Aşgabatdan soňky birnäçe günüň içinde oppozisiýanyň we dissidentleriň garyndaşlaryna polisiýa işgärleri tarapyndan birnäçe gezek baryp görlendigi habar berildi. Olaryň käbirini polisiýa üç gezek baryp gördi. Bu ýere gelýänler, öýde birugsat adamlaryň bolmagy ýa-da ýaşamagy baradaky soraga aýratyn üns berip, ýaşaýjylaryň sany bilen gyzyklandy. Soň polisiýa işgärleri ýokardaky adamlaryň goňşularyna aýlandylar we alnan maglumatlary anykladylar.
Synçylar bu wakalary Begenç Begnazarowyň tussag edilmegi bilen baglanyşdyrýarlar, ýöne 2002-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri gözlenýän sanawda duran Begnazarowyň tussag edilendigi barada resmi habar ýok. B. Begnazarow häkimiýetler tarapyndan "agdarlyşyk synanyşygy we S.Nyýazowa janyna kast etmek synanyşygy guramakda" aýyplandy. 2002-nji ýylyň 25-nji noýabryndan soň häkimiýetler tutuş ýurt boýunça uly gözleglere başlady. Gözegçiler kwartiralary we jaýlary aýlandylar we güman edilýänleriň suratlaryny görkezdiler.
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.