Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmenistanda graždan aktiwisti 15 günlük adminstratiw tussaglykdan boşadyldy.

Türkmenistanda graždan aktiwisti 15 günlük adminstratiw tussaglykdan boşadyldy.

Türkmenistandan gelip gowşan maglumatlara görä, 8-nji awgustda Türkmenabatda daşary ýurtdaky protest hereketindäki aktiwistler bilen internet arkaly gatnaşykda bolanlygy üçin tussag edilen mekdep mugallymy Reimberdy Kurbanow 15 günlük administratiw tussaglykdan soň 25-nji awgustda boşadyldy. Kurbanow bilen bir wagtyň özünde Türkmenabatda tussag edilen ikinji aktiwistiň ( ady tassyklanmadyk) ykbaly entek belli däl.

1996-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda doglan Kurbanow Reimberdi Muradowiç ýerli ýöriteleşdirilen mekdepde mugallym bolup işledi. Ol 8-nji awgustda öýlän okuwçylaryň we mugallym kärdeşleriniň gözüniň öňünde polisiýa işgärleri tarapyndan tussag edildi. Şol gün, ýaşaýan kwartirasynda gözleg geçirilende (3-nji kwartal, 33-nji jaý, 23-nji öý) howpsuzlyk gullugy kompýuter enjamlaryny, telefon we elektron maglumat göterijilerini ( fleşka) tapdylar. Tapylan enjamlarda protest hereketi bilen baglanyşykly materiallary bardy. Şeýle hem Türkmenistanyň sosial meseleleri, kynçylyklary barada maglumatlar bardy. Garyndaşlarynyň aýtmaklaryna görä, gözleg geçirýän döwlet işgärleri öý dökmäne hiç hili rugsatnama görkezmekden ýüz öwürdiler we tapylan enjamlary döwlet haýryna geçirmek barada protokol düzmezden aldylar.

Reimberdi 1964-nji ýylda doglan ejesi 2-nji derejeli maýyp Reimowa Nargul Orunowna we 1987-nji ýylda doglan 1-nji derejeli maýyp kiçi dogany Hezret Bahadirowiç Reimow üçin maşgalanyň ýeke-täk ekleýjisi bolup durýar. Gözleg geçiren aňtaw gullugynyň işgärleri Reimberdiniň ejesine oglunyň Watana dönüklik edip, 15-25 ýyl azatlykdan mahrum edilip bilinjekdigini aýtmak bilen maşgala agzalaryna haýbat atdylar. Netijede, tussag edilen ejäniň gysga wagtyň içinde iki gezek insult pristupyny geçirendigini habar berdiler.

Tussag edilmeginden bir gün öň Reimberdi Kurbanow, IMO arkaly söhbetdeşliklere we hat alyşmalara işjeň gatnaşýanlygy sebäpli howpsuzlygyndan gorkýandygyny aýtdy.

Daşary ýurtdaky nägilelik hereketiniň wekiliniň sözlerine görä, Raimberdi tussag edilenden soňam, adyndan internet sahypasynda näbelli bir adam henizem hatlara jogap berýär, käbir söhbetdeşlik toparlaryna girýär we beýleki aktiwistleriň aragatnaşyklaryny tapmaga synanyşýar. Olaryň sözlerine görä, protest hereketi bilen arabaglanyşygy güman edilýän dosty Türkmenabatda-da tussag edilipdir.

Şol bir wagtyň özünde sebitdäki internetiň hiliniň ýaramazlaşmagy we dürli daşary ýurt saýtlaryna girişiň petiklemek işleriniň güýçlendirilmegi barada maglumat alynýar. Internedi petiklemek ýokarlanandygy baradaky habarlar diňe bir Türkmenabatdan däl, eýsem Türkmenistanyň beýleki dolandyryş merkezlerinden hem gelýär.

Täjigul Begmedowa, Türkmen Helsinki gaznasy.

Witaliý Ponomarýow, Adam hukuklary “memorial” merkezi .

Iň soňky habarlar

"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...
Türkmenler üçin kapas.
Türkmenler üçin kapas.
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi