Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Syýasy tussag Gulgeldi Annaniýazowyň sürgünlük möhleti gutardy

Syýasy tussag Gulgeldi Annaniýazowyň sürgünlük möhleti gutardy

Türkmen Helsinki Adam Hukuklary Gaznasyna habar berlişi ýaly, 2024-nji ýylyň 12-nji martynda meşhur syýasy tussag Gulgeldi Annaniýazowyň sürgün möhleti gutardy, şondan soň Bekdaşdan Aşgabat şäherine gaýdyp barmaga rugsat berildi.

Annaniýazow 1995-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagtynda Nyýazowa garşy demonstrasiýa gurandygy üçin tussag edilenden soň halkara meşhurluk gazandy. Ol azatlykdan mahrum edildi we "Aşgabat sekizleri" diýlip atlandyrylýanlaryň esasy şahsyýeti bolup galdy, halkara guramalary onuň boşadylmagyny goldap çykyş etdiler.

2002-nji ýylyň sentýabr aýynda ol Moskwadan Gazagystana deportasiýa edildi, şol ýerde hukuk goraýjy guramalar aktiwisti watanyna ekstradisiýa etmäge synanyşdy. Onuň ykbalyna, şol döwürde Daşary işler ministrligine ýolbaşçylyk eden Gazagystanyň häzirki ýolbaşçysy Kasym-Jomart Tokaýewiň gatnaşmagynda iň ýokary derejede karar berildi. Şol ýylyň dekabrynda Annaniýazow ABŞ-nyň kömegi bilen Norwegiýa gidip, gaçybatalga aldy. 2008-nji ýylda Türkmenistana gaýdyp geldi we serhetden bikanun geçenligi üçin derrew tussag edildi we 11 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Ol bütin hökümini tussaglykda incommunicado (daşarky dünýäden üzňe) geçirdi: 2009-2015-nji ýyllarda Owadandepede, soň bolsa 4 ýyl Tejen şäherinde ýekelikdäki kamerada saklandy.

Annaniýazowyň ykbaly baradaky sorag dürli halkara platformalarynda ençeme gezek gozgaldy. "Olary diri görkeziň" kampaniýasy ony Türkmenistanda zor bilen ýitirim bolanlaryň sanawyna goşdy.

2019-njy ýylyň mart aýynda, türme möhleti gutarandan soň, Annaniýazow uzakdaky Bekdaş şäherine (Hazar deňziniň kenarynda) bäş ýyl sürgüne iberildi.

Ol tussaglykda bolan mahaly kanunlar üýtgedi, birnäçe ýyl ozal boşadylmalydy, ýöne türkmen häkimiýetleri onuň işine gaýtadan garamakdan ýüz öwürdiler. Mälim bolşy ýaly, aktiwist hiç wagt hökümini elinde tutmady we 2008-nji ýylda tussag edileli bäri aklawçy bilen aragatnaşyk saklamady. Diňe Bekdaşa sürgün edilenden soň garyndaşlary bilen habarlaşyp bildi.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
Ölüm bilen gutaran wakadan  1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
Ölüm bilen gutaran wakadan 1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat berildi – THF
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat...
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.