Alişer Sahatowyň we Abdulla Orusowyň aklawçysynyň talaby, şeýle hem Edirne şäher Prokuraturasynyň (Döwlet işgärleri tarapyndan edilen jenaýatlary derňemek bölümi) 2026/2232 belgili işi boýunça beren tabşyrygy esasynda, şäher polisiýasy tarapyndan Edirne Deportasiýa merkeziniň töweregindäki wideo gözegçilik kameralarynyň ýazgylary barlanyldy.
Şol barlagyň netijesinde polisiýa tarapyndan aşakdaky mazmunly teswirnama taýýarlandy: "...barlagyň dowamynda görkezilen sebitde toý zallarynyň bardygy anyklandy. Emma waka bolan wagty degişli wideo ýazgylary saklanmandygy sebäpli, olary seljermek mümkin bolmady.
Mundan başga-da, dolandyryşymyzyň ygtyýarynda bolan KGYS (şäher wideo gözegçilik ulgamy) kameralarynyň ýazgylary takmynan bir aý saklanýandygy sebäpli, şol ýazgylary hem barlamak mümkin bolmady. Geçirilen çäreleriň netijesinde KGYS ulgamyndan ýa-da beýleki howpsuzlyk kameralaryndan şu waka degişli hiç hili ýazgy tapylmady."
"Türkmen ýaş blogerleriniň ýitirim bolmagy henizem garaňky bolup galýar. Garaşsyz synçylarda türk hukuk goraýjy edaralarynyň türkmen režiminiň bähbidine başyndan bäri wideo ýazgylarynyň barlagyny bilkastlaýyn bürokratik päsgelçiliklere duçar edip, şeýlelik bilen bu işe degişli möhüm maglumatlary gizlemäge synanyşandygy baradaky täsir döredi" diýip, Türkmen Helsinki Adam Hukuklary Gaznasynyň agzasy Annadurdy Hajyýew ýagdaýy teswir etdi.
Şol bir wagtyň özünde käbir çeşmeler iki türkmen blogeriniň Türkiýeden alnyp gidilip, häzirki wagtda Türkmenistandadygyny öňe sürýärler. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda bu maglumaty tassyklamak ýa-da inkär etmek mümkin däl.
A.Sahatowyň kakasy birnäçe gezek Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralaryna ogluny gözlemäge ýardam bermek baradaky haýyş bilen ýüz tutdy. Emma onuň ähli ýüzlenmeleri jogapsyz galýar.
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy