2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkiýäniň Konstitusion kazyýeti Alişer Sahatow bilen Abdulla Orusowyň aklawçylarynyň ýüz tutmasyna jogap hökmünde blogçylaryň deportasiýasyny nobatdaky esaslaýyn kazyýet diňlenişigine çenli togtatdy. Kazyýetiň kararynyň sebäbi: deportasiýa amala aşyrylsa, blogçylaryň durmuşyna çynlakaý howp abanýar. Kazyýet, olaryň Türkmenistana deportasiýa edilmegi ýagdaýynda abanýan howpuň derejesine baha bermek üçin goşmaça maglumatlary we resminamalary garaşýar.
Alişer Sahadowyň aýaly Gülala Sahadowanyň beren maglumatyna görä, 2025-nji ýylyň 24-nji iýulynda sagat 19:50-de Alişer oňa jaň edip, deportasiýa lagerinde abatlaýyş işleri geçiriljekdigi sebäpli agşam adatdaky ýaly habarlaşyp bilmejegini aýtdy.
2025-nji ýylyň 25-nji iýulynda sagat 11:55-de şol bir deportasiýa merkezinden näbelli bir erkek adam Gülale jaň edip, şeýle diýdi: “Men Alişeriň haýyşy boýunça jaň edýärin. Düýn giçlik Alişer bilen Abdullany deportasiýa merkezinden alyp gitdiler. Olaryň häzir nirededigini bilýärsiňmi?”
Şol günüň özünde blogçylaryň aklawçysy deportasiýa merkezine baryp gördü. Oňa berlen jogaba görä, Alişer bilen Abdullanyň Sinop şäherine ugradylandygy aýdylýar. Emma Sinopdaky aklawçy olaryň bu ýere getirilendigini tassyklamady. Türkiýede adatça şeýle göçürmeler iş hepdesiniň ahyrynda geçirilýändigi sebäpli, aklawçy Türkiýäniň Içeri işler ministrligine resmi ýüzlenmäni diňe duşenbe güni, 28-nji iýulda tabşyrar.
Mundan ozal, 2025-nji ýylyň 22-nji iýulynda, Abdulla Orusow Edirnedäki deportasiýa lagerine geçirildi. Bu geçiriliş, Alişer Sahadowyň Edirne deportasiýa merkeziniň ýolbaşçylygyna ýazan resmi ýüzlenmesine laýyklykda amala aşyryldy.
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gazna