Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkiýede hökümete degişli bolmadyk türkmen jemgyýetçilik guramasy açyldy.

Türkiýede hökümete degişli bolmadyk  türkmen jemgyýetçilik guramasy açyldy.

Türkmen migrantlary Stambul şäherinde hökümete degişli bolmadyk “Hak Hukuga Daýanç” guramasyny esaslandyrdylar.

“Hak Hukuga Daýanç” guramasynyň (HHD) maksatlary: Türkiýede we Türkmenistanda ýaşaýan türkmen raýatlarynyň konstitusion hukuklarynyň berjaý edilişine, awtoritar türkmen rejimi tarapyndan yzarlanýan we hukuklarynyň bozulýan, şeýle hem şuňa meňzeş zatlaryň öňüni almak bilen birlikde gözegçilik.

Guramanyň başlygyna Dürsoltan Taganowa saýlandy. D.Taganowadan bu barada gürrüň bermegini haýyş etdik.

THF - Türkiýede eýýäm birnäçe türkmen jemgyýetiniň bardygy mälim. “Hak Hukuga Daýanç” bilen olaryň arasynda näme tapawut bar?

Dürsoltan Taganowa - Hawa, bu ýerde birnäçe gurama açyldy, ýöne olar adam hukuklary goraýjylary däl we Türkmenistandaky ýaly halkdan hakykaty gizleýärler, diňe rejimi öwüp we wasp edip bilýärler.

Emma käbir maglumatlara görä Türkiýede takmynan ýarym milliondan gowrak türkmen raýaty bar we olaryň köpüsi umytsyz ýagdaýda. Mysal üçin, ýüzlerçe müň adam pasportlaryny çalşyp bilmeýär, ýaşaýyş üçin wagtlaýyn rugsatnama alyp bilmeýär, bu sebäpli işlemek, bejergi almak, bilim almak hukugyndan mahrum bolýar, çagalar çagalar-bakja baglaryna baryp bilmeýär we ş.m. Şol sebäpli ýüzlerçe türkmen köp aýlap deportasiýa merkezlerinde bolýar. Deportasiýa merkezlerinde bolduklary sebäpli, işlerini, ýaşaýyş jaýlaryny ýitirýärler. Deportasiýa merkezleriň işgärleriniň pikiriçe, tussag edilenler konsullyklara jaň edýärler, ýöne jaňlara jogap bermeýärler ýa-da asla pisint etmeýärler. Daşary ýurtdaky watandaşlarymyzyň meselelerine biperwaý garaýandyklary sebäpli, hukuklarymyzy goramagy öwrenmek üçin hyzmatdaşlyk etmäge we “Hak Hukuga Daýanç” (HHD) guramasyny döretmäge mejbur bolduk.

Her gün türkmenlerden habar alýarys we olar bilen aragatnaşyk saklaýarys. Şeýle hem, bilelikdäki tagallalar arkaly ýagdaýy gowulaşdyrmak üçin ýerli adam hukuklary aktiwistleri we aklawçylar bilen hyzmatdaşlyga şat bolarys. E-poçta salgymyz: hakhukugadayanc@gmail.com; You Tube kanaly - @hakhukugadayanc7641; Tik Tok - @hakhuku gadayanc

THF-iň başlygy Täjigul Begmedowanyň kommentariýasy: - Biziň hemmämiz dünýäniň üýtgemegine şaýat, adam hukuklaryny goraýjylaryň maksady ony gowulaşdyrmak. Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlary, esasanam Türkiýede ýaşaýan watandaşlarymyzyň köpüsiniň hukuklarynyň goralmagyna her gün mätäç bolan - işde, mekdepde, jemgyýetde we öýde ýüzbe-ýüz bolýan meselelerimize we kynçylyklarymyza gözegçilik etmek we şol meseleleriň halk köpçüligine ýetirilmegi.

Umuman aýdanyňda, awtoritar rejim tarapyndan onlarça ýyl bäri gynalan türkmen raýat jemgyýetini täzeden ösdürmeli.

Ýaşlaryň öz hukuklaryny goramagy, birek-birege kömek etmegi we bilelikde hukuklary ugrunda göreşmegi öwrenmäge synanyşýandyklary begendirýär."

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Türkmenler üçin kapas.
Türkmenler üçin kapas.
Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat
Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat
 Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary
Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary