Türkiýede tussag edilen migrantlar üçin 30 deportasiýa merkezi bar. THF-ä tussaghanalarda ýüzlerçe türkmenleriň saklanýandygy barada habarlar gelip gowuşýar. Köplenç olar türk polisiýasynyň reýd wagtynda ýitirilen ýa-da möhleti geçen resminamalar sebäpli tussag edilýän türkmenlerdir.
Häzirki wagtda maglumatymyza görä: Ankaraň eteginde ýerleşýan Çankiri sebtinde 100-e golaý türkmen; Wan şäherinde - 139 türkmen, Erzurum şäherinde -200 töweregi türkmen bar.
Raýatlaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň türkmen häkimiýetlerine ýüz tutmalary, sosial ulgamlardaky meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy, metbugatda berilmegi henizem netije bermeýär. Türkmen konsullygy watandaşlaryň düşen kynçylyklaryny äsgermezlik etmegini dowam etdirýär.
Aprel aýynyň başynda, pasporty bolan türkmen raýatlarynyň türk häkimiýetleri tarapyndan deportasiýa edilýändigini bildik. Ýöne köp halatda tussaglaryň pasportynyň ýoklugy sebäpli deportasiýa edilip bilinmez. Mysal üçin, Wan şäherindäki deportasiýa merkezinde saklanýan 139 türkmeniň resminamasy ýok. Olaryň raýatlygy türkmen konsullygy tarapyndan tassyklanmalydyr. Olar 4-6 aý bäri konsullygyň jogabyna garaşýarlar.
Türk häkimiýetleri bu meseläniň çözülmegini çaltlaşdyrmaga synanyşýarlar. Bir içerki adamyň sözlerine görä, 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Tuzla şäherindäki deportasiýa merkezinden 23 türkmen awtobusly Stambuldaky Türkmenistan konsullygyna äkidilipdir. Awtobus konsullygyň daşynda saklandy we žandarma resminamalary gaýtadan işlemek üçin deportasiýa edilmeli atlaryň sanawyny konsullyk işgärlerine berdi. Şeýle-de bolsa, ahyrynda diňe bir türkmeniň pasporty täzelendi. Pasporty bolmadyk galanlara konsullyk işgärleri tarapyndan hiç hili resminama berilmedi. Şondan soň tussag edilenleriň 23-sem Çankiri deport merkezine äkidildi.
THF tarapyndan alnan maglumata görä, tussag edilenleriň käbiri öz watanyna gaýtarylmagyny soraýarlar, sebäbi uzak aýlap garaşmaga, çaknyşyklara we söweşlere, umytsyzlyga, depressiýa çydap bilmeýärler we öz janyna kast etmek ýagdaýlary bar. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistana dolanmak islemeýänler hem bar.
2023-nji ýylyň 31-nji martynda türkmenler we pakistanly migrantlaryň arasynda pyçaklanma derejesine ýeten dawa boldy. Ýaralanan adamlar bar. Şeýlelik bilen, Rustam atly biriniň 7 pyçak ýarasy, Alişeriň kellesine we barmagyna zeper ýetdi, umumy sekiz türkmeniň ýaralary Çankiri şäheriniň keselhanasynda tikildi.
Bu wakadan soň ol ýerde saklanýan ýüz töweregi türkmen başga bir ýere geçirildi.
Şol bir wagtyň özünde ol ýere geçirilen türkmenleriň garyndaşlary tussag edilenlere gysga wagtda watanyna dolanmak üçin resminama beriň haýyşy bilen konsullyga gitdiler.
Olara: “Biz olary bu ýere çagyrmadyk. Türkiýä nähili gelen bolsalar, şeýdip gaýdyp gitsinler"- diýip jogap berdiler.
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.