Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Ýokary derejeli öňki türkmen resmisi neşekeşlikde aýyplanýar.

Ýokary derejeli öňki türkmen resmisi neşekeşlikde aýyplanýar.

Azatlyk radiosynyň türkmen gullugy 4-nji oktýabrda 60 ýaşlyGeldimyrat Nurmuhammedowyň Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda tussag edilendigini habar berdi. 1992-1995-nji ýyllar aralygynda Geldimyrat Nurmuhammedow Medeniýet we sport ministri bolup işledi.

Berilen hasabata görä, G. Nurmuhammedow neşe serişdesini ulanmakda aýyplanýar. Garaşsyz çeşmäniň habar bermegine görä, ony Daşoguz narkologiýa merkezine äkitmek göz öňünde tutulýar. Öňki ministriň alty aý neşekeşleri bejeriş dispanserinde saklanylmagyna garaşylýar. Öňki ýokary wezipeli adamyň geljekde ykbalynyň nähili boljakdygy belli däl.

2011-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Azatlyk bilen geçirilen söhbetdeşlikde Nurmuhammedow, hususan-da, deputatlary saýlamagyň mehanizmini, garaşsyz partiýany bellige almak üçin ýeňip bolmajak ýagdaýy tankytlady we ýurtda bar bolan Demokratik partiýanyň düýbünden bikanundygyny öňe sürdi. Bu çykyşdan soň, 16-njy dekabrda Nurmuhammedowlaryň maşgalasyna degişli bolan “Esbap” gurluşyk kompaniýasy salgyt tölemeýändigi sebäpli ýapyldy .

Paýtagtyň içinden habar berýän çeşmelerimiziň aýtmagyna görä, aklawçy we syýasat alymy G.Nurmuhamedow pikirdeş egindeşleri bilen garaşsyz partiýany döredip, şol döredilen partiýany hasaba aldyrmak üçin ençeme gezek synanyşdy. Şondan soň, derrew ýerli howpsuzlyk gulluklary tarapyndan birnäçe gezek "söhbetdeşlik üçin" çagyryldy. Nurmuhammedowyň partiýany bellige aldyrmakda goldaw soramak üçin, Aşgabatda işleýän halkara guramalaryna-da ýüz tutandygy mälimdir.

Türkmenistanly dissidentlere garşy öňe sürülýän aýyplamalar sebäpli birnäçe gezek çynlakaý tankytlara sezewar edildi. Halkara guramalar resmi Aşgabady demokratik özgertmelere başlamaga çagyrýar.

10-njy oktýabrda täzelenen maglumat. Nurmuhammedow tussag edilip Tejen etrabynda ýerleşýän LTP-ä iberilendigi belli boldy.

Ynsan haklary baradaTürkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

Параллельная конференция гражданского общества ОБСЕ 2023 г. в Северной Македонии, г. Скопье
Параллельная конференция гражданского общества ОБСЕ 2023 г. в Северной Македонии, г. Скопье
Azatlyk Radiosy   „Belli hukuk goraýjy Täjigül Begmedowa Türkiýeden deport edildi“
Azatlyk Radiosy „Belli hukuk goraýjy Täjigül Begmedowa Türkiýeden deport edildi“
YNSAN HAKLARYNY GORAÝJY TÄJIGÜL BEGMEDOWA TÜRKIÝEDEN DEPORT EDILDI. OŇA 5 ÝYL TÜRKIÝÄ GIRIŞI GADAGAN.
YNSAN HAKLARYNY GORAÝJY TÄJIGÜL BEGMEDOWA TÜRKIÝEDEN DEPORT EDILDI. OŇA 5 ÝYL TÜRKIÝÄ GIRIŞI...
Türkmenistanyň gümrükhanasy nämä "rugsat" berýär?/На что дает "добро" туркменская таможня.
Türkmenistanyň gümrükhanasy nämä "rugsat" berýär?/На что дает "добро" туркменская таможня.
 Azatlyk Radiosy  “Meni sem edip bilmezler”: Türkmen žurnalisti Ýewropa goýberilmezliginden soň
Azatlyk Radiosy “Meni sem edip bilmezler”: Türkmen žurnalisti Ýewropa goýberilmezliginden soň