Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmen häkimiýetleri "Azatlyk" radiosynyň jurnalistleriniň söhbetdeşlerini yzarlaýarlar.

 Türkmen häkimiýetleri "Azatlyk" radiosynyň jurnalistleriniň söhbetdeşlerini yzarlaýarlar.

WATAN-nyň Waşingtondaky "Azatlyk" radiosynyň türkmen gullugynyň habarçysy Saparmyrat Öwezberdiýewden öwrenişi ýaly, türkmen gizlin gulluklary raýatlar bilen jurnalistleriň arasyndaky gatnaşyklary kesmäge synanyşýar.

2004-nji ýylyň 16-njy noýabrynda "Azatlyk" radiosy Saparmyrat Öwezberdiýewiň Aşgabatda ýaşaýan teatr we kino režisýory Halmyrat Glyçdurdyýew bilen geçiren söhbetdeşligini efire berdi. Söhbetdeşlikde Türkmenistanda adam hukuklarynyň kemsidilmegi barada gürrüň edildi.

17-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň işgärleri S.Owezberdiýewiň (34 38 93, 34 70 83) Aşgabatdaky öýüniň iki telefonyny hem öçürdiler, şeýle hem H.Glyçdurdyýewiň öýündäki (47 11 41) telefony öçürdiler.

Ondan öň (2004-nji ýylyň 4-nji we 7-nji noýabry) "Azatlyk" radiosy Mary welaýatyň Wekilbazar etrabynda ýaşaýan Jumadurdy Öwezow bilen söhbetdeşlik ýaýlyma berdi. D.Öwezow "Azatlyk" radiosyna beren interwýusynda ýer reformasy we Türkmenistanda adam hukuklarynyň yzygiderli bozulmagy barada çykyş etdi. Ertesi gün Öwezowyň ikinji söhbetdeşligi efire berlende, el telefony (993 66 33 97 04) hem öçürildi. Öwezow hut bu telefon arkaly "Azatlyk" radiosynyň türkmen gullugynyň işgäri Ýowşan Annagurbanowa interwýu berýärdi.

IS OPD “WATAN

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Azatlyk Radiosy:  Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.