Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türmeden has ýaramaz.

 Türmeden has ýaramaz.

Russiýada kyn ýagdaýa düşen migrant türkmenler bize köp sorag berýär. Şol sebäpli biz siziň dykgatyňyza adam hukuklary aktiwisti Swetlana Gannuşkina bilen geçirilen söhbetdeşligiň häzir gysgaldylan görnüşini berýäris. Ol Raýat kömek komitetiniň başlygy ... Komitet gaçybatalga, raýatlyk, kazyýetde goranmak, lukmançylyk kömegi we bilim almak boýunça maslahat berýär.

- Daşary ýurtlylar üçin wagtlaýyn tussaghana näme? Ol ýere kim gelýär?

Gannuşkina: Daşary ýurt raýatlary üçin wagtlaýyn tussaghana deportasiýa edilýän ýa-da barlanýanlar üçin merkez ...

Ol ýerde uzak wagtlap galyp bilersiňiz. Aslynda, nähili bolmaly ... Daşary ýurt raýaty azatlykdan mahrum edilen bolsa, möhleti gutaranda, FSIN ilçihana ýüz tutup, şondan soň adamyň nirä gitjekdigini anyklamaly. Ýone bu örän seýrek edilýär ... Ony deportasiýa etmek karary berilýär.

- Bu merkezlerde nähili şertler bar?

Bize türmeden has erbetdigini köp aýtdylar. Şerediň, türmede adam daşary çykyp,gezelenç edip bilýär. Merkezlerde bolsa köplenç gezelenç üçin gaty gysga wagt berilýär, iýmit şertleri - has erbet. Iň esasy zat bolsa, merkezlerde aşa köp adam bar. Bular köplenç köne türmeler ... suddan öňki wagtlaýyn köne tussaghanalar. Bu, sekiz adam bolup bilýän otag, hajathana diňe bir diwar bilen bölünýär, ol dört tarapdan däl, diňe üç tarapdan matadan ýasalan perde bolup biler ... Adamlar şeýle şertlerde saklanýar.

Şol bir wagtyň özünde juda haýal proses, kabul etmäge taýyn ýurt barmy ýa-da raýatlygy barmy diýen meseleler boýunça jogaplara garaşylýar. Elbetde, raýatlygy ýok adamlar iň erbet ýagdaýda. Mundan başga-da, adamyň özi üçin serişdesi barmy? Düzgün bolşy ýaly, köplenç beýle däl. Käte hatda öz serişdelerini hem ulanmak islemeýärler.

- Adamlary öz pullary bilen öýüne gitmek islemeýärlermi?

- Bu deportasiýany amala aşyrmak üçin býudjetden serişde aslynda berilmeýär ýa-da gaty az berilýär. Mysal üçin adam ýurdyna dolanmak üçin serişdäni tapdy diýeliň. Jaň edýäris we soraýarys: "Guramamyz oňa öz puluna bilet satyn alyp bilermi?" Bize: "Biler ... ýöne konwoý-esgerler üçin serişdämiz ýok" - diýilýär. Ol gitmäge taýyn, ýöne ... ol deportaýa ediljek raýat. Biz bu ýerde hiç zat edip bilmeris.

Aýdanlarymyza garamazdan, munuň Ewropa konwensiýasynyň 3-nji maddasyny bozmagydygyny aýtmalydyryn, sebäbi ony gynamalara deňeşdirip bolýar ...

- Dürli sebäplere görä dokümentleri bolmadyk migrantlar näme etmeli?

- Umuman aýdanyňda, dokümenti ýok - bu iň erbet zat däl, sebäbi, bir adamyň ýurduň raýatydygyny subut etmek mümkin bolsa, oňa yzyna gaýdyp gitmek şahadatnamasyny bermek mümkin. Çykalga bar. Iň erbet ýagdaý raýatlygy bolmadyk adamlar üçin ... olaryň hiç hili tassyklaýjy resminamasy bolup bilmez: ýagny, haýsydyr bir ýurduň raýatlygyny tassyklaýan pasport.

… Bu merkezde oturan adamyň özi hiç zat edip bilmez. Aslynda, FSIN muny etmeli. FSIN adamy öz raýaty hökmünde kabul etmäge we ykrar etmäge taýyn bir ýurduň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamaly. Eger bu beýle däl bolsa, onda bu adamyň şahsyýetini kesgitlemeli we Russiýa Federasiýasynda haýsydyr bir kanuny status üçin resminamalary tabşyrmaga degişli hukuklaryny düşünmeli ...

Adam erkin bolsa, kömek edip bileris. Adam türme şertlerinde bolanda, bu işi onuň üçin jogapkär edara etmeli.

- Watanyna sürgün edilmegi janyna howp salýan adamlar bilen näme edýärler?

- Bizde şeýle ýagdaý bardy. Bir adam aklawçylarymyzyň kömegi bilen Ewropa kazyýetine ýüz tutdy we deportasiýa edilmegini gadagan edýän Ýewropa kazyýetinden jogap aldy, sebäbi öýünde gynamalara, azatlykdan mahrum edilip bilinjekdigine şübhelenmäge esas bar. Mysal üçin, gaçybatalga soramak üçin ölüm jezasy bar bolsa, adam nädip Demirgazyk Koreýa zor bilen iberilip bilner? Ýok. Ýewropa kazyýeti: "gadagan" diýýär. Ekstradisiýa etmek mümkin däl. Bu bolsa, ony deportasiýa edilenleriň merkezinde saklamaga hiç hili sebäp ýok.

Ýewropa Kazyýetiniň gutarnykly kararyna çenli adam islendik ýagdaýda kowulyp bilinmez. (Emma), Ýewropa kazyýetiniň bäş, alty, on ýylda jogap berip biljekdigini bilýärsiňizmi? „ Öýümize dolanmak isleýäris, sebäbi deportasiýa merkezlerinde bu şertlerde on ýyllap oturyp bilmeris " – diýp migtantlar Ýewropa Kazyýetiniň ýaňky 39 maddasyny ret edýarler.

Kanunlarymyzda iki ýylyň içinde islendik administratiw jezanyň ýerine ýetirmelidigi örän aýdyň aýdylýar. Eger jeza iki ýylyň içinde ýerine ýetirilmedik bolsa, bu çäklendirmeleriň möhletiniň gutarandygyny aňladýar - ine, mesele şol ýerde gutarýar.Elbetde, bu düýbünden bikanun we adamlary öz karary bilen ýurdyna dolanmaga mejbur edýar, sebäbi çydap bolmaýar.

Ynsan hukuklary barada Türkmen Helsinki Fondy.

Iň soňky habarlar

«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
Ölüm bilen gutaran wakadan  1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
Ölüm bilen gutaran wakadan 1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat berildi – THF
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat...
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.