Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Balkanabatly ýuristiň geçiriljek kazyýet işiniň güni bellenildi.

Balkanabatly ýuristiň geçiriljek kazyýet işiniň güni bellenildi.

Türkmenistan: Balkanabatda protest hereketi bilen baglanyşyklylykda güman edilýän ýurist üçin geçiriljek kazyýet işiniň güni kesgitlenildi. Kazyýetdäki materiallar henizem elýeterli däl.

Döwlet nebit we gaz öndürýän kärhanasynyň Pygambergeldi Allaberdiýewiň 48 ýaşly ýuristine garşy gozgalan jenaýat işi boýunça derňew işiniň tamamlanandygy mälim boldy.

Balkanabat şäher kazyýetinde kazyýet diňlenişigi 29-njy sentýabrda irden geçiriler - diýlip habar berilýär. Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň daşary ýurtlardaky nägilelik hereketine gatnaşyjylar bilen aragatnaşyk saklamakda güman edilýän Allaberdiýew 5-nji sentýabrda garagollukda aýyplanyp, Balkanabatda tussag edildi (kazyýet işi barada has giňişleýin maglumatlary 09/07/2020 we 09/10/2020 we metbugat beýanatlaryna seredip bilersiňiz. Günäkärlenýäniň garyndaşlary, Allaberdiýew bilen görüşmäne rugsat berilmeýänligi barada habar berdiler. Ýörite hakyna tutulan aklawçy adwokat Şyhmyrat Myratjanowa iş materiallary bilen tanşyp bilmedi.

14-nji sentýabrda tussag edilen aklawçynyň aýaly Satlykgül Allaberdiýewanyň aýtmagyna görä Balkan welaýatynyň prokuraturasyna ýüz tutuldy. Ýüzlenmäniň bir nusgasy adam hukuklaryny goraýjylara gowşuryldy. Bu resminamada adamsy 5-nji sentýabrda tussag edilenden soň, maşgalanyň nirededigini anyklap bilmeýändigi sebäpli ýörite hakyna tutulan aklawçy adwokat bellenilendigi aýdylýar. Adwokata öz müşderisi bilen üç günden soň duşuşmaga rugsat berildi, emma olar henizem jenaýat işine degişli resminamalaryň göçürme nusgalaryny bermekden ýüz öwürýärler. Satlykgül prokuraturadan adamsynyň tussag edilmeginiň sebäpleri barada ýazmaça habar bermegini soraýar.

16-njy sentýabrda prokuratura bu arzany Balkanabat şäher polisiýasynyň başlygyna iberdi. Häzirki wagta çenli entäk jogap ýok. 24-nji sentýabrda Allaberdiýewiň maşgalasy polisiýa derňewçisi Kümmet Ylýasow bilen duşuşdy. Öz gezeginde polisiýanyň derňewçisi aýyplamalar baradaky soraglara jogap bermekden ýüz öwürdi: "Men resminamalary diňe adwokata berip bilerin" -diýip jogap berdi. Beýle jogaby eşiden soň, hakyna tutma bellenilen adwokaty telefon arkaly gürleşdirdi. Polisiýa derňewçisi bilen gürleşen adwokat "Hassalygym sebäpli iş rugsadyny alýaryn, siz başga bir aklawçy adwokat gözläň" diýdi.

Bu söhbetdeşlikden soň garyndaşlary takmynan onlarça ýerli aklawçy adwokatlar bilen görüşdiler, ýöne olaryň ählisi bu işe gatnaşmakdan ýüz öwürdiler. Olaryň biri bütin welaýatda diýen ýaly Allaberdiýewiň tussag edilendigi baradaky habaryň giňden ýaýrandygyndan habarly bolup, bu işiň syýasydygyny we Aşgabadyň gözegçiliginde bolmagy bilen, bu işi boýnuna alan aklawçy adwokatyň kyn güne galyp biljekdigini aýtdylar. Hukuk goraýjy edaralardaky bir çeşmäniň habaryna görä, sorag wagtynda Allaberdiýewe Prezident Berdymuhamedowyň portretiniň ýakylmagy barada soraglar berlipdir. Ýurist öz günäsini inkär etdi. Allaberdiýewiň bu hadysa gatnaşmakda günäkärlenendigi ýa-da ýokdugy entek belli däl.

Soňky günlerde Türkmenabadyň (Türkmenistanyň gündogarynda) protest hereketi bilen baglanyşykly täze administratiw iş barada maglumat alyndy. 16-njy sentýabrda ýerli sport mekdebiniň 25 ýaşly tälimçisi (garyndaşlarynyň haýyşy boýunça ady çap edilmeýär) ak geýim bilen şäheriň häkimlik binasynyň öňüne çykypdyr. Polisiýa işgärleri näme maksat bilen bu ýere gelenini soranlarynda, ýurtda korrupsiýanyň ösmegi, bank kartlaryndan pullary nagtlaşdyrmak üçin girizilen çäklendirmelere, azyk önümleri üçin halkyň uzyn nobatlarda durmagyna öz nägileligimi bildirýärin - diýip jogap berdi. Garyndaşlarynyň aýtmagyna görä polisiýa tarapyndan onuň tussag edilip, 7 gün administratiw tussaglykda saklanandygyny habar berýärler.

Sentýabryň ortalaryndan başlap, Lebap welaýatynda ýene birnäçe gysga möhletli tussaglyklaryň bolandygyny, şeýle hem Mary welaýatda oppozisiýa pikirli raýatlaryň toparlarynyň köçelerde ýygnanandygy barada 17-nji sentýabrda Aşgabatda polisiýa paýtagtyň harby bellige alyş nokadynyň öňünde ýygnanan nägile ene-atalar topary hem dargadyldy.

Daşary ýurtly türkmen migrantlarynyň türkmen häkimýetlerine bolan garşylyk hereketiniň çalt ýagdaýda meşhurlyk gazanmagyna sebäp bolan jemgyýetçilik we syýasy sebäpler henizem dowam edýär. Şeýle-de bolsa, umuman aýdanyňda, 2006-njy ýyldan bäri ilkinji gezek Halk Maslahaty (Türkmenistanda iň ýokary wekilçilik guramasy) ýygnagynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň içinde ilkinji gezek nägilelik bildirýänler tapyldy. Daşary ýurtly oppozistler henizem adamlary hak-hukugyny goramak üçin henizem köçelere çykarmagy başarmadylar .

Ynsan haklary barada Türkmen Helsinki gaznasy, Täjigül Begmedowa.

Memorial hukuk goraýjy merkezi, Witaliý Ponamarýow.

Iň soňky habarlar

«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
Ölüm bilen gutaran wakadan  1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
Ölüm bilen gutaran wakadan 1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat berildi – THF
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat...
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.