Türkmen Helsinki Adam Hukuklary Gaznasy (THAHG).
Bolgar Helsinki Komiteti (BHK).
(press-reliz)
Sofiýa, 23-nji aprel, 2009 ý
Türkmen Helsinki gaznasy we Bolgariýa Helsinki komiteti, “Ýewropa üçin tebigy gaz: howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk” duşuşygynda Türkmenistanyň ýokary derejeli wekilleriniň bardygyny göz öňünde tutup: bu ýurtdaky adam hukuklarynyň ýagdaýyna alada bildirýärler. Halkara jemgyýetçiligi Türkmenistanyň prezidenti wezipesine girişeli iki ýyldan gowrak wagt bäri adam hukuklary ýagdaýyny garaňkylaşdyrmagy dowam etdirýän Gurbanguly Berdimuhammedowy öňki prezident Nyýazowyň döwründen galan repressiw hereketleri duruzmaga çagyrdy.
Ýokary derejeli duşuşygyň öňüsyrasynda adam hukuklary guramalary Türkmen Helsinki gaznasy we Bolgariýa Helsinki komiteti ýene bir gezek Türkmenistanyň prezidentine we häkimiýetlerine ýüz tutýarlar:
1. Türkmenleriň syýasy tussaglaryny we wyždan tussaglaryny boşatmak baradaky on müňlerçe adamyň haýyşyna jogap beriň. Azatlyk radiosynyň žurnalisti Ogulsapar Myradowanyň 2006-njy ýylyň sentýabr aýynda türmedäki ölümi barada çynlakaý derňew işine başlaň.
2. Nyýazow rejimi tarapyndan adalatsyz ejir çekenlere kanuny gorag, öwezini dolmak we dikeltmek boýunça tutuş ýurt boýunça işe başlaň.
3. Oppozisiýaçylara, aktiwistlere, garyndaşlaryna we dostlaryna hereket we işjeňlik azatlygyny beriň.
4. Garaşsyz jemgyýetçilik guramalaryna hökümetiň päsgelçiliksiz işlemäge, şeýle hem Türkmenistanyň içinde işlemek üçin daşary ýurtda hasaba alnan türkmen jemgyýetçilik guramalaryna mümkinçilik beriň.
5. Garaşsyz habar beriş serişdelerine ýurtdaky işlerini erkin alyp barmak mümkinçiligi beriň.
24-nji aprelde sagat 14.00-dan THF we BHK Türkmenistandaky ýagdaýa alada bildirmek üçin NDK-nyň (Milli medeniyet köşgü) öňünde Sofiýada piket geçirer.
Takyk ýeri soň mälim ediler, sebäbi “howpsuzlyk sebäpli” Sofiýa şäher geňeşi piketi ilkibaşda meýilleşdirilen ýerde - Witoşa bulwarynda NDK sütünleriniň garşysynda, ýagny energiýa forumynyň geçiriljek ýerine ýakyn ýerde piket geçirmäge razylyk bermekden ýüz öwürdi.
THF başlygy
Täjigül Begmedowa
BHK başlygy
Krasimir Kanew
BHK