Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Azatlyk Radiosy: Nurgeldi Halykow azatlyga çykdy

Azatlyk Radiosy: Nurgeldi Halykow azatlyga çykdy

2020-nji ýylda dört ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edilen türkmenistanly raýat žurnalisti Nurgeldi Halykow 8-nji iýunda türme möhletini tamamlap, azatlyga çykdy. Bu barada garaşsyz Turkmen.news neşiri habar berýär.

Halykow koronawirus pandemiýasy bilen bagly ýagdaýlary öwrenmek üçin 2020-nji ýylyň iýulynda Türkmenistana sapar eden Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýörite missiýasynyň agzalarynyň Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda düşürilen suratyny Turkmen.news neşirine iberenden soňra häkimiýetler tarapyndan tussag edildi.

Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrap kazyýeti şol ýylyň sentýabrynda kezzaplykda günä bildirilen Halykowy dört ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek barada höküm çykardy. Turkmen.news neşiri raýat žurnalistiniň toslama aýyplamalar bilen türmä tussaglygyna höküm edilendigini aýtdy.

Neşire görä, Halykow jeza möhletini Lebap welaýatynyň umumy düzgünli LB-E/12 türmesinde ýerine ýetirdi. Häzirki wagtda Myrat Duşemow, Allamyrat Körhanow we Myrat Öwezow ýaly aktiwistler, şol sanda 2023-nji ýylyň dekabrynda Russiýada ýitirim bolan Mälikberdi Allamyradow hem bu türmede saklanýan ekeni.

Raýat žurnalisti 2017-2020-nji ýyllar aralygynda Turkmen.news neşiri bilen hyzmatdaşlyk edipdir. Garaşsyz neşir onuň žurnalistik işinden ar alyş matlaply, toslanyp tapylan aýyplamalar esasynda tussaglyga höküm edilendigini aýtdy.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ), düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” (RSF) guramasy Türkmenistanda žurnalistleriň öz işlerini erkin ýerine ýetrirmeklerine rugsat berilmegine we raýat žurnalistiniň tussaglykdan boşadylmagyna birnäçe gezek çagyryş etdiler.

Ýewropa Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň media azatlygy boýunça wekili Tereza Ribeýro 2021-nji ýylyň 11-nji fewralynda Awstriýanyň Wena şäherinde türkmen diplomatlary bilen geçiren duşuşygynda Halykowyň ykbaly bilen gyzyklandy. Ribeýro 2023-nji ýylyň tomsunda Aşgabada amala aşyran saparynyň dowamynda hem Türkmenistanyň hökümetini media azatlygy babatynda öz üstüne alan halkara borçnamalaryny berjaý etmäge çagyrdy.

Türkmen hökümeti ýurtda söz we metbugat azatlygyny berk çäklendirmekde yzygiderli tankyt edilýär. Ýurduň media kanunçylygy senzurany gadagan edýär, ýöne muňa garamazdan iş ýüzünde senzura öz güýjünde galýar. Şeýle-de media serişdeleri ýurduň ajaýyp keşbini şöhlelendirmek bilen borçlandyrylýar. Metbugat azatlygy boýunça halkara hasabatlarda Türkmenistan pes görkezijilere mynasyp bolýar.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň 3-nji maý – Bütindünýä metbugat azatlygy gününde çap eden iň soňky hasabatynda Türkmenistan 180 ýurduň arasynda 175-nji orunda ýerleşdirildi. Soňky ýyllarda dünýäniň köp sanly beýleki ýurtlarynda hem metbugat azatlygynyň ýagdaýynyň ýaramazlaşýan döwründe Türkmenistan, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, bu ugurda iň yzdaky orunlardan arany açmaga çalyşýar.

Türkmenistan bu hasabatda 2023-nji ýylda 176-njy, 2022-nji ýylda 177-nji, 2021-nji ýylda 178-nji we 2020-nji ýylda bolsa, yzdan ikinji orunda 179-njy orunda ýerleşdirilipdi.

Şeýlelikde, Türkmenistan media azatlygy boýunça halkara hasabatda soňky dört ýylda dört dereje ýokary galdy. Ýöne, bu döwürde dünýäniň ençeme ýurdunda metbugat azatlygynyň ýagdaýy ýaramazlaşdy. Bu aralykda, raýat žurnalisti soňky dört ýylyny türmede geçirdi.

Žurnalistleri goramak baradaky komitet 2021-nji ýylda Nurgeldi Halykowy tussagdaky žurnalistler sanawyna goşdy. Komitet soňky sapar 2023-nji ýylyň dekabrynda bu iş boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden hem-de Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetinden teswir alyp bilmändir.

Azatlyk Radiosy hem Nurgeldi Halykowyň ýagdaýy boýunça türkmen resmilerinden teswir alyp bilmeýär.

Iň soňky habarlar

Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana...
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar