uzaltmak üçin iki gün Ukraina, soň bolsa Türkiýä gaýdyp barmak kararyna geldi. Emma Lwowdan uçar Stambula gonanda, gyz ýene Lwowa deport edildi.
Öwrenişimiz ýaly, 2018-nji ýylda O. Ç. iş wizasy bilen Stambula uçdy. 2020-nji ýylda oňa inçekesel diagnozy goýuldy, gyz türk lukmanlary tarapyndan bejerildi we lukmançylyk gözleglerine görä 8 aýdan soň keselden gutuldy-sagaldy.
Iş wizasynyň möhleti 2020-nji ýylyň mart aýynda gutardy, şonuň üçin O. Ç. Türkmenler üçin Türkiýe wiza talap edilmeýändigi sebäpli Stambuldan çykyp, gaýtadan girmegi makul bildi.
22-nji martda bir gezeklik ukrain wizasy bilen O. Ç. Lwowa uçdy, soňra 25-nji martda Stambula gaýdyp geldi. Emma türk häkimiýetleri O.Ç. serhetden geçirmediler, bütin gün Stambul howa menzilinde saklap, ony Lwowa gaýtardylar. O. Ç. deportasiýa edilmeginiň sebäbini zordan anyklap bildi: “saglyk problemalary sebäpli ”. O. Ç. bejerginiň netijelerini, ähli lukmançylyk resminamalaryny görkezdi, ýöne serhetçiler öz kararyny ütgetmediler. Görnüşi ýaly, gyz inçekesel bilen kesellän badyna ýerli lukmançylyk hyzmatlary ony Türkiýä girmegi gadagan edilen adamlaryň sanawyna goşypdrlar.
Öz gezeginde, ukrain häkimiýetleri onuň diňe ýekeje giriş hukugynyň bardygyny aýdyp, onuň girmegini ret etdiler. Lwow howa menzilinde ony kiçijik bir otagda saklaýarlar, hiç hili kömek bermeýärler we howa menziliniň işgärleriniň aýdyşy ýaly “Minskä has ähtimal” ibermek isleýärler. Şu yerde bellemeli zat: Geçen ýyldan bäri Pandemia sebäpli Türkmenistana gatnawlary ýatyrylan.
Häzirki wagtda O. Ç. degişli lukmançylyk hyzmatlary arkaly Türkiýä girmegi gadagan edilen adamlaryň sanawyndan gyzyň adyny aýyrmak üçin türk aklawçysyny gözleýärler.
Biziň watandaşymyz henizem Lwow howa menzilinde bolandygyny habar berýär: “Dördünji gün meni kiçijik otagda suwsyz, iýmitsiz, lukmançylyk kömegsiz, arassa howasyz saklaýarlar. Maňa aklawçy we terjimeçi berilmedi. Adam ýaly uklamaga ýa-da ýuwynmaga şert hem ýok ".
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondy.