Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Azatlyk Radiosy “Men bu durmuşdan doýdum, ýöne ýetim galan alty çagam üçin çydaýaryn” – zibil dörmäge mejbur bolýan raýatyň kyssasy

Azatlyk Radiosy  “Men bu durmuşdan doýdum, ýöne ýetim galan alty çagam üçin çydaýaryn” – zibil dörmäge mejbur bolýan raýatyň kyssasy

“Iş ýok, hökümetden kömek ýok. Uly oglum iki gezek janyna kast etmäge synanyşdy. Men bu durmuşdan doýdum, ýöne ejesiz ýetim galan alty çagam üçin çydaýaryn...” – bu, Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklaryň, işsizligiň we azyk ýeter-ýetmezçiliginiň arasynda, zibil çeleklerini dörmäge mejbur bolýan 40 ýaşlaryndaky maryly Bagtyýaryň (ady üýtgedilen – red.) aýdan sözleri.

Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy soňky ýyllarda ýurtda zibil çeleklerini dörýän adamlaryň, şol sanda aýal-gyzlaryň we çagalaryň köpelmeginiň arasynda, şeýle güne düşen raýatlaryň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy. Azatlyk şol raýatlaryň biriniň kyssasyny size ýetirýär.

Bagtyýar habarçymyza 2020-nji ýyla çenli aýaly we alty çagasy bilen bile ýaşandygyny, şol döwre çenli aýaly bilen zibil çeleklerini dörüp, olardan ýygnan plastik gaplary, çüýşeleri, karton böleklerini satyp, gün görendiklerini gürrüň berdi.

Ýöne ol şol ýyl aýalynyň, koronawirusa garşy sanjym alanyndan soň, saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşyp başlandygyny we şondan soňra maşgalasynyň öňden hem ýaramaz bolan gününiň has-da agyrlaşandygyny aýtdy.

“Bizde derman almaga bir manadymyz hem ýokdy. Şol sebäpli maşgala lukmanyny çagyrdyk, ýöne aradan dört gün geçende-de, ol öýe gelmedi. Aýalymyň ýagdaýynyň has agyrlaşmagy bilen, öýe Tiz kömek gullugyny çagyrdyk. Olar aýalymy alyp gitdiler we bize ‘21 gün öýden çykmaň, siz karantinde’ diýdiler. Aradan iki gün geçensoň, aýalymyň ýogalandygyny we ony tiz kömek ulagynda getirjekdiklerini, ýöne ony ulagdan düşürmän, jaýlamak üçin göni gonamçylyga alyp gitmelidigini aýtdylar. Aýalymy goňşularymyzyň kömegi bilen jaýladyk” diýip, Bagtyýar gürrüň berdi.

Ol şondan soňra ikisi heniz bäş ýaşdan kiçi bolan alty çagasy bilen ýeke galandygyny, iki uly ogly bilen zibil dörüp, gün görmäge çalyşýandygyny aýtdy.

Bagtyýar iş sorap, häkimiýetlere onlarça gezek ýüzlenendigini, ýöne aradan üç ýyl geçendigine garamazdan, özüniň ne işe ýerleşip bilendigini, ne-de ýeterlik maddy goldaw alyp bilendigini belledi.

“Döwletiň ýetimlere berýän 200 manat kömek puly gaz, suw we tok töleglerine hem ýetmeýär. Başga hökümetden hiç hili kömek ýok. Döwlet dükanlarynda ýeňillikli bahadan paýlanmaly un, ýag wagtynda paýlanmaýar. Paýlanan wagtynda-da, raýatlaryň hemmesine ýetmeýär. Iki uly oglum bilen zibil dörüp, güzeran aýlamaga çalyşýaryn. Ýöne juda agyr. Çagalarym bakjalaryň tölegi we çykdajylary zerarly çagalar bagyna gidip bilmeýärler. Mekdebe gatnaýan çagalarym hem, ýygnalýan pullar we çykdajylar zerarly mekdebe gitmäge gorkýarlar. Uly oglum ‘bu dünýäden irdim, işsizlikden we pulsuzlykdan irdim’ diýip, iki gezek öz janyna kast etmäge synanyşdy. Men hem bu durmuşdan doýdum, ýöne ejesiz ýetim galan alty çagam üçin çydaýaryn” diýip, maryly Bagtyýar gürrüň berdi.

Ol özüne köp adamyň daşary ýurda işlemäge gitmegi maslahat berýändigini, ýöne onuň üçin-de azyndan 20 müň manat pul gerekdigini, özünde 20 manadyň hem ýokdugyny aýdyp, maddy serişdesi bolsa, ýurtda bir gün hem durmajakdygyny belledi.

Soňky ýyllarda Türkmenistan öz garaşsyzlygynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirýär. Bu kynçylyklar pandemiýanyň arasynda has-da ýitileşdi we sosial problemalaryň möwjemegine getirdi. Munuň bilen bir wagtda, ýurtda gaýtadan işlenilýän serişdeleri, köne zatlary we azyk önümlerini gözlemek üçin zibil çeleklerini dörýänleriň sany ep-esli artdy, olaryň arasynda garry adamlar, şeýle hem çagaly aýallar bar. Mundan başga-da, ýurtda dilegçiler, ten söwdasy bilen meşgullanýanlar we öýsüz raýatlar hem köpeldi.

Türkmenistanyň kanunçylygy raýatlaryň sosial goragyny kepillendirýär. Muňa garamazdan, habarçylarymyz we türkmenistanlylar kömege mätäç maşgalalaryň düýpli “aýaga galmagy” üçin goldaw berilmeýändigini aýdyp gelýärler.

“Bizde maşgalalaryň hal-ýagdaýyny öwrenýän institutlar, edaralar hem ýok. Ähli döwlet edaralary öz ýanlaryna kömek, iş sorap gelýän adamlary başyndan sowmak üçin bir edaradan başga edara iberýär” diýip, ilatyň sosial ýagdaýlaryna syn edýän maryly bir synçy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Ýurduň häkimiýetleri ilatyň garyplygyny öz içine alýan agyr sosial-ykdysady problemalary resmi taýdan ykrar etmeýärler. Ýurtda işsizligiň derejesini görkezýän statistika maglumatlary hem köpçülige äşgär edilmeýär. Berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri halkyň “bagtyýar zamanada ýaşaýandygyny” tekrarlap, zibil dörmäge mejbur bolýan raýatlar barada habar bermeýär.

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...
Türkmenler üçin kapas.
Türkmenler üçin kapas.
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat
Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat
 Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary
Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary