Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmenistanda jurnalist Soltan Açilowa edilýän basyş dowam edýär.

 Türkmenistanda jurnalist Soltan Açilowa edilýän basyş dowam edýär.

Türkmenistanyň ýörite hyzmatlary jurnalist Soltan Açilowa psihiki taýdan basyş etmegi dowam etdirýär. Bu barada Hronika Turkmenistan öz saýtynda habar berýär.

Ony aç-açan yzarlaýarlar. Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýa-da polisiýanyň işgärleri Açilowanyň duşuşýan adamlarynyň ýanyna gelip, haýsy maksat bilen duşuşandyklaryny, näme hakda gepleşendiklerini, näme gyzyklandyrýandygyny anyklaýarlar. Soltan Açilowanyň döwlete garşy işleýän daşary ýurtly guramalar bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar. Onuň bilen gatnaşygy saklaýanlarda çynlakaý kynçylyklar bolup biler diýip duýdurýarlar.

Şondan soň käbir adamlar jurnalist bilen aragatnaşygy bes edýärler.

Açylowanyň öýüniň girelgesinde irdenden agşama çenli bir ýaş ýigit nobatçy bolup durýar (suraty başda görkezilen). Goňşularyň pikiriçe, ol ýigit bu ýa-da ýakyn ýerlerde ýaşamaýar. Jurnalist öýden çykanda, bir ýere jaň edýär we biraz wagt ýoldaş bolýar, soň bolsa öýüne gaýdýar.

Soltan Açilowa öýden uzakda bolanda, kimdir biri ony hemişe aç-açan takyp edýär.

2022-nji ýylyň ýanwar aýynda näbelli bir adam jurnalistiň öýüniň sowadyş ulgamynyň açyk bölüminiň turbasyny kesdi. Soňra etrap polisiýa işgäri, sowadyş ulgamyny bejerýän jaý dolandyryşynyň hünärmenini çagyrdy, ýöne polisiýa betpäl hüjümçini gözlemeýär.

Açilowa professional işi üçin gaýta-gaýta hüjümlere we prowokasiýalara sezewar bolýar.

2021-nji ýylyň ýanwar aýynda jurnalist Martin Ennals halkara adam hukuklaryny goraýjylar baýragynyň finalyna çykdy.

Türkmen Helsinki Fondy.

Iň soňky habarlar

“Gaçybatalga gözleýänleri meýletin gaýdyp gitmek baradaky beýana gol çekmäge mejbur edýärler”
“Gaçybatalga gözleýänleri meýletin gaýdyp gitmek baradaky beýana gol çekmäge mejbur edýärler”
Türkmenistanlylar türk deportasiýa merkezlerindäki 'ýaşaýyş şertlerine çydaman', watana dolanmaly bolýarlar
Türkmenistanlylar türk deportasiýa merkezlerindäki 'ýaşaýyş şertlerine çydaman', watana dolanmaly...
Daşoguz welaýatynyň howpsuzlyk işgärleri 7 ýolagçynyň ölmegine sebäp bolan awtoulag heläkçiligi baradaky maglumatlary gizlemäge synanyşýarlar.
Daşoguz welaýatynyň çinowniklary 7 ýolagçynyň ölmegine sebäp bolan awtoulag heläkçiligi baradaky...
THF: Türkmenistanly Baýmyradow Türkiýeden ‘bikanun’ deport edildi
THF: Türkmenistanly Baýmyradow Türkiýeden ‘bikanun’ deport edildi
Din meseleleriň kynçylyklary.../Преследования верующих не прекращаются
Din meseleleriň kynçylyklary.../Преследования верующих не прекращаются