Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Aşgabat: Protest edýän ene-atalary polisiýa kowdy. Olar bilim ministrligine gitmekçi.

Aşgabat: Protest edýän ene-atalary polisiýa kowdy. Olar bilim  ministrligine gitmekçi.

Türkmenistanyň paýtagtynda ýerleşýän 64-nji ýöriteleşdirilen mekdebinde wakanyň dowamy bolup geçdi. Mekdebiň adminstrasiýasynyň çagyrmagy netijesinde, mekdebe 25 adamdan ybarat polisiýa işgäri, şäheriň häkimi, şeýlede bilim ministrliginiň ýokary wezipeli işgärleri geldi. Käbir beýleki maglumatlarda hut ministriň özi geldi diýilýär. Wezipeli adamlar mekdep müdiriniň otagynda, bolan waka çözgüt gözleýän mahaly, şol bir wagtyň özünde mekdebiň howlusyna ýygnanan ene-atalardyr, sebäpsiz işden boşadylan mugallymlar düşündiriş talap etdiler.

Wakanyň şaýady bolan adamlaryň aýtmaklaryna görä: " Olar gaty ses bilen gygyryp, gapylary döwdüler. Bilim ministrliginiň wekili we ýerli häkim daşaryk çykanda olara topuldylar. Polisiýa işgärleri üýşmeleňi gödek ýagdaýda dargatdy" - diýýärler.

Bize habar beren çeşmeleriň aýtmaklarna görä polisiýa eşigindäki işgärler üýşmeleňiň içinde telefona ýazga düşürjek bolýanlary gözegçilik edýärdiler.

Netijede 2 adamy tutup polisiýa uçastogyna iberdiler.

Adamlaryň hyjuwlanmagynyň ýene bir sebäbi, mugallymlaryň hem aglamagydy.

"Olar alaçsyzlykdan aglaýarşylar. Sebäbi olara özbaşdak özüňize iş tapyň. Nirede işleseňiz - şol ýerde işläň" - diýildi.

Şaýatlaryň aýtmagyna görä mekdebiň çägine müňe golaý adam ýygnanypdy. Olardan käbiri hepdäniň duşenbe güni bilim ministrligine protest etmek üçin gitmekçi.

Şu gün, ýagny okuw möwsüminiň dowam edip duran mahaly, paýtagtdaky 64-nji ýöriteleşdirilen mekdebiň rus dili bölüminde bilim alýan okuwçylaryň ene-atalaryna mekdepden çagalaryny resminamalary bilen birlikde almalydygy we başga mekdeplere okuw üçin ýerleşdirmelidigi barada duýduryş beripdi. Şu günden başlap rus dili sapagyndan bilim berýän mugallymlardyr, zawuçlar işinden boş.

Ene-atalaryň nägileliginiň güýjemegini esasy sebäpleriniň biride, her çaga 1000 - 2000 Amerikan dollary möçberinde her çaga üçin tölenipdi. Elbetde, ol pullary ene-atalara gaýtaryp bermek islemeýärler. Synp otaglary hyryn-dykyn doludy. Hatda käbir otaglarda 50 okuwça çenli ýerleşdirilýärdi. Ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, her synpda 15-20 okuwçy bolup, dersiň dowamlylygyny 25-30 minita düzmek göz öňünde tutulýar. Okuw 3-4 tapgyr okadylar.

Takmynan hasabata görä 1-nji synpdan 11-nji synp aralygynda bir ýarym müňe golaý okuwçy bar diýlip çak edilýär.

Biz bu hadysany üns merkezinde tutmagy dowam edaýäris.

turkmen.news

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy:  Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...