ÝHHG-nyň häzirki başlygy Türkmenistanyň häkimiýetlerinden "Azatlyk" radiosynyň habarçysynyň ölüm ýagdaýyny derňemegi talap edýär
ÝHHG-nyň Baş sekretary, Belgiýanyň Daşary işler ministri Karel de Gýüht türkmen häkimiýetlerinden "Azatlyk" radiosynyň türkmen neşiriniň habarçysynyň we adam hukuklary aktiwisti Ogulsapar Myradowanyň ölüm ýagdaýlaryny derňemegini isledi.
De Gýüht anna güni RIA Nowosti habar gullugyna beren beýanatynda: "Türkmen häkimiýetlerini ölüminiň ýagdaýlary barada derrew giňişleýin we bitarap derňew geçirmäge çagyrýaryn" -diýdi.
"Derňewiň netijeleri we giňişleýin düşündirişi gysga wagtda köpçülige aýan edilmeli" diýip beýanatda bildirilýär.
De Gýüht Türkmenistany respublikanyň ÝHHG-a beren borçnamalaryna hormat goýmaga çagyrdy.
Bikanun ok-däri saklamakda aýyplanyp, 25-nji awgustda alty ýyl azatlykdan mahrum edilen 58 ýaşly Myadowa türmede aradan çykdy.
"Serhetsiz habarçylar" hökümete degişli bolmadyk gurama Myradowanyň ölüminiň türmede ýenjilmegi netijesinde bolandygyny öňe sürýär.
Myradowanyň 3 çagasy bardy.
Aleksandr Şişlo.
RIA habarlary