Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Balkanabatda ýapyk kazyýet işiniň netijesi bilen Allaberdiýew alty ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Balkanabatda ýapyk kazyýet işiniň netijesi bilen Allaberdiýew alty ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Balkanabatda 2020-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda 48 ýaşly aklawçy Pygambergeldi Allaberdiýewiň kazyýet işi geçirildi. Ýörite gulluklar bu meselä başgaça seredýärler. Ol “garagolluk” ýasama jenaýat esasynda alty ýyl azatlykdan mahrum edildi (has giňişleýin maglumat üçin 7-nji sentýabr, 10-njy sentýabr we 2020-nji ýylyň 28-nji sentýabryndaky metbugat habarlarymyzda seredip bilersiňiz). Kazyýet işi ýapyk ýagdaýda geçirildi. Kazyýet zalyna diňe garyndaşlaryna, şeýle hem resmi şaýatlarada girmäne rugsat berilmedi.

Pygambergeldi Allaberdiýewiň kazyýet işi 29-njy sentýabrda sagat 10-da Balkanabad şäher kazyýeti tarapyndan geçirildi. Irden günäkärlenýäniň garyndaşlary we dostlary kazyýet binasynyň golaýyna ýygnandylar, ýöne muňa seretmezden kazyýet işi günortan hem başlamady. Soňra kazyýet işiniň şol gün sizo-da geçiriljekdigi barada habar berildi.

Sagat 16 çenli 10 awtoulagda 30-dan gowrak garyndaşlary we dostlary Allaberdiýewiň saklanýan sizo binasynyň ýanyna geldiler. Derwezeden içeri girmäne diňe günäkärlenýäniň aýal doganyna we gyzyna rugsat berildi, ýöne ilkinji barlag nokadynda kazyýet işiniň ýapyk ýadaýda geçirilip, oňa gatnaşyp bilmejekdiklerini duýdurdylar. Ýöne kazyýet işinden soň olaraAllaberdiýewi görmek üçin mümkinçilik beriljekdigi habar berdiler.

"Iň bolmanda günäkärlenýäniň aýalyny kazyýet işine gatnaşmaga rugsat bermegini isledik, emma rugsat bermediler" -diýip şaýatlardan biri gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, kazyýet diňlenişigi iki sagat giç başlandy we sagat 6-dan 8-e çenli dowam etdi. Kazyýet zalynda näme bolany belli däl.

Kazyýet işine iki şaýat çagyryldy. 5-nji sentýabrda bolan waka wagtyndaky dükanyň işgäri we günäkärlenýäniň tanyşy. Olar kazyýet diňlenişigi gutarýança koridorda saklansalarda, kazyýetde görkezme bermäge çagyrylmady. Olaryň biri Allaberdiýewiň garyndaşlaryna Allaberdiýewiň hiç kimi urmandygyny, esasanam derňewçiniň hyýaly sebäpli jenaýat işinde ýok ýerden peýda bolan taýagy ýa-da tagtany ulanandygyny tassyklamaga taýýardygyny aýtdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, garyndaşlary bilen habarlaşan aklawçylaryň hemmesi "syýasat bile bagly " bolany üçin, bu işe gatnaşmakdan ýüz öwürdiler. Günäkärlenýän üçin aklawçy üpjün edilendigi ýa-da ýokdugy belli däl.

Höküm yglan edilenden soň, Allaberdiýewiň aýal dogany sizo çagyryldy we iki sekundyň içinde doganyny uzak aralykdan görüp galdy. Sizo-nyň daşyna ýygnananlar suddan öň Allaberdiýewiň kellesiniň syrylandygyny bilip, bu hadysany masgaraçylyk diýip kabul etdiler.

Resmiler kazyýet işiniň netijesini habar bermekden ýüz öwürdiler. Derňewçi Kummet Ylýasowdan çykarylan hökümi bilmek üçin garaşýan garyndaşlaryndan gorkup, başga bir çykyşdan gaçyp, öýüne gitdi. Sizo-nyň başlygy garyndaşlaryna: “Olaryň näme karar berendiklerini bilemok. Kazyýete gidiň we şol ýerden öwreniň "-diýdi.

Şaýatlaryň biri: “Biziň gaharymyz mitinge meňzeýärdi, göz öňüne getirip bilersiňizmi? Diňe kazyýet işiniň nähili gutarandygyny bilmek isledik. Adaty bir ýurtda beýle problema bolmazdy "-diýdi.

Şu gün kazyýet işgärleri Allaberdýewiň Jenaýat kodeksiniň 279-njy maddasy (garagollyk) we 108-nji maddasy esasynda (saglyga bilkastlaýyn zyýan ýetirmek) günäkärdigini we alty ýyl azatlykdan mahrum edilendigini habar berdiler. Talap hasaba alnandan soň, bäş günden gijä galman resmi jogap berjekdikleri barada söz berdiler.

Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, şu günler sebitde aragatnaşyk hiliniň düýpgöter erbetleşendigini, bu maglumatlaryň internet arkaly ýaýramagynyň mümkinçiligini çäklendirýändigini habar berdi.

Tajigül Begmedowa, Türkmen Helsinki Adam Hukuklary Gaznasy.

Witaliý Ponomarew,"Memorial" Adam hukuklary merkezi .

Iň soňky habarlar

«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
Ölüm bilen gutaran wakadan  1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
Ölüm bilen gutaran wakadan 1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat berildi – THF
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat...
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.