Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Daşary ýurtlardan gaçalga ( bosgunlyk) isleýän raýatlaryň dykgatyna.

Daşary ýurtlardan gaçalga  ( bosgunlyk) isleýän raýatlaryň dykgatyna:

Ýatladýarys , ýagny YNSAN HAKLARY BARADA TÜRKMEN HELSINKI GAZNASY Türkmenistan raýatlarynyň haklary ýurduň içinde we daşary ýurtlarda gözegçilik gözegçilik edip gelýär. Biziň maglumatlarymyz, netijelerimiz we tekliplerimiz saýtymyzda çap edilip, şeýle hem dünýä guramalaryna hasabat berilýär. Şol sanda ynsan haklary guramalaryna hem hasabat bermek bilen, Türkmenistanyň içinde bolup duran ýagdaýy tanyşdyrmakda uly netije berýär.

TÜRKMEN HELSINKI GAZNASY haklary elinden alnan raýatlara kanuna laýyk maslahat bermek, galybersede dünýä kazyýetleriniň öňünde haky bozulan raýatyň goldawynda durýar. Ynsan haklary barada TÜRKMEN HELSINKI GAZNASY türkmen jemgyýetini ösdürmek maksady bilen, raýatlar bilen wideo arkaly söhbetdeşlikler geçirýär. Seminarlary gurnaýar. Esasy maksat raýatlaryň hak hukugyny goramak we kanun esasynda talap etmegiň usullaryny halk köpçüligine giňden ýaýbaňlaşdyrmak bolup durýar.

Soňky üç ýylyň içinde Türkmenistanyň raýatlary gaty kän ýurdy terk edýärler. Ol raýatlaryň içinde bosgunlyk sorap ýüz tutýanlar az däl. TÜRKMEN HELSINKI GAZNASY ol raýatlara ýaşap oturan döwletinde , şol ugra degişli bolan edaralara ýüz tutmagyny maslahat berýär. Elbetde daşary döwletlerde işini kämil bilýän hünärmenleri bolan, şeýle hem ýerli kanunlary birkemsiz bilýän NPO edaralary az däl. Ol edaralar ähli taraplaýyn hemaýatkär bolarlar. Meseläňiziň kemçiliksiz çözülmegi üçin olaryň görkezmelerine üns beriň. Doly hünär tejribesi bolmadyk, düşen ýagdaýyňyzdan hyýanatly peýdalanmak üçin internet ulgamynda özlerini mahabatlandyryp girdeýji gazanýan adamlara ynanmaň. Hak hukuk meselesinde düşünjeleri pes bolan sada adamlaryň üsti bilen meşhurlyk aladasyny edýänler hem bar.

Ynsan haklary barada TÜRKMEN HELSINKI GAZNASY.

Iň soňky habarlar

"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...
Türkmenler üçin kapas.
Türkmenler üçin kapas.
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi