Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

2023 -nji ýylyň 20-nji iýunynda Türkiýe döwletiniň ynsan haklaryny goraýjylary Türkmenistanlylaryň Türkiýede çekýän kynçylyklary barada gürrüň etmek maksady bilen ýygnak geçirdiler

2023 -nji ýylyň 20-nji iýunynda Türkiýe döwletiniň ynsan haklaryny goraýjylary  Türkmenistanlylaryň Türkiýede çekýän kynçylyklary barada gürrüň etmek maksady bilen ýygnak geçirdiler

Döwlete degişli bolmadyk ynsan haklary guramasy Mazlumder bu çäräni gurnaýjy bolmak bilen, Mazlumderiň başlygynyň orunbasary Ali Öner, Özgürder ynsan haklaryny goraýjy guramasynyň başlygy Ridwan Kaýa, Hak Hukuga Daýanç derneginiň başlygy Dursoltan Taganowa, ynsan haklaryny goraýjy guramasy Türkmen Helsinki Gaznasynyň başlygy Täjigül Begmedowa, Türkiýe döwletiniň aklawjysy Mustafa Yaman, Adalat Demokratik Herekediniň raýat aktiwistleri Zarina Ahtýamowa, Alişer Sahatow we başgalar gatnaşdylar. Gatnaşanlar 20-nji iýunda Bütindünýä bosgunlar gününe bagyşlanyp dünýädäki bosgunlar meselesine üns çekilmegini islediler. Ýygnagyň esasy maksady Türkmenistanda hukuklaryň bozulmagy we türkmenleriň Türkiýede başdan geçiren kynçylyklary barada beýanat berdiler.

Söz sözlemek başlangyjy Özgürder ynsan haklaryny goraýjy guramanyň başlygynyň orunbasary Ridwan Kaýadan başlandy. Ridwan Kaýa öz gürrüňinde soňky ýyllaryň içinde dünýä ýüzünde göçmenleriň köpelmegi bilen, olaryň hak-hukuklarynyň köp halatlarda bozulýandygy barada giňişleýin gürrüň berdi. Şol sanda Türkmenistanyň halkynyň daşary ýurtlarda garşylaşyp gelýän kynçylyklaryna çözgüt tapmalydygy baradaky pikiri öňe sürdi. Türkmenistan watandaşlaryny Türkiýe döwletinde resmileşdirmek işi soňky wagtlaryň içinde uly synaglar we kynçylyklar bilen gurşaldy - diýip Ridwan Kaýa belledi.

Soňra söz gezegi Türkiýede ynsan haklaryny goraýjy Mazlumder guramasynyň başlygynyň orunbasary Ali Önere geçirildi:

- Türkmenistan eýýäm 30 ýyldyr dünýä ýurtlarynyň içinde halka edilýän basyşlar we özüniň ýapyklygy bilen tanalyp gelinýän ýurtlaryň biridir. Ýurdyň içinde kimdir biri baş galdyran halatynda döwlet resmileri tarapyndan yzarlanmalara, basyşlara we ýasama jenaýatyň ýöňkelmeginiň netijesinde tussag edilýär. Eden etdilikleri gizlemek üçin ýurdyň içinde internet döwletiň gözegçiliginde bolmak bilen, türkmen hökümetine makul bolmadyk ulgamlar we aragatnaşyk medialar petiklenendir.

Ýygnagyň dowamynda söz sözlemek gezegi Türkiýe döwletinde aklawjy wezipesinde işleýän Mustafa Ýamana söz berildi:

- Häzirki wagtda 5 million halky bolan döwletiň takmynan 2 milliony daşary ýurtda bolmagy elbetde haýran galdyryjydyr. Dünýäde gaz ýataklaryny eýelemekde 4-nji ýerde duran Türkmenistan döwletiniň hökümeti halkyny alada edýän bolsa, adamlar daşary ýurtlarda kynçylyklara sezewar bolup, horluk çekmezdiler. Türkmen halkynyň islegi häzirki günde olaryň nala sesleriniň eşidilmegi bolup durýar.

Söz gezegi Türkmenistanly aktiwist, bloger Alişer Sahatowa berildi. Alişer hem öz gezeginde şeýle diýdi:

- Meniň esasy ünsüňizi çekmek isleýän meseläm, türkmen watandaşlarynyň Türkiýe döwletinde pasportsyz kösenmegi bolup durýar. Türkmenistanda soňky ýyllaryň dowamynda erkin syýahat etmek hukuklarynyň barha kynlaşýanlygy zerarly we beýlekı problemalar sebäplı daşary ýurtdaky türkmen watandaşlary ýurda dolanmak islemeýärler. Türkmenistan hökümeti beýleki döwletler ýaly , gönüden-göni borçludygyna seretmezden ýurt daşyndaky watandaşlaryna wajyp bolan resminamalar bilen üpjün edenok . Türkmen watandaşlary pasportynyň ýoklugy sebäpli, bikanun ýagdaýda galyp, kynçylyklara uçraýarlar. Ýokarda belleýşim ýaly Türkmenistan hökümeti daşary ýurtdaky watandaşlaryna pasport bermäne borçly.

