Türkmen Helsinki Adam Hukuklary Gaznasy tarapyndan alnan maglumata görä, awgust aýynda Russiýadan deportasiýa edilen 51 ýaşly Aşyrbaý Bekiýew häzirki wagtda Türkmenistanyň gynançly meşhur Owadan-Depe türmesinde saklanýar. Çeşme iýmit we ýaşaýyş şertlerini “gaty erbet” diýip häsiýetlendirýär.
A.Bekiýew 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda galplaşdyrylan “Yslam ekstremizmi” işi sebäpli 23 ýyl azatlykdan mahrum edildi.
Ondan öň, Adam hukuklary “Memorial” merkezi Bekiýewiň 2007-nji ýyldan bäri Russiýada ýaşaýandygyny habar berdi. 2015-nji ýylda Türkmenistanyň häkimiýetleri ony "ekstremist" yglan edip halkara gözlenýänleriň sanawyna girizdi. 2016-njy ýylda Sankt-Peterburgda tussag edildi, ýöne Adam hukuklary boýunça Ýewropa kazyýetiniň ekstradisiýa gadaganlygy sebäpli bir ýyl soň boşadyldy. Şondan soň Aşyrbaý birnäçe gezek gaçybatalga sorady, ýöne Russiýanyň häkimiýetleri esassyz ýüz öwürdi. Geçen ýyl migrasiýa kanunlaryny bozandygy bahanasy bilen tussag edilipdi we Türkmenistana bikanun deportasiýa edilipdi.
Bekiýewiň tanyşlary ony adamkärçilikli we kanuna boýun egýän, radikalizme meýilli bolmadyk, dini ynançly musulman hökmünde häsiýetlendirýärler.
Şol bir iş bilen gözlenýän dogany Täçmyrat Bekiýew Sankt-Peterburgdaky tussaghanada saklanýar we ekstradisiýa edilmek barada Russiýanyň Baş prokuraturasynyň kararyna garaşýar.
Adam hukuklary barada Türkmen Helsinki Gaznasy