2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde Alişer Sahatow bilen Abdulla Orusowyň Türkiýäniň Migrasiýa Gullugyna garşy eden şikaýaty boýunça 26-njy administratiw kazyýetiniň diňlenşigi geçiriler.
Blogçylaryň aklawçysynyň beren maglumatyna görä, bu kazyýetde iki türkmen raýatyny Türkmenistana deportasiýa etmek barada Türkiýäniň migrasiýa edarasy tarapyndan kabul edilen kararyň ýatyrylmagy barada mesele gozgaljakdy.
Alişer Sahatowyň kazyýetiň çagyryş haty
Abdulla Orusowyň kazyýetiň çagyryş haty
Aklawçy kazyýet diňlenşiginden öň öz müşderileri bilen duşuşmaga rugsat berilmegini türk häkimiýetlerinden resmi hat arkaly sorady. Ol bu duşuşygyň maksadynyň iş boýunça materiallary kazyýetde ara alnyp maslahatlaşmaga taýýarlanmakdygyny belläp geçdi.
Mundan öň, Türkiýäniň Samsun şäheriniň birinji derejeli kazyýeti iki türkmen blogçysyny deportasiýa etmek barada karar çykarypdy. Bu karar 2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda kabul edilipdi.
2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkiýäniň Konstitusion kazyýeti A. Sahatow bilen A. Orusowyň aklawçysynyň arzasynyň esasynda, blogçylaryň deportasiýasyny nobatdaky kazyýet diňlenişigine çenli wagtlaýynça togtadypdy.
Ýatladýarys: iki türkmen blogçysy 2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Sinop şäherinde tussag edilip, soňra Edirne şäherindäki deportasiýa lagerine geçirilipdi. Aklawça Edirne deportasiýa merkezinden berlen resminamalara görä, 24-nji iýulda sagat 23:00-da olaryň ikisi hem merkezden boşadylan.
Emma şol pursatdan başlap, A. Sahatow bilen A. Orusowyň ýerleşýän ýeri näbelli bolup galýar. Olaryň ýanyna ne garyndaşlary, ne-de aklawçysy aragatnaşyk saklap bilipdir. Polisiýanyň aklawça beren maglumatyna görä, türkmen blogçylary Türkiýäniň serhedini geçmändir.
Aklawçy kazyýetden öň müşderileri bilen duşuşmaga rugsat berilmegini türk häkimiýetlerinden resmi taýdan gaýtadan sorapdyr, sebäbi ol diňlenişige taýýarlyk görmek isleýär.
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.