Emma muňa garamazdan Türkmenistan hökümeti öz çykaran we kabul eden kanunlaryny ýyllardyr ýerine ýetirenok. Netijede eziljek we gynaljak görgüli halk bolup durýar. 21- nji asyrda tehnikanyň we tehnologiýanyň ösen döwründe , millionlarça halkyň kösenmegi aýylganç bolup durýar. Daşary ýurtlarda öz halkyny bikanun ýagdaýda galmana sezewar edýän hökümetiň elinde biçäre halk ýyllar boýy kösenýär. Türk-men adynyň eýesi bolmak bilen , doganlyk watanymyz bolan Türkiýede bikanun ýagdaýda galmak , diýseň agyr gelýär....

Söz sözlemek gezegi zenan aktiwist Zarina Ahtýamowa berildi:

- Men 17 ýyldyr Türkiýe döwletinde ýaşamak bilen, 5 ýyldyr Türkiýe döwletiniň watandaşy bilen dini nikasy bilen durmuş gurýaryn. 2010-njy ýylda pasportymy ýitirdim. Düzgüne we talapnamalara laýyklykda Stambul şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň baş konsullygyna ençeme gezek ýüzlendim. "Näme üçin türke äre degdiň? Näme çagany men üçin dogduňmy?" - diýip konsullyk işgärleri igenýärler. Maňa pasport almak üçin Türkmenistana gitmegimiň hökamandygyny aýtdylar we diňe gitmek üçin möhüm bolan şahsyýetimi delillendirýän hat berdiler. Meniň Türkmenistana gitmäne ýagdaýym ýok. Sebäbi ol hat diňe men üçin berildi. Çagalarym Türkiýe döwletinde galmalydy. Men çagalarymy we maşgalamy taşlap gidip bilemok. Ýurda dönüp baran mahalym ýurtdan çykmak gadagançylygynyň giriziljegi bellidi. Şol sebäpli men gidip bilemok.Kömek soramak üçin Türkmenistanyň konsullygyna barsak, söz we fiziki zorluklara sezewar bolarys.

Bu gün men siziň öňüňizde ýeke, ýöne men Türkmenistanyň aýal-gyzlarynyň, eneleriniň we çagalarynyň, ejir çekenleeiñ müňlerçesiniň sesi bolup durýaryn. Biziň sesimizi eşidiň...

"Hak Kukuk Daýanç" guramasynyň başlygy Dursoltan Taganowa aýtdy:"Esasy problemamyz, Türkmenistanyň raýatlarynyň pasportlarynyň täzelenmezligi. Şol sebäpli müňlerçe adam lukmançylyk kömegini alyp bilmeýär. Keselhanalara baryp bilmeýär. Çagalar bilim alyp bilmeýärler. Köp adam bikanun işlemäge mejbur edilýär. Häzirki wagtda 4 320 çaga bilim almak hukugyndan mahrum edildi. Biziň Türkiýe hökümetine haýyşymyz - türkmen halkynyň sesini eşidiň. Türkmenistandan gelen bosgunlar sesleriniň eşidilmegini isleýärler".

Söz sözlemek gezegi ynsan haklary barada Türkmen Helsinki Gaznasynyň başlygy Täjigül Begmedowa berildi:

- Türkmenistandan gelen migrantlaryň kynçylyklary barada dymmak islemeýän her bir adama özümiň minnetdarlygymy bildirýärin. Türkmenistan hökümetiniň jogapkärçiliksizligi sebäpli başdan geçirilýän kynçylyklar barada dünýä has köp jar etmegimiz häzirki wagtda möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu ýygnagy gurnan ähli birleşmelere sagbolsunymy aýdýaryn. Türkiýedäki türkmenleriň meselesi Türkmenistanyň hökümetiniň jogapkärçiligi öz üstüne almaýandygy bilen baglanyşykly. Gynansagam, Türkmenistan hökümeti tarapyndan içerde we daşary ýurtlarda öz raýatlary barada alada etmeýändikleri ýagdaýy ýyllardyr dowam edýär. Meseleler ýönekeý bolsada, Türkmen hökümeti bu meseleleri ýyllar boýunça çözmeýärler we bu meseleler wagtynda çözülmese, wagtyň geçmegi bilen uly kynçylyklara öwrülip barýar. Türkmenistanyñ watandaşlary resminamalary hökümet tarapyndan wagtynda düzedilmeýänligi üçin saglyk, jemgyýetçilik we konstitutsion hukuklaryndan mahrum bolýarlar. Bu ýagdaý adamlara bikanun ýollara itergi berýär - diýip, T. Begmedowa belläp geçdi.

Mundan başga-da, ýerli guramalary ýene-de birnäce wajyp meseleleri galdyryp, bilelikde çözmäne çagyryş edyärin.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana...
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar