Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmen konsul işgärleri jenaýatçymy?

Türkmen konsul işgärleri jenaýatçymy?

Türkmenistanyň raýaty Zarina Ahtämowanyň Stambuldaky konsullyk gullugynda raýatlyk statusy (maşgala barada ýagdaýy) şahadatnamasynyň berilmegi baradaky hekaýasy dowam etdi.

https://tmhelsinki.vercel.app/article/fd79168e-7031-4d8f-87b5-94ff0f163830

https://tmhelsinki.vercel.app/article/9a309252-9d6d-4e7e-bb3c-86cff813e548

Ozal habar berlişi ýaly konsullygynyň işgäri Mustakow (?) Merdan aktiwista resminamalaryň taýýarlygyny bilmek üçin şahsy el telefonyna jaň etmegi maslahat berdi. Ahtämowa WatsApp sosial ulgamy arkaly onuň bilen habarlaşdy, şol ýerde Merdan oňa bir topar nägigelik bildirdi: “Bu seniň günäň, näme üçin ... meniň adymy agzadylar ... meni masgara etdiň ... Çykyşyňdan soň, saňa kömek edip bilemok ... kanunlary bozmak isledim, ýöne gynansakda ... ”(Hat alyşmagyň ekran görüntülerinden bölekler).

Türkiýedäki türkmen migrantlary ýokarda agzalan işgäriň işinden uzak wagtlap zeýrenýärler. Görşüňiz ýaly, onuň beren jogaby Stambuldaky konsullygyň işgärleriniň resmi wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanyp, kanunlary nädip bozýandygyny gytaklaýyn tassyklaýar. Onlarça migrantyň beren görkezmesine görä, haýsydyr bir resminamany almak köplenç mümkin däl. Muny diňe konsullyk işgärleriniň garyndaşlary, dostlary we tanyşlary ýa-da belli bir para bermäge taýyn bagtly adamlar başaryp bilýar. Stambuldaky konsullygyň işgärleriniň beýleki raýatlara bolan şeýle garaýşy, pes hünär derejesini, parahor niýetlerini we resmi wezipelerini äsgermezlik edýändigini görkezýär.

Öz gezeginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi köp ýyllaryň dowamynda konsullyk işgärlerine ýol açýar we kesgitlenen kadalaryň we düzgünleriň gödek bozulmagyna göz ýumýar. 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda aktiwist Aziz Mammadowyň pasportyny täzelemek üçin pasportyny şaýatlaryň öňünde tabşyranda bolup geçen wakany ýatlamak ýeterlikdir. Şondan soň ol üç gezek ol ýere gitdi, ýöne diplomatlar resminamany henizem yzyna gaýtaryp bermeýärler. Mundan başga-da, her gezek konsullyga bir aktiwist peýda bolanda polisiýa jaň edýärler.

Umuman aýdanyňda, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri bilen baglanyşykly has köp dawa-jenjelli wakalar köpçülige mälim bolýar. Belarusiýada, Russiýada we beýleki ýurtlarda işleýan diplomatlar bu ýere gelýänlere gödek çemeleşmek, gorkuzmak, aldamak we talamak adaty zat hasaplaýarlar.

Ýogsada, bu adamlar diňe işde däl, eýsem maşgalalarynda-da şeýle hereketlere ýol berýärler. Mysal üçin, geçen ýyl Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Şohrat Jumaýew aýalyna we gyzyna garşy zorluk ulanmakda şübhelenipdi, netijede ol jezasyz ýatyryldy we maşgalasynyň agzalary bu ýurtda gaçybatalga sorapdyr. https://rus.azathabar.com/a/31253813.html

Mälim bolşy ýaly, köp sanly ses / wideo ýazgysy berlende, degişli fransuz hyzmatlary “aňk-taňk”polupdy: bu ýerde ilçi maşgala agzalaryna gödek çemeleşýär, , kemsidýär we olary ýok etjekdigi barada ant içýär. Ýeri gelende aýtsak, diplomatyň kärdeşlerine hem buňa meňzeş äsgermezlikler aýdylyp azar berilýärdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu meseläni gümürtuk ýagdaýa öwürip şeýlelik bilen işgärlerine raýatlaryň hak-hukuklaryny bozmalaryna göz ýumup mundan beýläk-de olaryň kanunsuz hereketlerine ýol berýär.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondy.

Iň soňky habarlar

Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana...
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar