Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Meniň Türkmenistana gidip-gelişim. 1.

Meniň Türkmenistana gidip-gelişim.

Türkmenistan meniň ata-watanym, gidip-gelişim diýip ýat ýurda baryp gaýdan ýaly gürrüň bermek meniň ýüregimi agyrdýar....

Men 2018-nji ýyldan bäri Türkiýe döwletinde ýaşaýan türkmen migranty. Pandemiýa döwründe 2020-nji ýylda oglum boldu. Häzirki wagtda Türkmenistana gitmegimiň esasy sebäbi ogluma pasport almak boldy. Türkmenistana gitmek hekaýam Türkmenistan häkimýetleriniň pandemiýa sebäpli ýapan serhetleriniň açylmagyndan soňra başlady. Gitmegi niýet edenimden soňra Türkmenistanda ýokary wezipede işleýän tanyşym bilen aragatnaşyga geçdim. Türkmenistanda henize çenli korrupsiýa dowam edýändigini bilýärin we syýahatymyň päsgelçiliksiz geçmesi we gysga wagtda işlerimiň ýola goýulmagy üçin belli bir mukdar para garşylygynda (3500 ABŞ dollaryna) maňa howandarlyk etmegi üçin ylalaşdyk. Soňra uçar peteginiň gözlegi bilen dowam etdi. 2 ýyldan gowrak ýapylan ýollaryň açylmagy bilen ýakyndaky 2 aýdan öňrägine uçar petekleriniň ýokduguny anykladym. Türkiýäniň Türkmenistan awiakassalarynda petekleriň ýoklugy meniň gitmek höwesimi gaçyrdy, emma biraz wagtdan soňra käbir adamlaryň islän gününe uçar petegini tapýandyklaryny öwrendim. Seredip otursam, internet ugamlarynda ol adamlar aç-açan uçar peteklerini islendik güne tapyp berýändikleri barada bildiriş berýän ekenler. Bildirişdäki telefon nomere salgylanyp 405 ABŞ dollaryndan satylýan petegi 600 ABŞ dollaryna islän günüme satyn aldym, we diňe meniň üçin däl oglum üçin hem aýratyn bir petek almaly boldum.

4 ýyldan soňra ilkinji gezek Watanyma gitmek meni diýseň tolgundyrýardy. Şol köp garaşylan gün gelip ýetdi, sag aman Türkmenistana gittik. Entek awiaýollaryň doly ýola goýulmandygy sebäpli halkara gatnawlar welaýatlardan amala aşyrylýardy. Onuň üçin uçar Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine gondy. Uçardan düşen badymyza COVID testini tabşyrmak boldy. Türkmenbaşy şäheriniň howa menzilinde pul çalyşma nokady ýa-da kiçiräk garbanar ýaly kafeler zatlar ýokdy, iň bärkisi telefon simkartlary satylýan nokatlar hem ýokdy, menzil diýseň pes şertlerdedi. Ýanymyzdaky beýleki ýolagçylardan sorap idäp test üçin tölege 2 adam üçin 280 manat pul tapdyk. Gelenimizi habar bermek üçin 3-5 adamdan telefonlaryndan jaň etmegi haýyş edip ýakynlarymyza habar berdik. Test tabşyrlandan soňra 3 sagatdan netijesiniň taýyn boljagyny aýtdylar. Bu 3 sagadyň içinde aç-suwsyz dymyk, howasyz menzilde gaty kösendik. Birnäçe wagtdan soň garbak-gurbak satýan bir araba geldi. Çagam gaty aç bolany üçin bir zatlar satyn aldym, endik bolşuna görä ilki bilen iýmitiň ýarawlylyk möhletine seretdim, seredip otursam alan zatlarymyň ählisiniň möhleti geçen zatlar. Gaty gaharym geldi, soňra biraz uzakda duran resmi eşikli adama gözüm düşdi we sorag berdim: “Bagyşlaň welin bärisi nähili howa menzili? Iýer-içer ýaly ýer ýokmy? Satylýan zatlar taryhy geçen zatlar, menzilde dem alar ýer ýok....” Resmi eşikli adam gülümsiräp: “Indiki gelýänçäň ýagdaýy düzederis, häzirlikçe bar bolan ýagdaý bilen günüňi görüber” diýip jigap berdi. Içimiň ýangyjyna näme jogap berjegimi bilmän doňup galdym. 3 sagatdan taýyn boljak testleriň jogaby 4 sagat geçdi we entegem belli jogap aýtmadylar, we gelen ýolagçylar henizem howa menziliň dymyk bölüminden mal saklanan ýaly saklanýardylar. Şol gün gije sagat 21-00-da Aşgabada uçarymyz bardy, az wagtdan uçara münmek üçin registrasiýa başlaýardy, we bu ýagdaýda uçara ýetişmegimiz mümkin däldi. Görüp otursak ýolagçylaryň aglabasy ol uçara münmeli ekenler, şonuň üçin uçagy 1 sagat yza süýşürdiler, bu birazajyk bizi rahatlandyrdy. Ýöne näme üçin test alanlaryna hiç hili düşünip bilmän galdym, sebäbi biz şonsuzam Türkiýeden uçmadan öň test tabşyrypdyk. Ýa-da howada ýene-de kesel ýokuşaýdymyka bize? Buda aýratyn bir geň galdyryjy waka!

Nämede bolsa sag aman Aşgabada geldik, pasport barlagyndan geçenimizden soň taksi bilen obamyza geldik. Sag-aman gelenimizi aýtmak üçin eden tagallalarym puja çykdy. Internet ulgamy düýbünden işlänok, aňyrda ýörgünli IMO gepleşik ulgamy internetiň pesligi sebäpli bary-ýogy belli däl. Tanyşlarym eger telefona VPN programmasyny ýükleseň onda bir hal internetiň işlejekdigini aýtdylar, derrew ugruna çykdym, 600 manada VPN ýükledim, ýöne olam obada netije bermedi. Ýene-de şäherde biraz salym işledi. We diňe şähere gelen wagtym öýum bilen habarlaşyp bildim.

Gepleşilen tanyşymyň gönükdirmesi bilen işlerimiň ugruna çykmaga başladym, sebäbi ilki bilen pasport işlerimi düzedip soňra dogan-garyndaşlaryma myhmançylyklara gitjekdim. Oba arçynlykda çagamy hasaba goýup Forma-3, ýagny ýaşaýan ýeri barada kepilnama almaga gitdim. Sagat gündiz 11-de arçynlyga bardym ýöne arçynlyk eýýäm öýlän arakesmesine çykypdyr, gapysynda bolsa öýlän arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli diýip ýazylgy, sorap idäp kepilnama ýazyp berýän işgäriň telefon nomerini tapdym we jaň etdim. “Salam, ýeriňize haçan geljeksiňiz, kepilnama almana geldim”. Telefonuň aňry ujundaky adam gaharly ses bilen:” Dogan, öýlän arakesmä çykdym, sagat 3-de barjak iş ýerime”. Ýene-de doňup galdym, hiç hili jogapkärçilik ýok bu adamlarda. Haýran galaýmaly..... Soňunda işgär geldi, aldym kepilamamy.

Aýdylan resminamalary toplap ertesi gün welaýat migrasiýa bölümine tabşyramaga gitdim. Elbet-de, öňden duýdurylany üçin migrasiýada hiç-hili bökdençlik görkezmedi, we maňa oglumyň pasportynyň 2 hepdeden taýyn boljagyny duýdurdylar.

Dowamy bar…

Iň soňky habarlar

«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
Ölüm bilen gutaran wakadan  1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
Ölüm bilen gutaran wakadan 1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat berildi – THF
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat...
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.